Ýermeýa 2:1—37

  • Ysraýyl Ýehowany dereksiz butlara çalyşýar (1—37)

    • Ysraýyl ýabany üzüm şahasy ýalydyr (21)

    • Köýnegiň gana bulaşdy (34)

2  Ýehowa maňa diýdi:  «Git, Iýerusalime jar et, Ýehowa şeýle diýýär: „Ýaşlygyňda maňa wepaly bolanyň*+,Adaglanan günüň maňa bolan söýgiň ýadymda+.Çölde, ot bitmeýän ýerlerde,Yzyma düşeniňi unutmadym+.   Ysraýyl Ýehowa üçin mukaddesdir+,Hasylynyň ilkinji miwesidir“. Oňa degen günä eder, Başyna betbagtçylyk iner — muny Ýehowa aýdýar»+.   Ýakubyň nesli, Ysraýyl öýüniň nebereleri,Ýehowanyň sözüni diňläň!   Ýehowa şeýle diýýär: «Ata⁠-⁠babalaryňyz menden uzaklaşar ýaly,Menden näme ýazyk tapdylar?+Dereksiz butlara eýerip+, özleri⁠-⁠de dereksiz boldular+.   Olar: „Hany Ýehowa?Bizi Müsürden çykaran+, çölden+,Jülgelerden, çukurlardan,Takyrlardan+, tüm⁠-⁠garaňkylykdan,Ynsan aýagy basylmadyk,Hiç kimiň ýaşamadyk ýerlerinden geçiren Hudaý nirede?“ diýip soramadylar.   Ir⁠-⁠iýmişden, näz⁠-⁠nygmatdan iýsinler diýip,Men sizi bag⁠-⁠bakjaly ýurda getirdim+. Emma siz gelip, beren ýurdumy haram etdiňiz.Mirasymy ýigrenji zada öwürdiňiz+.   Ruhanylar: „Hany Ýehowa?“ diýip soramadylar+. Kanuny öwredýänler men hakda bilmek islemediler,Çopanlar maňa garşy gozgalaň turuzdylar+,Pygamberler Bagalyň adyndan pygamberlik etdiler+.Dereksiz taňrylara çokundylar.   „Siziň bilen ýene söweşerin+,Ogullaryňyzyň ogullary bilen hem söweşerin“.Muny Ýehowa aýdýar. 10  Kittim+ adalaryna gidip serediň, Kedara+ adam ýollap, sorag⁠-⁠ideg ediň.Öň şeýle zatlar bolupdymy? 11  Öz taňrylaryny biderek* zatlara çalşan halk barmy? Meniň halkym bolsa şöhratymy biderek zatlara çalyşdy+. 12  Eý gökler, haýran galyp serediň,Gorkudan ýaňa titräň — muny Ýehowa aýdýar. 13  Sebäbi halkym iki erbet iş etdi: Olar dirilik suwunyň gözbaşy bolan menden ýüz öwürdiler+.Olar özleri üçin howuzlary,Suw saklamaýan howuzlary gazdylar. 14  Ysraýyl gulmy? Hojaýynyň öýünde doglan hyzmatkärmi? Onda näme üçin ýesirlige äkidildi? 15  Onuň üstüne ýaş arslanlar arladylar+,Gorkunç ses bilen arladylar. Ülkäni gorkunç hala saldylar. Şäherleri oda ýakyldy, janly⁠-⁠jemende galmady. 16  Nop*+ bilen Tahpanes+ seni talarlar*. 17  Şu belany öz başyňa özüň indermediňmi?Sen özüňe ýol görkezýän Allaňy,Ýehowa Hudaýyňy terk etdiň+. 18  Müsüre gidýän ýoldan näme üçin barýaň?+Şihoryň* suwuny içmek üçinmi? Assiriýa gidýän ýoldan näme üçin barýaň?+Derýadan* suw içmek üçinmi? 19  Erbet işleriň seni düzetsin,Dönükligiň saňa käýesin. Hudaýyň Ýehowany terk etmegiň,Nähili erbet, nähili agyrdygyny bilip goý+.Sen menden hiç gorkmadyň+ — muny Älemiň Hökümdary,Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 20  Gadym döwürde seniň boýuntyrygyňy pytradyp+,Gandallaryňy döwüp taşlapdym. Emma sen: „Saňa sežde etmerin“ diýdiň. Her bir beýik baýyrlykda, gür ýaprakly agajyň aşagynda+,Zyna edip, uzalyp ýatdyň+. 21  Seni saýlama gyzyl üzüm agajyndan+ ekdim.Onda nädip öňümde ýabany üzüm şahasyna öwrüldiň?+ 22  Özüňi aşgar*, sabyn bilen ýuwsaň⁠-⁠da,Seniň günäň tegmil bolup huzurymda durandyr+ — muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. 23  Sen nädip: „Özümi haram etmedim, Bagal butlarynyň yzyna eýermedim“ diýip bilýärsiň? Jülgedäki ýoluňa seret, Eden işleriň hakda oýlan. Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan maýa,Ýüwrük, ýaş düýä meňzeýärsiň. 24  Höwre gelen döwri gulan ysyny alýan,Urkaçy gulan kiminsiň. Şol döwür kim ony saklap biler? Ony gözleýän gulanlar ýadamaz,Höwre gelen döwri ony taparlar. 25  Aýakýalaňaç gezme,Suwsap oturma. Emma sen: „Yzyma dolanmaryn!+ Men ýat taňrylara aşyk boldum+.Olaryň yzyna düşjek“+ diýdiň. 26  Ogurlyk üstünde tutulanyň biabraý bolşy ýaly,Ysraýyl öýüniň hemmesi:Patyşalary, han⁠-⁠begleri,Ruhanylary, pygamberleri masgara boldular+. 27  Olar agaja: „Atam!“+ Daşa: „Enem“ diýdiler. Olar maňa ýüzlerini däl⁠-⁠de, ýeňselerini öwürdiler+. Emma agyr güne düşende: „Gel, halas et!“+ diýerler. 28  Hany seniň ýasan taňrylaryň?+ Başarýan bolsalar, agyr günüňde seni halas etsin.Eý Ýahuda, şäherleriň sany näçe bolsa,Taňrylaryň sany⁠-⁠da şonçadyr+. 29  „Meniň bilen näme üçin söweşýärsiňiz? Maňa garşy näme üçin gozgalaň turuzýarsyňyz?“+Muny Ýehowa aýdýar. 30  Ogullaryňa beren jezam biderek boldy+, Olar temmini asla kabul etmediler+.Sen arlaýjy arslan kimin,Gylyjyň bilen pygamberleriňi öldürdiň+. 31  Eý nesil, Ýehowanyň sözüne gulak goý. Men Ysraýyl üçin çöle öwrüldimmi?Ýa tüm⁠-⁠garaňky ýurda döndümmi? Näme üçin halkym: „Islän ýerimize gideris, Gaýdyp saňa dolanmarys“ diýýär?+ 32  Gyz şaý⁠-⁠sepini,Gelin ýaglygyny* unudarmy? Halkym bolsa meni uzak wagtlap unutdy+. 33  Oýnaş tapmaga sen nähili ökde! Sen erbetlik etmekde ussat+. 34  Köýnegiň bigünä garyplaryň ganyna bulaşdy+.Jenaýat etmedik adamlaryň ganyny köýnegiňde gördüm+. 35  Sen: „Meniň günäm ýok, Ol gazabyny menden sowdy“ diýýärsiň. Günäm ýok diýeniň üçin,Saňa höküm çykararyn. 36  Ýollaryňy näme üçin gaýta⁠-⁠gaýta üýtgedip dursuň? Assiriýa sebäpli masgara bolşuň ýaly+,Müsür sebäpli⁠-⁠de masgara bolarsyň+. 37  Şonuň üçin eliňi ýüzüňe tutup gidersiň+.Sebäbi seniň bil baglaýan halkyňdan Ýehowa ýüz öwürdi.Olardan saňa indi peýda ýokdur».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgini bildireniň.
Sözme⁠-⁠söz: taňry bolmadyk.
Ýa⁠-⁠da: Memfis.
Sözme⁠-⁠söz: başyňdaky täji gemrerler.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýagny Nil derýasynyň bir şahasy.
Ýa⁠-⁠da: soda. Kir ýuwulýan serişde.
Ýa⁠-⁠da: toý guşagyny.