Esasy materiala geçiň

MAŞGALALARA KÖMEK | ENE—ATALAR ÜÇIN

Çagalara jynsy gatnaşyk barada öwretmek üçin maslahatlar

Çagalara jynsy gatnaşyk barada öwretmek üçin maslahatlar

KYNÇYLYK

Öňler çagalar jynsy gatnaşyk hakda, ilki, ene-atasyndan eşidýärdi. Ene-atalar çagalarynyň ýaşyny we ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýuwaş-ýuwaşdan jynsy gatnaşyk barada dogry bilim berip bilýärdiler.

Emma häzir beýle däl. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Häzir çagalaryň görýän we eşidýän zatlarynyň köpüsi diýen ýaly, olaryň ýaşyna görä däl. Olar entek agy-garany saýgarmanka, jynsy gatnaşyk barada görüp ýa-da eşidip başlaýarlar» («The Lolita Effect»). Habar beriş serişdeleriniň üýtgemegi çagalara dogry bilim berermi ýa-da zyýan ýetirer?

NÄMÄNI BILMELI?

Dünýä ahlaksyzlykdan doldy. Debora Rofman atly bir hünärmen «Ilki maňa aýt» diýen kitabynda şeýle ýazýar: «Şu günler reklamalarda, filmlerde, kitaplarda, telegepleşiklerde, oýunlarda, plakatlarda, telefonyň ýa-da kompýuteriň ýüzünde ahlaksyz zatlar gözkezilýär. Hatda käbir aýdymlary diňläniňde, hatlary okanyňda ýa-da adamlaryň kakdyryp aýdýan sözlerini eşideniňde ahlaksyz zatlar göz öňüňe gelýär. Şonuň üçin ýetginjekler, çagalar, ondan kiçilerem jynsy gatnaşygyň nämedigine doly düşünmeselerem... durmuşyň gyzygy diňe şonda ýaly garaýarlar».

Reklamanyň zyýany. Şu günler çagalar üçin dar hem açyk egin-eşikler çykarýarlar we satýarlar. Şeýdip çagalarda kiçiliginden özüne çekiji görünmek islegi ösüp başlaýar. Bir kitapda: «Reklama edýänler we söwdagärler ýaşlaryň gowşak taraplaryny, ýagny deň-duşlaryndan galmajak bolýandygyny bilip, ondan peýdalanýarlar. Elbetde, olaryň maksady çagalary azdyrmak däl-de, harydyny geçirmek, ýöne olar şeýdip, çagalara uly zyýan ýetirýär» diýilýär («So Sexy So Soon»).

Diňe bileni ýeterlik däl. Ulagyň nähili işleýändigini bileniň bilen ökde sürüji bolmaýarsyň. Edil şonuň ýaly, çagalaryňam jynsy gatnaşyk barada diňe bileni ýeterlik däl, olara dogry karara gelmegi hem öwretmeli.

Netijesi: Şu günler çagalara «ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge» kömek eder ýaly, has köp üns berip, dogry hereket etmegi öwretmeli (Ýewreýler 5:14).

NÄME ETMELI?

Borjuňyzy ediň. Nähili kyn hem bolsa, çagaňyz bilen jynsy gatnaşyk barada gepleşiň. Öz jogapkärçiligiňizi başga biriniň üstüne atmaň. Prinsip: Nakyllar 22:6.

Pikir alşyň. Çagaňyz bilen jynsy gatnaşyk barada ýörite oturyp gürrüň etmelidir öýtmäň. Ol pikirini çekinmän aýdar ýaly, ulagda barýarkaňyz ýa-da öýüň işlerini edeniňizde gürrüň edip bilersiňiz. Çagaňyza: «Şu reklamanyň nämesini gowy görýäň?» diýmegiň deregine, «Näme üçin söwdagärler harytlaryny şeýdip reklama edýärkäler?» diýip sorap bilersiňiz. Ol pikirini aýdansoň: «Adamlara şeýle reklamalaryň täsir edýändigini senem görýäňmi?» diýip soraň. Prinsip: 5 Musa 6:6, 7.

Ýaşyna görä öwrediň. Çagaňyz dört-bäş ýaşynda bolsa, ony çaga zorlaýan adamlardan goramak üçin jyns agzalarynyň nähili atlandyrylýandygyny öwredip bilersiňiz. Biraz ulalansoň, olara çaganyň nädip döreýändigi hakda umumy gürrüň berip bilersiňiz. Ýetginjeklik döwrüne ýeten çagaňyza bolsa, jynsy gatnaşyk barada giňişleýin düşündirip, dogry bilim beriň.

Ahlak kadalaryna garaýşyňyzy aýdyň. Çagaňyza kiçiliginden sylaşykly bolmagy we hiç zady gizlemän dogrusyny aýtmagy öwrediň. Şeýtseňiz, olar ulalanda-da jynsy gatnaşyk barada gürrüň edeniňizde hiç zady gizlemän aýdar. Hudaýyň ahlak kadalaryny gymmat saýýandygyňyzy, maşgala gurman jynsy gatnaşykda bolmagy Hudaýyň halamaýandygyny aýdyň. Onuň nädogrudygyny, gowy zadyň üstünden eltmeýändigini düşündiriň. Bir kitapda: «Köplenç maşgala gurman jynsy gatnaşyk etmegi ýigrenýän ene-atalaryň çagalary şol zatlardan gaça durýarlar» diýilýär («Beyond the Big Talk»).

Çagaňyza görelde boluň. Çaga, ilki, ene-atadan görelde alýar. Şonuň üçin aýdýan zatlaryňyzy özüňizem ediň. Eger-de ahlaksyz degişmeleri aýdanlarynda gülseňiz, özüne çekiji egin-eşikleri geýseňiz, başga biri bilen näz-kereşme etseňiz, çagaňyza öwredýän zatlaryňyz biderek bolar. Prinsip: Rimliler 2:21.

Erbet zat ýaly görkezmäň. Ýehowa är-aýala jynsy gatnaşyk etmek islegini berdi. Olar maşgala durmuşyndan lezzet alyp bilýär (Nakyllar 5:18, 19). Çagalaryňyza durmuş gurman jynsy gatnaşykda bolmagyň köp kynçylyklaryň üstünden eltýändigini aýdyň. Wagty gelende olaryňam durmuş gurup, maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alyp biljekdigini düşündiriň (1 Timoteos 1:18, 19).