Ýermeýa 38:1—28

  • Ýermeýany guýa taşlaýarlar (1—6)

  • Abdymälik Ýermeýany halas edýär (7—13)

  • Ýermeýa Sadykýara boýun eg diýip ýalbarýar (14—28)

38  Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Selimýaryň ogly Ýuhal+ we Mälikýaryň ogly Paşhur+ Ýermeýa pygamberiň halka aýdan şu sözlerini eşitdiler:  «Ýehowa şeýle diýýär: „Şäherde galan adamlar gylyçdan, açlykdan we mergiden öler+. Emma haldeýlere boýun bolan adamlar bolsa halas bolup, janyny gutarar“+.  Ýehowa şeýle diýýär: „Şäher Wawilon patyşasynyň goşunyna boýun eger, ol şäheri basyp alar“»+.  Han⁠-⁠begler patyşa şeýle diýdiler: «Ýermeýa öldürilsin+, sebäbi ol şäherde galan esgerleri we halky ruhdan düşürýär*. Ol adamlara parahatlyk däl⁠-⁠de, betbagtçylyk isleýär».  Sadykýar patyşa olara jogap berip: «Ol siziň eliňizde, patyşa size hiç zat diýmez» diýdi.  Olar Ýermeýany tutup, Garawulhananyň howlusyndaky+ Mälikýar şazadanyň guýusyna taşladylar. Olar Ýermeýany ýüp bilen guýa salladylar. Guýy suwsuzdy, batgady. Ýermeýa batga batdy.  Köşk agtasy* efiopiýaly Abdymälik+ Ýermeýanyň guýa taşlanandygyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesiniň+ öňünde otyrdy.  Abdymälik köşkden çykyp, patyşanyň ýanyna baryp şeýle diýdi:  «Patyşahym, adamlar Ýermeýa pygambere ýamanlyk etdiler, guýa taşladylar. Ýermeýa guýuda açlykdan öler, sebäbi şäherde çörek galmady»+. 10  Patyşa efiopiýaly Abdymälige tabşyryp: «Ýanyňa 30 adam al⁠-⁠da, Ýermeýa pygamberi guýudan çykar. Ol guýuda ölüp galaýmasyn» diýdi. 11  Abdymälik ýany bilen adamlary alyp, köşge gitdi. Olar hazynanyň+ aşagyndaky otaga baryp, köne⁠-⁠küşül matalary, esgileri alyp, olary ýüpe daňyp, guýuda oturan Ýermeýa salladylar. 12  Efiopiýaly Abdymälik Ýermeýa: «Esgileri, bölek matalary goltugyň aşagyna goý» diýdi. Ýermeýa hem aýdylyşy ýaly etdi. 13  Olar Ýermeýany guýudan ýüp bilen çekip çykardylar. Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda galdy+. 14  Sadykýar patyşa Ýermeýa pygamberi Ýehowanyň öýüniň üçünji girelgesine getirtdi. Patyşa Ýermeýa: «Bir zat sorajak, ýöne menden hiç zat gizleme» diýdi. 15  Ýermeýa Sadykýar patyşa: «Eger aýtsam, meni öldürersiň, maslahat bersem, diňlemersiň» diýdi. 16  Sadykýar patyşa hiç kime eşitdirmän Ýermeýanyň ýanynda ant içip: «Bize ýaşaýyş beren Ýehowa diri şaýatdyr! Men seni öldürmerin, janyň kastyna çykan adamlaryň eline bermerin» diýdi. 17  Ýermeýa Sadykýar patyşa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowanyň habary şeýledir: „Eger Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egseň, janyňy halas edersiň. Şäher otlanmaz, sen öý⁠-⁠içeriň bilen aman galarsyň+. 18  Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠beglerine boýun egmeseň, şäher haldeýleriň eline geçer. Olar şäheri otlarlar+, senem olaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň“»+. 19  Sadykýar patyşa Ýermeýa: «Men haldeýleriň tarapyna geçen ýehudylardan gorkýaryn. Olaryň eline düşsem, olar maňa ýowuz daraşarlar» diýdi. 20  Ýermeýa şeýle diýdi: «Sen olaryň eline düşmersiň. Haýyş edýärin, Ýehowanyň sözüne gulak as, aýdýanlarymy diňle, peýdasy deger, aman galarsyň. 21  Emma boýun egmeseň, nämeleriň boljakdygyny Ýehowa maňa aýtdy: 22  Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan aýallaryň ählisi Wawilon patyşasynyň han⁠-⁠begleriniň+ öňüne getiriler. Olar şeýle diýerler:„Dostlaryň seni aldady, senden üstün çykdy+. Olar aýagyňa palta urdular*. Özleri bolsa gaçyp gitdiler“. 23  Seniň aýallaryň, ogullaryň ählisi haldeýleriň öňüne eltiler. Duşmanlaryň elinden gaçyp gutulyp bilmersiň, Wawilon patyşasynyň eline düşersiň+, sen sebäpli şäher ýanyp kül bolar»+. 24  Sadykýar Ýermeýa pygambere şeýle diýdi: «Bulary hiç kime aýdaýma, ýogsam ölersiň. 25  Han⁠-⁠begler biziň gürrüňdeş bolandygymyzy eşidip: „Aýtsana, patyşa näme diýdiň? Patyşa saňa näme diýdi? Bizden hiç zat gizleme, ýogsam ölersiň“+ diýseler, 26  sen olara şeýle jogap ber: „Men patyşa ýalbaryp, Ýehonatanyň öýüne ibermäň, ýogsam ol ýerde ölerin diýdim“»+. 27  Birnäçe wagtdan ähli han⁠-⁠begler Ýermeýanyň ýanyna baryp, soraga tutdular. Ýermeýa olara patyşanyň tabşyryşy ýaly jogap berdi. Han⁠-⁠begler oňa hiç zat diýmediler, sebäbi hiç haýsy gürrüňi eşitmändi. 28  Iýerusalim basylyp alynýança, Ýermeýa Garawulhananyň howlusynda boldy+. Iýerusalimiň basylyp alnan güni+ hem şol ýerdedi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: esgerleriň we halkyň elini gowşadýar.
Ýa⁠-⁠da: emeldary.
Sözme⁠-⁠söz: aýagyňy batga batyrdylar.