Esasy materiala geçiň

Maşgalany näme bagtly edýär?

Maşgalany näme bagtly edýär?

Siziň pikiriňizçe...

  • söýgümi?

  • pulmy?

  • jan-saglyk?

MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?

«Hudaýyň sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» (Luka 11:28).

SIZE NÄME PEÝDASY BAR?

Araňyzda hakyky söýgi bolar (Efesliler 5:28, 29).

Birek-birege hormatyňyz artar (Efesliler 5:33).

Maşgalaňyz agzybir bolar (Markus 10:6—9).

MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?

Hawa, munuň azyndan iki sebäbi bar:

  • Maşgalany döreden — Hudaý. Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýyň ilkinji ynsan maşgalasyny döredendigi aýdylýar (1 Musa 2:18—24). Munuň nähili ähmiýeti bar?

    Oýlanyp görüň: eger siz gowy görýän naharyňyzy taýýarlamagy öwrenmek isleseňiz, kime ýüz tutarsyňyz? Elbetde, şol nahary taýýarlap bilýän adamdan sorarsyňyz.

    Şonuň ýaly-da, maşgalaňy bagtly etmek üçin ony döreden Ýehowa Hudaýa ýüz tutmaly.

  • Hudaý siziň aladaňyzy edýär. Maşgalalar maslahaty näme üçin Hudaýyň Sözünden gözlemeli? Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Ol siziň aladaňyzy edýär» diýilýär (1 Petrus 5:6, 7). Ýehowa Hudaý siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär, şol sebäpli onuň maslahatlary hemişe-de peýdaly! (Nakyllar 3:5, 6; Işaýa 48:17, 18).

OÝLANYP GÖRÜŇ

Gowy är, aýal ýa-da ata-ene bolmak üçin näme etmeli?

Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: EFESLILER 5:1 we KOLOSLYLAR 3:18—21.