Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

ŞOTLANDIÝALY ökde söwdagäre durmuşda näme has köp şatlyk berdi? Braziliýaly ahlaksyz, barypýatan neşekeş adama düzelmäge näme kömek etdi? Sloweniýaly adam içgini nädip taşlady? Geliň, bileliň.

«Durmuşym ýag ýalydy» JON RIKETS

DOGLAN ÝYLY: 1958

DOGLAN ÝERI: ŞOTLANDIÝA

GEÇMIŞI: ÖKDE SÖWDAGÄR

ÖŇKI DURMUŞYM. Men gurply maşgalada ulaldym. Kakam Britaniýanyň ýaragly güýçlerinde harby gullukçydy. Şonuň üçin göçüp-gonup ýörýärdik. Şotlandiýadan başga-da Angliýada, Germaniýada, Keniýada, Malaýziýada, Irlandiýada we Kiprde ýaşadyk. 8 ýaşymdan başlap, Şotlandiýadaky internatlarda okadym. Şeýle-de men Kembrij uniwersitetini hem gutardym.

20 ýaşymdan başlap, 8 ýyllap nebit söwdasyny etdim. Başda işimi Günorta Amerikada, soňra Afrikada, soňam Günbatar Awstraliýada dowam etdim. Awstraliýa göçemsoň, hususy kärhana açdym, ýöne ony soň satdym.

Kärhanany satyp, gazanan pulum şeýle bir köpdi welin, 40 ýaşymda işimi goýup, ýurt aýlanyp başladym. Men motorly Awstraliýany iki gezek aýlanyp çykdym we dünýäni gezdim. Durmuşym ýag ýalydy.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. Gowy durmuşda ýaşaýanym üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk bildiresim gelýärdi. Şonuň üçin söwda edýärkäm çagalykda gatnan buthanama baryp başladym. Ýöne ruhanylar Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmänsoň, buthana barmagy goýdum. Soňra mormonlar bilen okuw geçip başladym. Olaram Mukaddes Kitapdan hiç zat öwretmeýärdi, şonda dine höwesim gaçdy.

Bir gün Ýehowanyň Şaýatlary öýümize geldi. Olaryň öwredýän zatlarynyň Mukaddes Kitaba esaslanýandygy derrew gözüme ildi. Olar maňa 1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlary okap berdiler. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär». Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdan ýöne bilimi däl-de, dogry bilimi almalydygyny düşündirende haýran galdym.

Men Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip, dogry bilim aldym. Men Üç ýüzli taňry baradaky taglymatyň ýalandygyny, Ýehowanyň hak Hudaýdygyny, Isanyň bolsa onuň Ogludygyny bildim (Ýahýa 14:28; 1 Korinfliler 11:3). Ýönekeýje wajyp hakykaty bilendigime begendim. Ýalan taglymata düşünjek bolup biderek wagt gidirenime bolsa gynandym.

Biraz wagtdan men ýygnaklara gatnap başladym. Ol ýere barýan adamlar mähirlidi, ahlak taýdan arassady. Beýle gowy adamlary öň görmändim. Olaryň söýgüsinden şu diniň hakykydygyna göz ýetirdim (Ýahýa 13:35).

HÄZIRKI DURMUŞYM. Suwa çümdürilenimden soň, men Diýana atly owadan uýa bilen tanyşdym. Ol hakykaty çagalygyndan bilýärdi. Wagtyň geçmegi bilen onuň häsiýetleri göwnüme ýarady, biz durmuş gurduk. Diýana meniň iň gowy dostum. Ol meni hemişe goldaýar. Ol Ýehowanyň beren berekedi.

Diýana ikimiz kömek gerek ýerde köpräk gulluk etmek isleýärdik. 2010-njy ýylda Merkezi Amerikanyň Beliz şäherine göçdük. Bärde biz Mukaddes Kitapdan hakykaty bilesi gelýän hudaýhon adamlara köp duşýarys.

Hudaýy tanap, Sözüni öwrenip, indi kalbym hakykatdanam rahat. Uzak wagtly gulluga başlap, köp adamlara Ýehowany tanamaga kömek etdim. Hudaýyň kada-kanunlarynyň adamlaryň durmuşyny üýtgedýändigini görmekden gowy zat ýok. Ahyrsoňy, men Hudaýa minnetdarlyk bildirmegiň iň gowy ýoluny tapdym.

«Olar meniň bilen mähirli gepleşdi» MAWRISIÝO ARAWJO

DOGLAN ÝYLY: 1967

DOGLAN ÝERI: BRAZILIÝA

GEÇMIŞI: AHLAKSYZ ÝAŞAN

ÖŇKI DURMUŞYM. Men San-Pawlo ştatynyň Aware atly kiçijik şäherinde ulaldym. Ol ýerde, esasan, garamaýak adamlar ýaşaýardy.

Ejem maňa göwrelikä, kakam aradan çykypdyr. Ýaş wagtym ejem öýde ýokka, onuň eşiklerini geýip görýärdim. Özümi aýal-gyzlar ýaly alyp baramsoň, adamlar maňa gomoseksual diýýärdiler. Soňabaka, oglanlar, uly adamlar bilen jynsy gatnaşyk edip başladym.

20 ýaşlarymda eýýäm barypýatan ahlaksyzdym. Men barlardan, gijeki klublardan, hatda buthanalardanam islegimi kanagatlandyrjak erkekleri, aýallary gözleýärdim. Ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklarda aýal eşigini geýip, sambo tansyny edýärdim. Men bütin şähere bellidim.

Gatnaşýanlarym diňe gomoseksuallar, ahlaksyz aýal-gyzlar we neşekeşlerdi. Olar maňa neşe çekmegi öwretdi. Soňabaka men neşäniň guly boldum. Käwagtlar daň atýança neşe çekýärdik. Käte bolsa öýden çykman, bir özüm uzakly gün neşe çekýärdim. Men gaty hordum, iňňä sapaýmalydym. Adamlar maňa AIDS keseli degendir öýdýärdi.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. Şol wagtlar men Ýehowanyň Şaýatlaryna duşdum. Olar meniň bilen mähirli gepleşdi. Bir gezek olar maňa Rimliler 10:13-däki sözleri okap berdiler. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar». Şol sözlerden Hudaýyň Ýehowa adyny tutmagyň wajypdygyna düşündim. Köplenç gije neşe çeken wagtlarym aýnany açyp, Ýehowa aglap doga edýärdim. Göge seredip: «Maňa kömek et!» diýip ýalbarýardym.

Ejem neşe sebäpli kösenýänimi görüp, gaty alada edýärdi. Ol meniň ölüp gitmegimi islemeýärdi. Oňa nebsim agyrýardy. Şonuň üçin neşäni taşlamagy ýüregime düwdüm. Soňra Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başladym. Olar maňa öwrenýän zatlarymyň neşäni taşlamaga güýç berjegini aýtdylar. Olaryň aýdyşy ýaly hem boldy.

Mukaddes Kitapdan okuw geçdigim saýyn, durmuşymy üýtgetmelidigime düşündim. Gomoseksual bolamsoň, ganyma siňip giden endigi goýmak gaty kyn boldy. Ýöne men tirkeşýänlerim bilen aramy kesdim, barlara, gijeki klublara barmagymy goýdum.

Elbetde, durmuşymy bütinleý üýtgetmek aňsat düşmedi. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýyma düşünýändigi, kömek edýändigi güýjüme güýç goşýardy (1 Ýahýa 3:19, 20). 2002-nji ýyla çenli özümi aýal-gyzlar ýaly alyp barmagymy, gomoseksual hereketlerimiň ählisini goýdum. Şol ýyl özümi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürildim.

HÄZIRKI DURMUŞYM. Ejem meniň düýbünden başga adam bolandygymy görüp, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlady. Gynansagam, onuň beýnisine gan indi. Ýöne ol häzirem Mukaddes Kitaby öwrenip, Hudaý bilen dostlugyny berkidýär.

8 ýyl bäri uzak wagtly gulluk edýärin, adamlara Ýehowany tanamaga kömek edýärin. Men häzirlerem käte erbet höwesler bilen göreşmeli bolýaryn. Ýöne dogry hereket edip, Ýehowany begendirýändigim göreşmäge güýç berýär.

Ýehowa bilen dostlaşyp, oňa ýaramly ýaşap, özüme bolan hormatymam artdy. Häzir menden bagtly adam ýok.

«Düýbi deşik çelekdim» LUKA ŞUÇ

DOGLAN ÝYLY: 1975

DOGLAN ÝERI: SLOWENIÝA

GEÇMIŞI: ARAKKEŞ

ÖŇKI DURMUŞYM. Men Sloweniýanyň Lýublýana şäherinde doguldym. 4 ýaşymda kakam janyna kast etdi. Ol barka zada zar bolmadyk. Kakam aradan çykansoň, iki çagany eklemek ejemiň boýnuna galdy. Ol agam ikimizi eklejek bolup gara zähmet çekýärdi.

15 ýaşymda mamamlara göçüp geldim. Ol ýerde hezil edýärdim, sebäbi dostlarymyň köpüsi şol ýerdedi. Ejem öýde berk tutýardy. Ýöne mamamlarda gidesim gelen ýere gidip, edesim gelen zady edýärdim. 16 ýaşymda içegen oglanlar bilen tirkeşip başladym, biz her dynç güni içmäge gidýärdik. Soňabaka saçymy ösdürip, sallam-sajak geýnip, çilim çekip başladym.

Men neşäniň her dürli görnüşini çekip gördüm, ýöne içmegi has gowy görýärdim. Başda-başda birki bulgur içýän bolsam, soňabaka çüýşeläp içip başladym. Köplenç içgilidigimi bildirmeýärdim. Adamlar ysyndan duýaýsalaram, şonça köp içenimi bilmeýärdiler. Men bir oturanymda çüýşeläp-çüýşeläp wino, piwo içýärdim, yzyndan aragam içip bilýärdim.

Gijeki klublarda dostlarym bilen lül bolup içýärdik, olar aýak üstünde zordan durýardy. Men olardan iki esse köp içsemem, olary öýüne alyp gaýdýardym. Bir gün oglanlaryň biriniň: «Aý, ol-a düýbi deşik guýy-laý» diýenini eşidip galdym. Ýaşaýan ýerimde şeýle sözler gutaran alkaşlara aýdylansoň, men gaty namys etdim.

Men bolşum hakda oýlanyp başladym, özümi dereksiz duýýardym. Durmuşymda hiç hili many ýokdy.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI. Şol wagtlar bir klasdaşymyň häsiýetleriniň üýtgändigine üns berdim. Ol öňkä garanyňda has ýumşak, mähirlidi. Oňa nämäniň kömek edendigini biljek bolup, kafe oturmaga çagyrdym. Ol maňa Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigini aýtdy, öwrenen zatlaryny gürrüň berdi. Din bilen gyzyklanmasamam, onuň aýdýan zatlary maňa täsir etdi. Şeýdip, menem Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna bardym, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym.

Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarym gözümi açdy. Men «soňky günlerde» ýaşaýandygymyzy, Hudaýyň tizden erbet adamlary ýok etjekdigini, gowy adamlary bolsa ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşatjakdygyny bildim (2 Timoteos 3:1—5; Zebur 37:29). Meniňem şeýle adamlaryň arasynda ýaşasym geldi, şonuň üçin durmuşymy üýtgetmegi ýüregimi düwdüm.

Men Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy dostlaryma-da gürrüň berdim. Olar meniň üstümden güldüler. Gülenleri bir tarapdan gowam boldy, şonda men olaryň hakyky dost däldigine düşündim. Aslynda, meniň köp içmegime gatnaşýan adamlarym sebäp bolýardy. Olar her hepdäniň dynç günlerine ölüp ýetýärdi, soň bolsa içip keýpden çykýardy.

Men olar bilen aramy doly kesdim we Ýehowanyň Şaýatlary bilen dostlaşdym. Olar maňa erbet endiklerimi taşlamaga kömek etdi. Olar bilen näçe köp gatnaşdygymça, şonça-da ruhy taýdan ösýärdim, sebäbi olar Ýehowany ýürekden söýýärdi, kada-kanunlary boýunça ýaşaýardy. Şeýdip, menem ahyrsoňy içgini taşladym.

HÄZIRKI DURMUŞYM. Ýehowa maňa hakyky bagty çüýşeden gözlemeli däldigini öwretdi. Men oňa diýseň minnetdar. Ýehowany tanamadyk bolsam, häzir nirede, näme edip ýörjegim belli däl. Ýehowa şükür, men indi özümi has bagtly duýýaryn.

7 ýyl bäri Ýehowanyň Şaýatlarynyň Sloweniýadaky filialynda gulluk edýärin. Ýehowany tanap, oňa gulluk edip, durmuşym hakykatdanam manyly boldy.