Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

Mukaddes Kitap durmuşyňy üýtgedýär

HUDAÝA ynanmaýan bir aýala wezipeli işinden çykyp şatlyk tapmaga näme kömek etdi? Katolik dinine uýýan ýigide ölüm barada bilen zatlary nähili täsir etdi? Hemme zatdan eli sowan ýigit näme üçin Hudaý barada öwrenip, oňa gulluk etmek isledi? Geliň, bileliň!

«„Näme üçin ýaşaýarys?“ diýip oýlanýardym» ROSALIND JON

  • DOGLAN ÝYLY: 1963

  • DOGLAN ÝERI: BRITANIÝA

  • GEÇMIŞI: PULLY KÄRI BOLAN

ÖŇKI DURMUŞYM

Men Londonyň günortasynda ýerleşýän Kroýdon şäherinde doguldym. Maşgalada dokuz çaganyň altynjysydym. Ene-atamyň asly Sentwinsent adasyndandy. Ejem buthana gatnasa-da, Hudaý barada gyzyklanmaýardym, diňe ýokary bilim almaga höwesjeňdim. Mekdepden dynç alşa çykanymda kitaphanadan alyp gaýdan kitaplarymy öýümiziň ýanyndaky kölüň ýakasynda oturyp okaýardym.

Mekdebi gutaranymdan birnäçe ýyl soň, ýüregi ýaraly adamlara kömek edesim geldi. Men öýsüz-öwzarsyz, maýyp, sowatsyz adamlara kömek edýän işe girdim. Soňra men uniwersitete okuwa girip, saglyk ylymlary fakultetinde okadym. Okuwy gutaranymdan soň, gowy kär edindim, isleýşim ýaly ýaşadym. Men dolandyryş ugrundan maslahatçydym we jemgyýetçiligi gowulandyrmak ugrundan gözleg geçirijidim. Işim üçin diňe kompýuter gerekdi. Islendik ýere gidip arkaýyn internet arkaly işläp bilýärdim. Köplenç daşary ýurda gidýärdim. Göwün islän myhmanhanamda bolýardym, tebigatyň gözelliklerini synlap, lezzet alýardym, özüme seretmek üçin spa salonyna we türgenleşik zalyna barýardym. Durmuşym bal bilen ýag ýalydy. Ýöne şonda-da hemişe kömege mätäç adamlar hakda oýlanýardym.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

Ýyllarboýy meni: «Biz näme üçin ýaşaýarys? Şeýdip, garrap ölüp gitmelimi?» diýen soraglar biynjalyk edýärdi. Men soraglaryma Mukaddes Kitapdan jogap gözlemeýärdim. Gyz jigim Margaret Ýehowanyň Şaýadydy. 1999-njy ýylda ol jorasy bilen meni görmäge geldi. Jorasy meniň bilen gyzyklanyp, mähirli gepleşdi. Şonuň üçin onuň bilen okuw geçmäge razylaşdym. Ýöne işim, ýaşaýşym bilen başagaý bolamsoň, birnäçe ýyl ruhy taýdan ösüp bilmedim.

Men 2002-nji ýylyň tomsunda Angliýanyň günorta-günbataryna göçdüm. Kärim boýunça alymlyk derejesini almak üçin asperantura girdim. Oguljygym bilen şol ýerdäki Ýygnak jaýyna gatnap başladym. Ýokary okuw jaýynda okaýanyma begenýärdim. Ýöne hasam Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlarym ýüregime güýçli täsir edýärdi, sebäbi men Mukaddes Kitapdan durmuşdaky kynçylyklaryň sebäbini we çözgüdini bildim. Men Matta 6:24-däki: «Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez» diýen sözleriň dogrudygyna göz ýetirdim. Men haýsam bolsa birini saýlamalydym. Ýa Hudaýa gulluk etmelidim, ýa-da baýlyga.

Şondan bir ýyl öň hepdäniň başyndaky duşuşyga gatnaýardym. Ol biriniň öýünde geçirilýärdi. Duşuşykda «Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?» * diýen kitap öwrenilýärdi. Şonda ähli kynçylyklarymyzy diňe Ýaradyjymyz Ýehowa Hudaýyň aýyrmaga güýjüniň ýetýändigine düşündim. Uniwersitetde Hudaýa ynanmagyň peýdasy ýok diýip öwredýärdiler, meniň muňa gaharym gelýärdi. Şonuň üçin iki aýdan okuwymy taşlap, Hudaý barada has köp öwrenmegi ýüregime düwdüm.

Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlar durmuşymy üýtgetmäge hasam höweslendirdi. Onda: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň» diýilýär. Allatagalany tanamakdan gowy zat ýok. Ony baýlyga, at-abraýa hiç zada çalşyp bolmaýar. Ýehowanyň ýer ýüzi babatdaky niýeti, Isanyň töleg gurbany barada öwrendigimçe, ömrümi Ýehowa bagyş edesim geldi. Şeýdip, 2003-nji ýylyň aprelinde suwa çümdürildim. Şondan soň baýlyga kowalaşman, baryma kaýyl bolup ýaşap başladym.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Ýehowa meniň iň gowy dostum. Ony tanap kalbym rahat, şatlyk tapdym. Ýehowany ýürekden söýýän gowy dostlarym hem bar. Men indi hasam bagtly.

Mukaddes Kitapdan, ýygnakda öwrenýän zatlarym, Ýehowany has gowy tanamaga kömek edýär. Bilen zatlarymy adamlara höwes bilen gürrüň berýärin, sebäbi meniň adamlara kömek edesim gelýärdi. Men maksadyma ýetdim. Adamlar Hudaýy tanasa häzirem, gelejekde täze dünýäde-de bagtly ýaşarlar. 2008-nji ýylyň iýun aýyndan bäri men uzak wagtly gulluk edýärin. Indi menden bagtly adam ýok. Bir wagtlar biynjalyk eden soraglaryma jogap tapyp bereni üçin, Ýehowa diýseň minnetdar!

«Dostumyň ölümi agyr urgy boldy» ROMAN IRNESBERGER

  • DOGLAN ÝYLY: 1973

  • DOGLAN ÝERI: AWSTRIÝA

  • GEÇMIŞI: PULLY OÝUN OÝNAÝAN

ÖŇKI DURMUŞYM

Men Awstriýanyň Braunau atly kiçijik şäherinde ulaldym. Ol baý hem parahat-asuda şäherdi. Biz katolik dinine uýýardyk.

Çagalygymda bolan bir waka bütin durmuşyma täsir etdi. Ol 1984-nji ýylda boldy. Şol wagt men 11 ýaşymdadym. Meniň bir gowy görýän dostum bardy. Biz onuň bilen futbol oýnadyk. Şol gün öýlän ony maşyn kakyp öldürdi. Onuň ölümi meniň üçin agyr urgy boldy. Şondan soň hemişe: «Adam ölensoň näme bolýarka?» diýip oýlanýardym.

Mekdebi gutaryp, elektrik bolup işläp başladym. Pully kart oýnaýardym, oýuna ummasyz pul goýýardym, puldan kösenmeýärdim. Sport bilen meşgullanýardym, her dürli rok aýdymlaryny diňlemegi gowy görýärdim. Oturlyşyklardan, gijeki klublardan galmaýardym. Islänimi edýärdim, ahlaksyz ýaşaýardym, ýöne şonda-da kalbymda boşluk duýýardym.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

1995-nji ýylda bir garry ýaşuly gapymy kakdy, ol Ýehowanyň Şaýady ekeni. Ol maňa bir kitap berdi, onda adam ölensoň näme bolýandygy düşündirilýärdi. Dostumyň ölümi şol wagtlaram ýüregimde düwün bolup durdy. Şonuň üçin kitaby alyp, diňe ölüm baradaky baby däl-de, tutuşlygyna okap çykdym.

Men kitapdan diňe bir ölüm barada däl-de, başga-da köp zatlary bildim. Çagalykdan katolik dinine uýamsoň, Isadan başga zady bilmeýärdim. Ýöne Mukaddes Kitaby gowy öwrenip, Isanyň Atasy Ýehowa Hudaýy tanadym, onuň bilen dostlaşdym. Men Hudaýyň adamlaryň aladasyny edýändigine, olar bilen dostlaşmak isleýändigine haýran galdym (Matta 7:7—11). Ýehowanyň duýgularynyň bardygyny, beren sözünde durýandygyny bildim. Şonuň üçin Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleri, olaryň ýerine ýetişini öwrendim. Şeýdip, Hudaýa bolan imanym hasam berkedi.

Men diňe Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakykaty öwredýändigine göz ýetirdim. Olaryň edebiýatlaryndaky aýatlary öz Mukaddes Kitabymdan açyp görýärdim. Näçe öwrendigimçe, şu diniň hakykydygyna göz ýetirdim.

Mukaddes Kitapdan okuw geçenimde, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamalydygyna düşündim. Efesliler 4:22—24-nji aýatlary okap, men häzirki ýaşaýşyma gabat gelýän häsiýetlerimi taşlap, «Hudaýyň islegine görä... täze häsiýetlere geýinmelidigini» bildim. Şondan soň ahlaksyzlyk etmegimi goýdum. Pully oýun oýnamagymy hem goýmalydym, sebäbi ol pul söýgüsine, açgözlüge iterýärdi (1 Korinfliler 6:9, 10). Durmuşymy üýtgetmek üçin dostlarym bilen aramy kesip, Ýehowanyň kada-kanunlaryny söýýän adamlar bilen dostlaşmalydym.

Elbetde, muny etmek birbada aňsat bolmady. Ýöne men ýygnaklara yzygider baryp, dogan-uýalar bilen dostlaşdym, çuňňur şahsy okuwyny geçirip başladym. Şondan soň diňleýän aýdym-sazlarymy, maksatlarymy üýtgetdim, salykatly geýnip başladym. 1995-nji ýylda bolsa suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Men öňki ýaly pula, zada gyzmaýaryn. Men öň gaharjaňdym, indi beýle däl. Ertirki günüm näme bolarka diýip alada etmeýärin.

Bütin dünýäde Ýehowa gulluk edýän müňlerçe adam bar. Olaryň arasyna goşulandygyma begenýärin. Olaryň kynçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýändigini görüp ruhlanýaryn. Men indi özüm üçin ýaşamaýaryn. Men her gün elimde baryny edip Ýehowa gulluk edýänime, adamlara ýagşylyk edýänime begenýärin.

«Ahyry, durmuşym manyly boldy» IÝAN KIN

  • DOGLAN ÝYLY: 1963

  • DOGLAN ÝERI: ANGLIÝA

  • GEÇMIŞI: DURMUŞDAN GÖWNI GEÇEN

ÖŇKI DURMUŞYM

Men Angliýada doguldym, ýöne ýedi ýaşymda Awstraliýa göçüp geldik. Biz Gold-Kost şäherinde deňziň boýunda ýaşaýardyk. Ol ýere syýahatçylar köp gelýärdi. Biz baý bolmasak-da, hiç zada mätäç däldik.

Hiç hili kemçiligim bolmasa-da, köplenç göwnüçökgündim. Kakam içegendi, ejemi hemişe urýardy. Şonuň üçin kakamy halamaýardym. Ýöne kakamyň Malaýada gulluk edende başdan geçiren zatlary üçin doňýürek bolandygyny soň bilip galdym.

Ýokary klaslarda okaýarkam içip başladym. 16 ýaşymda mekdebi taşlap, deňiz harby mekdebinde okap başladym. Men neşe, çilim çekýärdim, dynç günleri içýärdim. Soňabaka günde içip başladym, içgisiz günüm geçmeýärdi.

18, 19 ýaşlarymda Hudaýyň bardygyna ynamym gaçyp başlady. «Hudaý bar bolsa, adamlar näme üçin kösenip ýaşaýar, ölýär?» diýýärdim. Bolýan kynçylyklar üçin Hudaýy günäkärläp goşgy hem düzüpdim.

23 ýaşymda deňiz harby mekdebini hem taşladym. Birnäçe ýerde işledim, bir ýyllap daşary ýurtlarda gezelenç etdim. Ýöne şonda-da hiç zatdan kanagat tapmaýardym. Meniň belli bir maksadymam ýokdy, öýüm, kärim bolsun diýip alada etmeýärdim. Meni hiç zat gyzyklandyrmaýardy. Diňe içenimde, aýdym diňlänimde keýpim göterilýärdi.

Bir gezek Polşanyň Aswensim şäherindäki konslagere baryp gördüm. Men öň ol ýerde adamlary zalymlyk bilen gynap öldürendikleri hakda okapdym. Ýöne şol ýerleri gözüm bilen görenimde gaty gynandym. Lagerde aýlanyp ýörkäm: «Adamlar nädip zalymlyk bilen biri-birini öldürip bilýär? Nädip beýle doňýürek bolup bilýär?» diýip agladym. Şondan soň adamlaryň näme üçin ýaradylandygy hakda oýlanyp başladym.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

1993-nji ýylda daşary ýurtdan gelip, soraglaryma jogap tapmak üçin Mukaddes Kitaby okap başladym. Köp wagt geçmänkä, iki sany Ýehowanyň Şaýady öýüme geldi. Olar meni öýümiň golaýyndaky stadionda geçiriljek kongrese çagyrdylar. Menem kongrese gitdim.

Şondan birnäçe aý öň şol stadiona futbol görmäge barypdym. Ýöne bu gezek gören zatlarym düýbünden tapawutlanýardy. Kongrese gelenleriň ählisi salykatly, arassa geýnendi, çagalaram akyllyjady. Günortanlyk arakesmede olar futbol meýdançasynda nahar edindiler. Ýöne arakesme gutaryp, kongres başlanda meýdançada ýekeje-de hapa ýokdy. Men muňa haýran galdym. Üstesine-de ol ýerdäki adamlar şadyýan, agzybirdi. Şol günki aýdylan zatlar ýadyma düşmese-de, olaryň özüni alyp barşy hiç ýadymdan çykanok. Şonda meniňem olara goşulasym geldi.

Şol gün öýe gelenimde doganoglanymyň aýdan sözleri ýadyma düşdi. Ol Mukaddes Kitaby öwrenýärdi, dürli dinlere gatnaşyp görüpdi. Ol maňa bir wagt Isanyň: «Hakyky dini miwesinden tanarsyňyz» diýen sözlerini aýdypdy (Matta 7:15—20). Şonda men: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň dini hakyky din bolmaly» diýdim. Öň meni hiç zat gyzyklandyrmaýardy. Ýehowanyň Şaýatlaryna duşanymdan soň, durmuşa höwesim artdy.

Bir hepdeden soň, meni kongrese çagyran Ýehowanyň Şaýatlary ýene öýüme geldi. Şeýdip, men Mukaddes Kitapdan okuw geçip, ýygnaklara gatnap başladym.

Mukaddes Kitaby öwrenip, Hudaý barada pikir edýän zatlarymyň düýbünden nädogrudygyna düşündim. Dünýädäki kynçylyklara, adamlaryň çekýän horluklaryna Hudaýyň günäkär däldigini bildim. Gaýtam adamlar biri-birine ýamanlyk etse, Hudaýyň gynanýandygyny bildim (1 Musa 6:6; Zebur 78:40, 41). Men Hudaýy gynandyrýan işlerden el çekip, ony begendirip ýaşamagy ýüregime düwdüm (Nakyllar 27:11). Içmegimi, çilimimi, ahlaksyz ýaşamagymy goýdum. 1994-nji ýylyň martynda bolsa suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady boldum.

HÄZIRKI DURMUŞYM

Häzir men, hakykatdanam, bagtly, kalbymam rahat. Öň gaýgy-aladamy unutjak bolup, diňe içýärdim. Indi bolsa bar aladamy Ýehowa tabşyrýaryn (Zebur 55:22).

Men Karen atly owadan uýa öýlendim. Toý tutanymyza 10 ýyl boldy. Kareniň Nella atly owadan gyzy hem bar. Häzir biz maşgala bolup, Ýehowa hezil edip gulluk edýäris. Adamlara Hudaýy tanamaga kömek edip bilýändigimize hasam begenýäris. Ahyry, durmuşym manyly boldy.

^ par. 11 Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşiri.