Esasy materiala geçiň

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Siziň pikiriňizçe...

  • gökdäki ýaşaýyşmy?

  • gökdäki hökümetmi?

  • başga zatmy?

MUKADDES KITAPDA NÄME DIÝILÝÄR?

«Hudaý hiç haçan ýok edilmejek... bir patyşalygy döreder» (Danyýar 2:44).

Hudaýyň «hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 7:14).

SIZE NÄME PEÝDASY BAR?

MUKADDES KITABA YNANSA BOLÝARMY?

Hawa, munuň azyndan iki sebäbi bar:

  • Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň näme etjekdigini aýtdy. Ol şägirtlerine Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi we Onuň isleginiň ýerde-de amala aşmagy barada doga etmegi öwretdi (Matta 6:9, 10). Isa pygamber Hudaýyň dogalary eşidýändigini aýtdy.

    Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda aç adamlary doýurdy, syrkawlary sagaltdy we ölüleri direltdi! (Matta 15:29—38; Ýahýa 11:38—44). Gelejekde bolsa, ol Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde raýatlary üçin ajaýyp işleri eder (Ylham 11:15).

  • Dünýäniň häzirki ýagdaýy Hudaýyň Patyşalygynyň tizden geljekdigini görkezýär. Isa Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde parahatlygy dikeltmezinden öň, dünýäde uruşlaryň, açlygyň we ýer titremeleriň boljakdygy barada pygamberlik etdi (Matta 24:3, 7).

    Şu günler biz dünýäniň şeýle ýagdaýdadygyny görýäris. Diýmek, Hudaýyň Patyşalygy tizden ähli kynçylyklarymyzy çözer.

OÝLANYP GÖRÜŇ

Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende ýer ýüzünde nähili ýaşaýyş bolar?

Bu soraga şu aýatlar jogap berýär: ZEBUR 37:29 we IŞAÝA 65:21—23.