Siz Mukaddes Kitaba nähili garaýarsyňyz?
Siziň pikiriňizçe, ol...
-
üýtgedildimi?
-
ertekimi ýa-da rowaýat?
-
Hudaýyň kitabymy?
MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?
«Mukaddes kitaplaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» (2 Timoteos 3:16).
SIZE NÄME PEÝDASY BAR?
Durmuşda ýüze çykýan wajyp soraglara jogap taparsyňyz (Nakyllar 2:1—5).
Gündelik durmuş üçin peýdaly maslahatlary taparsyňyz (Zebur 119:105).
Gelejege hakyky umydyňyz bolar (Rimliler 15:4).
MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?
Hawa, munuň azyndan üç sebäbi bar:
-
Täsin yzygiderliligi. Mukaddes Kitaby 1 600 ýylyň dowamynda 40-a golaý adam ýazdy. Olaryň köpüsi biri-birini hiç haçan görmeseler-de, başdan-aýak bir esasy tema barada gürrüň berýärler!
-
Taryhy wakalaryň dogrulygy. Köplenç taryhçylar öz halky ýeňilse, aýtmaýarlar. Emma Mukaddes Kitaby ýazan adamlar özüniň we döwürdeşleriniň ýalňyşlaryny aç-açan gürrüň berýärler (2 Taryh 36:15, 16; Zebur 51:1—4).
-
Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi. Mukaddes Kitapda Wawilonyň weýran ediljegi hakda takmynan 200 ýyl öňünden pygamberlik edildi (Işaýa 13:17—22). Pygamberlikde diňe bir Wawilonyň ýykyljagy däl-de, eýsem ony basyp aljak patyşanyň ady hem aýdyldy! (Işaýa 45:1—3).
Başga-da ençeme pygamberlikler jikme-jik ýerine ýetdi. Eýsem, bu Mukaddes Kitabyň Hudaýyň Sözüdigini subut etmeýärmi?! (2 Petrus 1:21).
OÝLANYP GÖRÜŇ
Hudaýyň Sözi siziň durmuşyňyzy üýtgedip bilermi?
Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: IŞAÝA 48:17, 18 we 2 TIMOTEOS 3:16, 17.