Ýermeýa 36:1—32

  • Ýermeýa golýazmany ýazdyrýar (1—7)

  • Baruk golýazmany batly ses bilen okaýar (8—19)

  • Ýehoýakym golýazmany ýakýar (20—26)

  • Habar golýazma täzeden ýazylýar (27—32)

36  Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň dördünji ýylynda Ýehowa Ýermeýa pygambere şeýle diýdi:  «Bir golýazma al, seniň bilen gepleşen ilkinji günümden, Ýoşyýanyň döwründen tä şu güne çenli+ Ysraýyla, Ýahuda+ we ähli milletlere+ garşy aýdan sözlerimi ýaz.  Belki, ýahuda halky olaryň başyna injek betbagtçylyk hakda eşidip, zalym ýollaryndan dönerler. Şonda men olaryň ýazyklaryny we günälerini bagyşlaryn»+.  Ýermeýa Nuryýaryň ogly Barugy+ çagyryp, Ýehowanyň sözlerini birin⁠-⁠birin aýtdy. Baruk hem olary golýazma ýazdy+.  Ýermeýa Baruga şeýle tabşyryk berdi: «Men tussaglykda otyryn. Ýehowanyň öýüne baryp bilemok.  Şonuň üçin sen ol ýere bar. Meniň saňa ýazdyran sözlerimi, golýazmadaky Ýehowanyň sözlerini batly ses bilen oka. Agyz beklenýän güni Ýehowanyň öýüne gelen adamlara we beýleki şäherlerden gelen ýahuda halkyna okap ber.  Belki, olar Ýehowa ýalbaryp, rehim etmegini sorarlar we zalym ýolundan dönerler. Sebäbi Ýehowanyň halka gahar⁠-⁠gazaby tutaşdy».  Nuryýaryň ogly Baruk Ýermeýa pygamberiň tabşyryşy ýaly etdi. Ol Ýehowanyň öýüne baryp, golýazmadaky Ýehowanyň sözlerini sesli okady+.  Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň+ hökümdarlygynyň bäşinji ýylynda, dokuzynjy aýda Ýahuda şäherlerinden Iýerusalime gelen adamlar we Iýerusalimiň ilaty Ýehowanyň huzurynda agyz beklemegi yglan etdiler+. 10  Baruk Şapanyň+ ogly Gemarýa+ kätibiň otagynda* durup, golýazmadaky Ýermeýanyň sözlerini märekä okap berdi. Ol otag Ýehowanyň öýüniň ýokarky howlusynda, Ýehowanyň öýüniň täze derwezesine golaý ýerleşýärdi+. 11  Şapanyň agtygy, Gemarýanyň ogly Mikhaý golýazmadaky Ýehowanyň sözüni eşidende, 12  patyşanyň köşgüne, kätibiň otagyna gitdi. Ol ýerde ähli hanlar*: Alyşam+ kätip, Şemaýanyň ogly Delaýa, Ahboryň+ ogly Elnatan+, Şapanyň ogly Gemarýa, Hananýanyň ogly Sadykýar we beýleki hanlar oturan ekeni. 13  Mikhaý olara Barugyň golýazmadan märekä okap beren habaryny gürrüň berdi. 14  Şonda ähli hanlar Kuşanyň çowlugy, Selimýaryň agtygy, Netanýanyň ogly Ýehuta şeýle tabşyryk berdiler: «Baruk kätibiň ýanyna baryp: „Halka okap beren golýazmaňy al⁠-⁠da, ýanymyza gel“ diý». Nuryýaryň ogly Baruk golýazmany alyp, olaryň ýanyna geldi. 15  Olar Baruga: «Gel, geç! Bize⁠-⁠de okap ber» diýdiler. Baruk hem olara golýazmany okap berdi. 16  Olar habary eşiden badyna, gorkup biri⁠-⁠birine seretdiler. Soňra Baruga: «Habaryňy hökman patyşa ýetirmeli» diýdiler. 17  Olar Barukdan: «Aýtsana, sen ýaňky sözleri nädip ýazdyň? Muny Ýermeýa pygamber ýazdyrdymy?» diýip soradylar. 18  Baruk hem: «Ol maňa aýdyp durdy, menem syýa bilen golýazma ýazdym» diýdi. 19  Hanlar Baruga: «Git⁠-⁠de, gizlen, Ýermeýa⁠-⁠da gizlensin. Siziň nirededigiňizi hiç kim bilmesin»+ diýdiler. 20  Olar golýazmany Alyşam kätibiň otagynda goýdular. Soňra howla, patyşanyň ýanyna bardylar we eşiden zatlarynyň ählisini gürrüň berdiler. 21  Şonda patyşanyň buýrugy bilen Ýehut+ golýazmany Alyşam kätibiň otagyndan getirdi. Ýehut patyşanyň we ähli hanlaryň öňünde golýazmany okap başlady. 22  Patyşa ýylyň dokuzynjy aýynda gyşky köşgünde otyrdy. Öňündäki ojakda ot ýanyp durdy. 23  Ýehut golýazmanyň her üç⁠-⁠dört sütünini okap bolanda, patyşa kätibiň pyçagy bilen okalan bölegi kesip, ýanyp duran ojaga taşlady. Şeýdip, tutuş golýazma gutarýança ojaga atdy. 24  Patyşa⁠-⁠da, hyzmatkärleri⁠-⁠de gorkmady, habary eşidip, hiç kim ýakasyny⁠-⁠da ýyrtmady. 25  Elnatan+, Delaýa+ we Gemarýa+ patyşadan golýazmany ýakma diýip, näçe ýalbarsalar⁠-⁠da, patyşa olara gulak asmady. 26  Patyşa Ýerehmil şazada, Ezraýylyň ogly Seraýa, Abdyllanyň ogly Selimýara Baruk kätibi we Ýermeýa pygamberi tutup getirmegi buýurdy. Ýöne Ýehowa olary gizläpdi+. 27  Patyşa Ýermeýa pygamberiň Baruga ýazdyran golýazmasyny+ otda ýakanyndan soň, Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 28  «Başga bir golýazmany al⁠-⁠da, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan birinji golýazmasyndaky+ sözlerini ýaz. 29  Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýehoýakyma şeýle aýdýar diý: „Sen golýazmany otda ýakdyň. Şeýle⁠-⁠de sen: „Golýazmada näme üçin Wawilon patyşasy ýurdy weýran eder, ne adam, ne haýwan galar“+ diýip ýazylypdyr?“ diýdiň. 30  Şonuň üçin Ýehowa Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada: „Dawudyň tagtynda onuň neslinden hiç kim oturmaz+. Onuň jesedi gündiziň jokrama yssysynda, gijäniň aňzak aýazynda serlip ýatar“+ diýýär. 31  Men patyşadan we onuň nesillerinden, hyzmatkärlerinden eden günäsi üçin hasabat soraryn. Men olaryň, Iýerusalim ilatynyň we ýahuda halkynyň başyna betbagtçylyk indererin diýip aýtsam⁠-⁠da+, olar meni diňlemediler»+. 32  Ýermeýa başga bir golýazmany aldy we Nuryýaryň ogly Baruk kätibe berdi+. Ýermeýa Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ýakan golýazmasyndaky+ ähli sözleri Baruga täzeden ýazdyrtdy. Golýazma şuňa meňzeş başga⁠-⁠da köp sözler ýazyldy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: naharhanasynda.
Ýa⁠-⁠da: köşk emeldarlary.