Ýermeýa 40:1—16

  • Nawuzardan Ýermeýany azat edýär (1—6)

  • Gedalýa häkim bolýar (7—12)

  • Gedalýa garşy dildüwşük (13—16)

40  Garawullaryň baştutany Nawuzardan+ Ýermeýany gandallap, Rama+ äkidipdi. Ol Wawilona sürgün edilen Iýerusalim we Ýahuda ýesirleriniň arasyndady. Garawullaryň baştutany Nawuzardan Ramada ony azat edenden soň, Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi.  Garawullaryň baştutany Ýermeýany bir gyra çekip, şeýle diýdi: «Ýehowa Hudaýyň ýurtda heläkçiligiň boljakdygyny aýdypdy.  Ýehowa aýdan sözüni ýerine ýetirdi. Sebäbi siz Ýehowa garşy günä etdiňiz, oňa gulak asmadyňyz. Şonuň üçin şeýle zatlar başyňyza geldi+.  Indi eliňdäki gandallary aýryp, seni azat edýärin. Meniň bilen Wawilona gitmek isleseň, ýör, gideli, özüm aladaňy ederin. Eger gitmek islemeseň, gitme. Seret, tutuş ýurt seniň öňüňde. Göwnüň islän ýerine git!»+  Ýermeýa jogap bermäge ýaýdanyp duransoň, Nawuzardan: «Wawilon patyşasynyň Ýahudanyň şäherleriniň üstünden goýan häkimi Şapanyň+ agtygy, Ahykamyň+ ogly Gedalýanyň+ ýanynda, il⁠-⁠günüň arasynda ýaşaber ýa⁠-⁠da göwün islän ýeriňe git» diýdi. Garawullaryň baştutany Ýermeýa azyk⁠-⁠owkat we sowgat berip, ýola saldy.  Ýermeýa Mispadaky+ Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanyna gitdi we ýurtda galan halkyň arasynda ýaşady.  Wagtyň geçmegi bilen, tutuş ýurduň goşunbaşylary we olaryň adamlary Wawilon patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany Wawilona sürgün edilmedik garyp adamlaryň, aýallaryň, çagalaryň hem Ýahuda ýurdunyň üstünden häkim edip belländigini eşitdiler+.  Netanýanyň ogly Ysmaýyl+, Kareýiň ogullary Ýohanan+ bilen Ýonatan, Tanhumetiň ogly Seraýa, netopaly Epaýyň ogullary we magakatlylardan Ýeznap+ hem⁠-⁠de olaryň adamlary Mispa şäherinde ýaşaýan Gedalýanyň ýanyna geldiler+.  Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýa olaryň we adamlarynyň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Haldeýlere gul bolmakdan gorkmaň. Ýurtda ýaşap, Wawilon patyşasyna hyzmat ediň, şonda özüňiz üçin gowy bolar+. 10  Men bolsa Mispada galyp, haldeýleriň öňünde size wekilçilik ederin. Siz bolsa hasyl ýygnaň, şerap hem ýag taýýarlap, küýzeleriňizi dolduryň, eýelän şäherleriňizde ýaşaberiň»+. 11  Mowapda, Ammonda, Edomda we başga ýurtlarda ýaşaýan ýehudylar hem Wawilon patyşasynyň Ýahuda ýurdunda galdyran adamlarynyň üstünden Şapanyň agtygy, Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigini eşitdiler. 12  Şeýlelikde, çar tarapa dargan ýehudylar Ýahuda ýurduna we Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. Olar örän köp şerap ýasadylar we köp ir⁠-⁠iýmiş ýygnadylar. 13  Kareýiň ogly Ýohanan bilen ýurtdaky ähli goşunbaşylar Mispa şäherindäki Gedalýanyň ýanyna geldiler. 14  Olar Gedalýa: «Ammon+ patyşasy Bagalysyň seni öldürmek üçin Netanýanyň ogly Ysmaýyly iberendiginden habaryň barmy?»+ diýdiler. Emma Ahykamyň ogly Gedalýa olara ynanmady. 15  Kareýiň ogly Ýohanan Mispada Gedalýa bilen gizlinlikde gepleşip: «Men gidip, Netanýanyň ogly Ysmaýyly öldüreýin, muny hiç kim bilmez. Ol seni näme üçin öldürmelimişin? Näme üçin ýanyňa ýygnanan ýahuda halky dargap, aman galanlar heläk bolmaly?» diýdi. 16  Emma Ahykamyň ogly Gedalýa+ Kareýiň ogly Ýohanana: «Muny etme. Ysmaýyl hakda aýdýanlaryň ýalan!» diýdi.

Çykgytlar