Ýermeýa 27:1—22

  • Wawilonyň boýuntyrygy (1—11)

  • Sadykýar Wawilona tabyn bolmaly (12—22)

27  Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň hökümdarlygynyň başynda Ýermeýa pygambere Ýehowadan habar geldi.  Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Özüňe birnäçe boýuntyryk ýasa, olary ýüp bilen boýnuňdan as.  Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sadykýaryň ýanyna habarçylar gelendir. Habarçylar boýuntyryklary Edom+ patyşasyna, Mowap+ patyşasyna, Ammon+ patyşasyna, Tir+ patyşasyna we Sidon+ patyşasyna eltip bersinler.  Olara patyşalary barada şeýle diý: „Siz patyşaňyza Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diýiň:  „Men ýeri, ynsanlary, ýer ýüzündäki haýwanlary güýçli golum we gudratly elim bilen ýaratdym. Men olary islänime berýärin+.  Men ýurtlary, ýabany haýwanlary guluma, Wawilon patyşasy Nawuhodonosora berdim+.  Ähli milletler şol patyşa, ogluna we agtygyna gulluk eder. Patyşalygynyň soňy gelende bolsa+, köp halklar we beýik patyşalar olaryň özüni gul ederler“+.  Ýehowa şeýle diýýär: „Eger bir millet ýa⁠-⁠da patyşalyk Wawilon patyşasy Nawuhodonosora gulluk etmese, Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynmasa, men şol milleti gylyç+, açlyk, mergi bilen jezalandyraryn we Wawilon patyşasynyň eli bilen ýok ederin“.  Pygamberleriň, palçylaryň, düýş ýorýanlaryň, jadygöýleriň, porhanlaryň: „Siz Wawilon patyşasyna gulluk etmersiňiz“ diýýän sözlerine ynanmaň. 10  Sebäbi olar ýalan pygamberlik edýärler. Siz olary diňleseňiz, uzak ýurda sürgün edilersiňiz. Men sizi dargadaryn we ýok ederin. 11  Eger halk Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, hyzmat etse, men olary watanynda galdyraryn — muny Ýehowa aýdýar. — Olar öz melleginde zähmet çekip, öz ýurdunda ýaşarlar“». 12  Men Ýahudanyň patyşasy Sadykýara+ hem şeýle diýdim: «Wawilon patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, halkyna hyzmat etseň, janyňy halas edersiň+. 13  Näme üçin özüňi we halkyňy heläk etjek bolýarsyň? Ýehowa Wawilon patyşasyna hyzmat etmedik halkyň başyna gylyç+, açlyk+ we mergi+ inderjegini aýdypdy. 14  „Wawilon patyşasyna hyzmat etmersiň“ diýýän pygamberleri diňleme+. Olar ýalan sözleýärler+. 15  Ýehowa şeýle diýýär: „Men pygamberleri ibermedim. Olar meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Eger olary diňleseňiz, men sizi dargadaryn we pygamberleriňiz bilen bile ýok ederin“»+. 16  Men ruhanylara we tutuş halka şeýle diýdim: «Ýehowa diýýär: „Pygamberleriň sözlerine gulak asmaň. Olar: „ Tizden Ýehowanyň öýüniň gap⁠-⁠gaçlary Wawilondan yzyna getiriler“+ diýip, ýalan pygamberlik edýärler+. 17  Olary diňlemäň, Wawilon patyşasyna gulluk ediň, aman galarsyňyz+. Ýogsam şäheriňiz weýran bolar. 18  Eger olar pygamber bolsa, Ýehowa olar bilen hakykatdan⁠-⁠da gepleşýän bolsa, onda Serkerdebaşy Ýehowa ýalbaryp: „Ýehowanyň öýünde, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalim şäherinde galan gap⁠-⁠gaçlar Wawilona äkidilmesin“ diýsinler. 19  Serkerdebaşy Ýehowa şäherde galan gap⁠-⁠gaçlara, sütünlere+, mis howza*+ we arabalara+ näme boljagy hakda aýdýar. 20  (Wawilon patyşasy Nawuhodonosor Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehonýany, Iýerusalimiň we Ýahudanyň ähli beglerini Wawilona sürgün edende şol zatlary alyp gitmändi)+. 21  Ýehowanyň öýünde, Ýahuda patyşasynyň köşgünde we Iýerusalim şäherinde galan gap⁠-⁠gaçlar barada Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: 22  „Olar Wawilona äkidiler+ we nazar saljak günüme çenli, şol ýurtda galar. Soňra men olary alyp gaýdaryn we şu ýerde goýaryn“+. Muny Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: deňze.