Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär
Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär
Çagalygyndan söýgä, mähre zar bolan aýal nädip bagtly ýaşap başlady? Ganygyzma we hökümete garşy çykýan gozgalaňçy ýigit nädip hudaýhon adam boldy? Geliň, olaryň beren gürrüňini okalyň.
«Men söýgä, mähre zardym». INNA LEŽNINA
DOGLAN ÝYLY: 1981
DOGLAN ÝERI: RUSSIÝA
GEÇMIŞI: ÇAGALYGY GOWY GEÇMEÝÄR
ÖŇKI DURMUŞYM. Ene-atam laldy, menem lal bolup doguldym. Alty ýaşyma çenli çagalygym gowy geçdi. Ýöne soň enem-atam aýrylyşdy. Ýaş bolsam-da, aýrylyşmagyň nämedigini bilýärdim, maňa gaty agyr degdi. Şonda ejem meni alyp, Çelýabinsk şäherine göçdi. Uly doganym bolsa kakam bilen Troisk şäherinde galdy. Birnäçe wagt geçensoň, ejem başga bir adama durmuşa çykdy. Ol arakhordy, şonuň üçin ejem ikimizi köp urýardy.
1993-nji ýylda uly doganym gark bolup, aradan çykdy. Onuň ölümi ählimize agyr degdi, sebäbi hemmämiz ony gowy görýärdik. Şondan soň ejemem içip başlady, ol hem öweý kakam ýaly meni urýardy. Men söýgä, mähre zardym. Hemme adamlar ýaly gowy ýaşasym gelýärdi. Şonuň üçin dürli buthanalara gatnap başladym, ýöne hiç zat tapmadym.
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. 13 ýaşymdakam, klasdaşym Mukaddes Kitapdan gyzykly wakalary gürrüň berdi. Ol Ýehowanyň Şaýadydy. Men Mukaddes Kitapdan Nuh, Eýýup barada okamagy gowy görýärdim, sebäbi olar kynçylyklara garamazdan Hudaýa gulluk edipdirler. Tizden menem Ýehowanyň Şaýatlary bilen sapak geçip, olaryň ýygnaklaryna gatnap başladym.
Mukaddes Kitapdan köp gowy zatlary bildim. Hudaýyň hem adynyň bardygyny bilip, haýran galdym (Zebur 83:18). Maňa Mukaddes Kitapdaky soňky günler baradaky pygamberlikleriň ýerini ýetişi hasam täsir etdi (2 Timoteos 3:1—5). Direlişiň boljakdygyny bilenimde, doganymy ýene-de görüp biljekdigime hasam begendim (Ýahýa 5:28, 29).
Ýöne öýümizdäkiler Mukaddes Kitaby öwrenýändigimi halamadylar, sebäbi ejem bilen öweý kakam Ýehowanyň Şaýatlaryny ýigrenýärdi. Şonuň üçin olar sapagymy goýdurjak bolup, azar baryny berdiler. Ýöne men ynanýan zatlarymyň dogrudygyny bilýärdim, şol sebäpli sapagymy goýmadym.
Maşgalaňdakylar garşy çyksa, agyr degýän eken. Ýöne oglan jigimiň meniň bilen ýygnaklara gatnaýandygyna begenýärdim. Birnäçe wagtdan ol hem gark bolup, aradan çykdy. Şonda özümi gaty erbet duýdum. Ýöne Şaýatlar göwünlik berip, ýanymda bolýardylar. Öň şeýle söýgini, mähri hiç haçan duýup görmändim. Men olaryň dininiň hakykatdygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin 1996-njy ýylda özümi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildim.
HÄZIRKI DURMUŞYM. Men Dmitriý atly gowy dogana durmuşa çykdym. Biz alty ýyldan bäri bagtly ýaşap ýörüs. Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň Sank-Peterburgdaky filialynda gulluk edýäris. Wagtyň geçmegi bilen, ene-atam hem dinime hormat goýup başlady.
Ýehowany tanap, oňa gulluk edip bilýändigime diýseň begenýärin. Indi men has bagtly ýaşaýaryn.
«Köp soraglar günüme goýmaýardy». RAUDEL RODRIGEZ RODRIGEZ
DOGLAN ÝYLY: 1959
DOGLAN ÝERI: KUBA
GEÇMIŞI: HÖKÜMETE GARŞY JENAÝATÇY
ÖŇKI DURMUŞYM. Men Kubanyň Gawana şäherinde doguldym. Men garyp hem urşagan adamlaryň ýaşaýan ýerinde ulaldym. Biraz ulalanymdan soň bolsa, dzýudo we başa-baş söweşiň beýleki görnüşlerine gatnap başladym.
Mekdepde gowy okamsoň, ene-atam uniwersitete girmäge höweslendirdi. Uniwersitetde okap ýörkäm, ýurduň syýasatyny halamaýardym, ony üýtgetmeli diýýärdim. Şeýdibem, hökümete garşy çykyp başladym. Bir gezek talyp ýoldaşym bilen polisiýa işgärine topulyp, onuň ýaragyny ogurladyk. Biz ony urup, gara gan edip taşlap gitdik. Munuň üçin bizi tussag edip, türmä basdylar we ölüm jezasyny berdiler. Şol wagt men 20 ýaşymdadym.
Türmede bir adamlyk kamerada otyrkam, atmaga alyp barýarkalar, özümi nähili alyp bararkam diýip pikirlenýärdim. Özüme gorkak diýdiresim gelmeýärdi. Ýöne meni köp soraglaram günüme goýmaýardy: näme üçin dünýäde adalatsyzlyk köp? Adam şunuň bilen ölüp gidibermelimi? Munuň bilen bar zat gutarýarmy?
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. Ýöne soňra maňa berlen ölüm jezasyny ýatyryp, 30 ýyl berdiler. Men türmede dini üçin basylan Ýehowanyň Şaýatlaryna duşdum. Olaryň özüni alyp barşy meni haýran galdyrdy. Olar batyrgaýdy, ýöne şol bir wagtyň özünde ýumşak adamlardy. Olary nähak ýere türmä bassalar-da, nägile bolup, gaharlanyp ýörmeýärdiler.
Şaýatlar maňa Hudaýyň adamlary näme üçin ýaradandygyny gürrüň berdiler. Olar Mukaddes Kitapdan ýer ýüzüniň Jennete öwrüljekdigini, jenaýatçylygyň, adalatsyzlygyň gaýdyp bolmajakdygyny görkezdiler. Şeýle-de ýer ýüzünde diňe gowy adamlaryň kesellemän, ölmän, ebedi bagtly ýaşajakdygyny aýtdylar (Zebur 37:29).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlary ýüregime jüňk bolýardy. Ýöne men olar ýaly bolup bilmerin diýip pikir edýärdim, sebäbi olar-a ýumşak, pesgöwünli adamlardy, men bolsa gaharjaňdym. Şeýle-de Isa pygamberiň «biri ýaňagyňa ursa, beýleki ýaňagyňy hem öwür» diýen tabşyrygyna eýermegi özüme kiçilik bilýärdim. Ondan başga-da, syýasata goşulman durup bilmerin öýdýärdim. Şonuň üçin Mukaddes Kitaby özbaşdak okap başladym. Mukaddes Kitaby okap bolamsoň, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isanyň hakyky şägirtleridigine düşündim.
Mukaddes Kitaby öwrenip, köp zatda üýtgemelidigimi bildim. Meselem, men hapa sözleri aýtmagy goýmalydym, çilimi taşlamalydym, syýasata goşulmagy bes etmelidim. Elbetde, şu zatlary taşlamak aňsat bolmady, ýöne Ýehowanyň kömegi bilen, ahyry başardym.
Men gaharjaň adamdym, şonuň üçin özümi saklamagy öwrenmek kyn düşdi. Men häli-häzirlerem gaharlanmazlyk üçin Ýehowadan kömek soraýaryn. Maňa Nakyllar 16:32-nji aýat hasam gowy kömek edýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Giň göwünli adam pälwandan rüstemdir, özüne erk edýän adam serkerdeden güýçlüdir».
1991-nji ýylda suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum. Men türmede suw saklanýan uly gapda suwa çümdürildim. Şondan bir ýyl geçensoň, birnäçe tussaglary, şol sanda menem türmeden boşadyp, Ispaniýa ugratdylar. Sebäbi ol ýerde garyndaşlarymyz bardy. Ispaniýa gelen badyma, Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklaryna gatnap başladym. Ol ýerdäki Şaýatlar meni öň görmedigem bolsa, öňden bäri tanaýan ýaly mähirli garşy aldylar.
HÄZIRKI DURMUŞYM. Men indi aýalym, gyzlarym bilen Ýehowa gulluk edip, her gün şatlanyp ýaşaýaryn. Men köp wagyz edip, adamlara Hudaýyň Sözüni öwredýärin. Käwagt geçen günleri ýatlap, şeýle diýýärin: «20 ýaşymda atylyp gitmeli oglandym, şunça bereketleri alaryn diýip pikir etmeýärdim». Men diňe bir diri galandygyma begenmän, ebedi ýaşajakdygyma hasam begenýän. Men adalatsyzlygyň, ölümiň gaýdyp bolmajak döwrüne, täze dünýä sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn (Ylham 21:3, 4).
[Ýazgy]
«Hudaýyň adynyň bardygyny bilip, haýran galdym»
[Ýazgy]
Ärim bilen lal adamlara höwes bilen edebiýatlarymyzy paýlaýarys