Esasy materiala geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýehowanyň Şaýatlary ganyň esasy fraksiýalaryny ulanýarmy?

Şu soragyň jogaby 2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndan alyndy.

Ýehowanyň Şaýatlary hiç haçan gan goýbertmeýärler. Hudaýyň gan baradaky tabşyrygy adamlaryň garaýşyna görä üýtgäp durmaýar. Ýöne şu günler ganyň esasy dört bölegi we fraksiýalary babatda her dürli soraglar ýüze çykýar. Mesihçi belli karara gelmeli bolanda onuň peýdasy we zyýany hakda oýlanmaly. Ol, ilki bilen, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny we Gudratygüýçli Hudaý bilen dostlugyny göz öňünde tutmaly.

Geliň, gadymy, taryhy we ylmy subutnamalara seredeliň.

Ýehowa Hudaý geçmişde Nuh pygambere gana çynlakaý garamagy tabşyrdy (1 Musa 9:3, 4). Soňra ysraýyllara berlen kanunda-da gan mukaddes hasaplanýardy. Hudaý olara şeýle diýdi: «Ysraýyllaryň we gelmişekleriň biri gan iýse, ondan ýüz öwrerin». Kanuny äsgermezlik edýän adam başgalara erbet täsir edýärdi, şonuň üçin Hudaý ony «halkyň arasyndan ýok ederin» diýdi (3 Musa 17:10). I asyrda Iýerusalime ýygnanan resullar bilen ýaşulularam: «Gandan gaça duruň» diýdiler, sebäbi olar ahlaksyzlyk, butparazlyk ýaly, gandanam gaça durmagyň wajypdygyna düşündiler (Resullar 15:28, 29).

I asyrda mesihçiler nädip «gandan... gaça durdular»? Olar ýaňy çykarylan gany, gan goşulan iýmitleri we gany çykarylmadyk malyň etini, şeýle-de ganly şöhlatlary (kolbasalary) iýmeýärdiler. Olaryň ählisi Hudaýyň gan baradaky kanunyna garşy gelýärdi (1 Şamuwel 14:32, 33).

II, III asyrlarda ýaşan Tertullianyň aýtmagyna görä, köp adamlar gandan gaça durmaýardylar. Gadymy döwürde mesihçilere: «Olar gan içýär» diýip töhmet atýardylar. Ýöne käbir taýpalar aýdan sözüni bir owurt gan içip tassyklapdyr. Şeýle-de üsti açyk teatrlarda oýun görkezilende garaguş keselli adamlar sagalmak üçin günäkäriň ganyny içýärdi.

Şeýle zatlary käbir rimlilerem saglygyna peýdaly diýip edýärdiler, ýöne Tertullian: «Mesihçiler hatda berhiz tutanda haýwanlaryň ganyny hem iýmeýär» diýip ýazýar. Rimliler mesihçileriň imanyny synamak üçin ganly iýmitleri iýdirjek bolýardy. Ýöne Tertullian şeýle ýazýar: «Oýlanyp görüň, haýwanyň ganyny iýmeýän mesihçi, heý-de, adamyň ganyny içermi?»

Şu günler köp adamlar gan goýbertmeli bolanda Gudratygüýçli Hudaýyň kanunyna eýermelidir öýtmeýärler. Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlarynyňam ölesi gelmeýär, ýöne olar Hudaýyň gan baradaky tabşyrygyna gulak asýarlar. Olar bejergi almaly bolanda näme edýärler?

Gan goýbertmek Ikinji jahan urşundan soň medisinada giňden ýaýrady. Ýehowanyň Şaýatlary öňem, häzirem onuň Hudaýyň tabşyrygyna garşy gelýändigine düşünýär. Ýöne häzir medisina ösdi. Şu günler ganyň özüni däl-de, esasy 4 böleginden, ýagny eritrositlerden, leýkositlerden, trombositlerden ýa-da plazmadan birini goýberýärler. Lukmanlar hassanyň ýagdaýyna görä, ganyň haýsy bölegini goýbermelidigini çözýärler. Ganyň bir bölejigini hem birnäçe hassalara ulanyp bolýar. Ýehowanyň Şaýatlary gany ýa-da onuň dört bölegini goýbertmegiň Hudaýyň kanunyna garşy gelýändigini bilýärler. Mukaddes Kitapdaky gan baradaky tabşyryk olary köp howply ýagdaýlardan, esasanam, gan arkaly geçýän gepatitlerden we AIDS keselinden goraýar.

Medisinada ganyň esasy dört böleginiň üstünde işläp, ondan fraksiýalary alýarlar. Şol fraksiýalar nädip ulanylýar? Mesihçi olary almak islese nämeleri göz öňünde tutmaly?

Ganyň düzümi örän çylşyrymly. Plazma 90% suwdan ybarat bolsa-da, onda ençeme garmonlar, organiki däl duzlar, fermentler, ýokumly maddalar, minerallar we şeker bar. Şeýle-de onuň düzüminde albumin ýaly beloklar, gan lagtalanmasynyň faktorlary we kesele garşy göreşmäge kömek edýän beloklar (antitela) bar. Plazmanyň düzümindäki beloklaryň köp peýdasy bar. Meselem, gan lagtalanmasynyň VIII faktory gemofiliýany (ýokary ganaýjylygy) bejermek üçin ulanylýar. Adamda howply keseliň alamaty bar bolsa, köplenç lukmanlar oňa düzüminde şol kesele garşy göreşijilik ukyby bolan adamyň ganynyň plazmasyndan alnan gammoglobulin erginini goýberýärler. Lukmançylykda plazmanyň beýleki beloklary hem ulanylýar. Diýmek, ganyň esasy bölegindenem (plazmadan) birnäçe fraksiýalar alynýar *.

Plazmadan dürli fraksiýalaryň alnyşy ýaly, ganyň beýleki üç böleginden hem (eritrositlerden, leýkositlerden, trombositlerden) dürli fraksiýalar (has kiçi bölejikler) alynýar. Meselem, leýkositlerden interferonlar we interleýkinler alynýar. Olar wiruslaryň we ölüm howply keselleriň öňüni almak üçin ulanylýar. Trombositlerden bolsa ýaranyň bitmegine kömek edýän faktorlar alynýar. Şeýle-de düzüminde ganyň fraksiýalary bolan başga-da derman serişdeleri bar. Şeýle bejergilerde hassa ganyň esasy dört bölegi däl-de, onuň fraksiýalary ýa-da has kiçi bölejikleri goýberilýär. Mesihçiler şeýle bejergileri alýarlarmy? Mukaddes Kitapda bu babatda anyk görkezme berilmeýär, muny her kimiň özi çözýär.

Käbirleri gany, hatda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýan fraksiýalary hem almaýarlar. Olar gandan gaça durmagyň wajypdygyna düşünýärler, sebäbi Hudaý ysraýyllara beren kanunynda haýwanlaryň ganyny «ýere döküň» diýipdi (5 Musa 12:22—24). Şu tabşyryga eýermek näme üçin wajyp? Gammaglobulin erginini, gan lagtalanmasynyň faktorlaryny we beýleki fraksiýalary taýýarlanlarynda gany ýygnap, soňra onuň üstünde işleýärler. Käbir mesihçiler gany ýa-da onuň dört bölegini almakdan ýüz öwürişi ýaly, şol fraksiýalardan hem ýüz öwürýärler. Biz olaryň gelen kararyna hormat goýmaly.

Käbir mesihçileriň bolsa şeýle bejergileri almaga ynsaby çatýar. Elbetde, olaram gany ýa-da eritrositleri, leýkositleri, trombositleri we plazmany goýbertmeýärler. Ýöne lukman bilen maslahatlaşyp ganyň esasy dört böleginden taýýarlanan fraksiýalary almak kararyna gelip biler. Hatda fraksiýalar meselesinde-de her kimiň gelen karary meňzeş bolmaz. Aýdaly, bir mesihçi gammaglobulin erginini almaga razylaşsa-da, eritrositlerden ýa-da leýkositlerden taýýarlanan ergini alman biler. Ýöne mesihçi ganyň fraksiýalary ulanylýan bejergini almak islese nämeleri göz öňünde tutmaly?

1990-njy ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Okyjylaryň sowallarynda» göwreli aýalyň ganynyň plazmasyndaky beloklaryň (fraksiýalaryň) çaganyň ganyna geçýändigi aýdylýar. Şeýdip, eneden çaga immunoglobulin geçýär, ýagny çagada sagdyn ösmäge kömek edýän immunitet döreýär. Çaganyň ganyndaky eritrositleriň ýaşaýşy tamamlananda, howa saklaýan bölekler işläp başlaýar. Soňra olaryň käbiri bilirubine öwrülip, enä geçýär we onuň bedeninden çykyp gidýär. Ganyň fraksiýalarynyň bir adamdan beýleki adama tebigy ýagdaýda geçýändigi üçin käbir mesihçiler plazmanyň, eritrositleriň ýa-da leýkositleriň fraksiýalaryny almaga razylaşýarlar.

Ganyň fraksiýalary babatda gelinýän karar her kimiň garaýşyna ýa-da ynsabyna bagly bolsa şol meseläni orta atmak hökmanmy? Elbetde, sebäbi gan meselesine çynlakaý garamaly. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary gandan ýa-da onuň esasy dört böleginden gaça durýar. Mukaddes Kitapda «butlara berlen sadakalardan, gandan... ahlaksyzlykdan gaça duruň» diýilýär (Resullar 15:29). Ýöne ganyň fraksiýalaryny almak babatda her mesihçi doga edip, oýlanyp, ynsabyna görä karara gelmeli.

Köp adamlar haýyr tapjak bolup islendik bejergini almaga razylaşýarlar. Olar janyna howp salýan bejergileri, hatda gandan taýýarlanan däri-dermanlary hem alýarlar. Emma Hudaýy razy etmek isleýän mesihçi diňe bir saglygy hakda däl-de, hemmetaraplaýyn oýlanyp, karara gelýär. Berilýän bejergileriň peýdaly hem howply tarapy bolsa-da, Ýehowanyň Şaýatlary lukmanlaryň kömek edesi gelýändigine düşünýärler. Ýöne gandan taýýarlanan dermanlary almaly bolanda, olar Ýaşaýşyň Gözbaşy Hudaý bilen dostlugy hakda oýlanýarlar. Oňa zyýan ýetmegini islemeýärler (Zebur 36:9).

Mezmurçy ýaly, mesihçilerem ynam bilen: «Ýehowa Hudaýym güneşimdir, galkanymdyr, maňa bereket berýär, abraýymy artdyrýar. Ýehowa wepaly ynsandan ýagşylygyny gaýgyrýan däldir. Serkerdebaşy Ýehowa, saňa bil baglaýan adam nähili bagtly!» diýýärler (Zebur 84:11, 12).

[Çykgyt]

^ par. 13 1978-nji ýylyň 15-nji iýunynda we 1994-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Okyjylaryň sowallaryna» serediň. Derman kärhanalary düzüminde gan bolmadyk we ganyň fraksiýalaryna derek ulanyp bolýan himiki derman serişdelerini öndürdiler.

[Çarçuwa]

LUKMANDAN NÄMELERI SORAP BOLAR?

Eger operasiýa etmeli bolsa ýa-da gan bilen bagly bejergi berseler:

Nähili ýagdaý bolaýanda-da, lukmanlar maňa Ýehowanyň Şaýady hökmünde gany, eritrositleri, leýkositleri, trombositleri ýa-da plazmany guýmaly däldigini bilýärmi?

Eger ganyň plazmasyndan, eritrositlerden, leýkositlerden ýa-da trombositlerden taýýarlanan dermanlary almak islesem:

Ganyň fraksiýalaryndan taýýarlanan dermanlar hödürlense, onuň düzümi nämeden ybarat?

Dermany näçe mukdarda we nähili görnüşde almaly bolaryn?

Dermany almaga ynsabym çatsa, onuň howply taraplary bolup bilermi?

Dermany almaga ynsabym çatmasa, başga nähili bejergiler bar?

Şu zatlary anyklap, soňra gelen kararymy aýdyp bilerinmi?