Ýermeýa 30:1—24

  • Ysraýyl sagalar, ýaralaryna melhem çalnar (1—24)

30  Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi:  «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Aýtjak zatlarymy bir kitaba ýazyp goý.  Şeýle günler geler — muny Ýehowa aýdýar. — Ysraýyl we ýahuda halkynyň ýesir düşenlerini bir ýere jemlärin+ — muny Ýehowa aýdýar. — Olary ata⁠-⁠babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin. Olar ýene⁠-⁠de ýurda eýe çykarlar“»+.  Ýehowanyň ysraýyl we ýahuda halkyna aýdan sözleri.   Ýehowa şeýle diýýär: «Gorkudan ýaňa gygyryşýanlaryň sesi eşidilýär,Daş⁠-⁠töwerek gorkunç, hiç ýerde parahatlyk ýok.   Erkek adam çaga dograrmy? Onda näme üçin güýçli adamlarDogurýan aýal ýaly garnyny tutýarlar?+ Olaryň ýüzi näme üçin ak tam ýaly?   Ol gün gorkunç bolar+,Görlüp⁠-⁠eşidilmedik gün bolar. Ýakup hasrat çeker, Emma men ony halas ederin».  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Şol güni boýuntyryklary döwüp, ýüplerini üzerin. Indi ýat adamlar olary gul etmez.  Olar Ýehowa Hudaýyna we meniň bellän patyşam Dawuda gulluk ederler+. 10  Gulum Ýakup, gorkma!Ysraýyl, heder etme!+ — Muny Ýehowa aýdýar. Sebäbi men seni uzak ýerlerden,Nesilleriňi sürgün edilen ýurtlaryndan halas ederin+. Ýakup yzyna dolanar, asuda hem parahat ýaşar,Olary gorkuzan bolmaz+. 11  Men ýanyňda bolaryn, seni halas ederin».Muny Ýehowa aýdýar. «Seni milletleriň arasyna dargatdym.Indi ol milletleri ýok ederin+.Seni bolsa ýok etmerin+. Saňa temmi bererin, emma öte geçmerin,Ýöne jezasyz hem galdyrmaryn»+. 12  Ýehowa şeýle diýýär: «Derdiňe derman tapylmaz+, Ýaraňa melhem çalynmaz. 13  Hiç kim arkaňy tutmaz,Ýaralaryňy saramaz, Derdiňe melhem çalmaz. 14  Oýnaşlaryň seni unutdy+, Seni küýseýän adam ýok. Duşman kimin seni ýaraladym+,Zalym adam kimin saňa temmi berdim.Sebäbi günä üstüne günä etdiň+. 15  Derdim agyr diýip nämä zeýrenýärsiň? Ýaralaryň bitmez. Günä üstüne günä etdiň+,Ähli zady başyňa men inderdim. 16  Seni ýok edenleriň özleri ýok ediler+,Ähli duşmanlaryň sürgün ediler+. Seni talan garakçylaryň özleri talanar,Olja alanlaryň özleri olja bolarlar+. 17  Saňa „sergezdan“ diýseler⁠-⁠de,„Siony hiç kim idemeýär“+ diýseler⁠-⁠de, Men seni sagaldaryn, ýaralaryňa melhem çalaryn»+.Muny Ýehowa aýdýar. 18  «Ýakubyň çadyryna gelip,Ýesir düşenleri ýygnaryn+ — muny Ýehowa aýdýar. Onuň çadyrlaryny görenimde ýüregim gyýlar. Şäher öňki ýerinde gurlar+,Diň öňki ýerinde dikeldiler. 19  Ol ýerden alkyş we gülki sesi eşidiler+. Men olary köpelderin, sanyny artdyraryn+,Halkymy sansyz⁠-⁠sajaksyz* ederin.Indi olar kemsidilmez+. 20  Ogullary öňki ýaly döwletli bolar,Gujur⁠-⁠gaýratdan dolup, huzurymda durarlar+. Olaryň duşmanlaryny jezalandyraryn+. 21  Onuň neslinden baştutan,Öz içinden hökümdar dörär. Men ony çagyrsam, huzuryma geler. Çagyrmasam, huzuryma gelmäge kim ýürek edip biler?»Muny Ýehowa aýdýar. 22  «Şonda siz meniň halkym,Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn»+. 23  Ýehowanyň gahary harasat ýaly turar+,Apy⁠-⁠tupan kimin erbetleriň başyndan iner. 24  Ýehowanyň niýeti ýerine ýetýänçä, amala aşýança,Onuň gahar⁠-⁠gazaby köşeşmez+. Siz muňa soňky günlerde düşünersiňiz+.

Çykgytlar

Başga manysy: abraýly.