SÖHBETDEŞLIK | ANTONIO DELLA GATTA
Katolik dininden ýüz öwren ruhany
ANTONIO DELLA GATTA Rimde dokuz ýyl okaýar we 1969-njy ýylda ruhany bolýar. Soňra ol Italiýadaky Neapol şäheriniň golaýyndaky dini mekdebiň müdiri edip bellenýär. Şol ýerde birnäçe ýyllap gowy gözleg geçirip, katolik dininiň öwredýän zatlarynyň Mukaddes Kitaba esaslanmaýandygyna göz ýetirýär. Ol Hudaý barada hakykaty nädip bilendigini «Oýanyň!» žurnalynyň habarçysyna gürrüň berýär.
Çagalyk ýyllaryňyz barada gürrüň berseňiz.
Men 1943-nji ýylda Italiýada dünýä indim. Biz ýedi çagadyk, üç gyz bilen dört oglandyk. Biz kiçijik obada ýaşaýardyk. Kakam maldarçylyk bilen meşgullanýardy hem-de agaç ussasydy. Ene-atam katolik dinine uýýardy, bizi-de hudaýhon adam edip ýetişdirdiler.
Näme üçin siziň ruhany bolasyňyz geldi?
Çagakam buthanadaky ruhanylary diňlemegi gowy görýärdim. Men olaryň çykyş edişlerine höwes edýärdim. Şeýle-de däp-dessurlaryň berjaý edilişini halaýardym. Şonuň üçinem ruhany bolmagy arzuw edip başladym. 13 ýaşymdakam, ejem meni oglanlaryň dini mekdebine saldy. Ol ýerde ruhany bolmagy öwredýärdiler.
Şol mekdepde Mukaddes Kitaby öwredýärdilermi?
Umuman, ýok diýsemem boljak. 15 ýaşymda bir mugallymym Isa pygamberiň ömri we wagzy baradaky Injil kitabyny berdi. Men ony birnäçe gezek okadym. 18 ýaşymda bolsa, Rime okuwa gitdim. Men Rim papasynyň ýolbaşçylygyndaky üç dini uniwersiteti gutardym. Ol ýerde latyn, grek dillerini, taryhy, filosofiýany, psihologiýany hem öwrendim. Mukaddes Kitapdaky aýatlary näçe gaýtalasagam, her ýekşenbe güni buthanada okalýan aýatlary diňlesegem, Hudaýyň Sözüni giňişleýin öwrenmeýärdik.
Siz müdir bolanyňyzda, sapak berýärdiňizmi?
Men esasanam mekdebiň işlerine gözegçilik edýärdim. Ýöne käte Ikinji Watikan maslahatynyň çykaran kararlary boýunça sapak berýärdim.
Näme üçin diniňiziň dogrudygyna şübhelenip başladyňyz?
Muňa üç zat sebäp boldy. Birinjiden, dinim syýasata goşulýardy. Ikinjiden, ruhanylaryňam, buthana gelýänleriňem edýän erbet işlerine göz ýumulýardy. Üçünjiden, Hudaý barada ýalan zatlar öwredilýärdi. Men şu zatlar hakda oýlanýardym: «Heý-de, rehimdar Hudaý adam ölensoň, ony dowzah odunda ebedi gynarmy? Hudaý biziň tesbi sanap, şol bir zat hakda ýüzlerçe gezek gaýtalap, doga-dileg etmegimizi isleýärmi?» *
Onsoň näme etdiňiz?
Men: «Dogry ýoly görkez» diýip, aglap Hudaýa dileg etdim. Şol wagtlar men katolik dininiň çykaran «Iýerusalim Mukaddes Kitabyny» satyn alyp, okap başladym. Ol şol wagt italýan dilinde birinji gezek çap edilipdi. Bir gezek şenbe güni buthanada dini däp-dessurlary berjaý edip bolamsoň, ýanyma iki adam geldi. Olar Ýehowanyň Şaýatlary eken. Biz bir sagatdan köpräk Mukaddes Kitap hem-de hakyky dini nädip tanap bolýandygy barada gürrüň etdik.
Şol gürrüňdeşlikde sizi näme has-da haýran galdyrdy?
Ilki bilen, meni haýran galdyran zat, olar ynamly jogap berýärdi we meniň öz Mukaddes Kitabymdan aýatlary derrew tapýardylar. Soňra Mario diýen Ýehowanyň Şaýady menden habar tutup başlady. Ol sabyrlydy hem-de geljek diýen wagty gelýärdi. Meselem, her şenbe güni howa nähili bolaýanda-da, sagat göni dokuzda gapym kakylýardy.
Ruhanylar Şaýatlar bilen gatnaşýandygyňyza nähili garadylar?
Men olary hem söhbetdeşligimize çagyrýardym, ýöne hiç biriniň Mukaddes Kitap barada öwrenesi gelmedi. Emma men öwrenmegimi dowam etdim. Men köpden bäri bilmän ýörän soraglaryma jogap tapdym. Meselem, Hudaýyň näme üçin erbetlige hem-de kynçylyklara ýol berýändigini bildim.
Uly ruhanylar garşy çykdylarmy?
1975-nji ýylda garaýşymy düşündirmek üçin birnäçe sapar Rime gitdim. Ýöne ol ýerdäki uly ruhanylar meni Ýehowanyň Şaýatlarynyň dininiň ýalandygyna ynandyrjak boldular. Emma olaryň hiç biri Mukaddes Kitabyň gatyny hem açmady. Ahyry, 1976-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda men katolik dininden ýüz öwürýändigim hakda Rime hat ýazdym. Şondan iki gün geçensoň, dini mekdepden çykyp gaýtdym we otla münüp, ilkinji gezek Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna gitdim. Şol gün kongres geçirilýän eken. Ol ýerdäkiler buthanadakylardan ýer bilen gök ýaly tapawutlanýardylar. Olaryň hersiniň öz Mukaddes Kitaby bardy we nutuk bilen çykyş edýänler bilen deň hatarda aýatlary açyp okaýardylar.
Diniňizi üýtgedeniňize maşgalaňyz nähili garady?
Olaryň köpüsi güýçli garşy çykdy. Ýöne Italiýanyň demirgazygyndaky Lombardiýa şäherinde ýaşaýan inimiň Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýändigini eşitdim we ony görmäge gitdim. Şol ýerdäki Şaýatlar maňa iş hem-de ýaşamaga ýer tapmaga kömek etdiler. Birnäçe aýdan soň, suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum.
Men indi hak Hudaýy tanaýaryn
Gelen kararyňyza ökünýärsiňizmi?
Birjigem ökünemok! Men indi Hudaý barada hakykaty bilýärin. Sebäbi öwrenýän zatlarym buthanada öwredilýän boş gürrüňlere ýa-da filosofiýa däl-de, Mukaddes Kitaba esaslanýar. Men indi adamlara ak ýürekden, ynam bilen öwredýärin.
^ par. 13 Şuňa meňzeş başga-da soraglaryň jogabyny Mukaddes Kitapdan tapyp bolýar. TAGLYMATLAR > MUKADDES KITABA DEGIŞLI SORAGLARYŇ JOGABY bölümine giriň.