Ýermeýa 45:1—5

  • Ýehowanyň Baruga aýdan sözleri (1—5)

45  Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň hökümdarlygynyň dördünji ýylynda+ Nuryýaryň ogly Baruk+ Ýermeýa pygamberiň aýdanlaryny kitaba ýazyp otyrka+, Ýermeýa şeýle diýdi:  «Baruk, Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sen hakda şeýle diýýär:  „Sen: „Waý halyma, Ýehowa derdime dert goşdy! Ahy⁠-⁠naladan ýaňa tapdan düşdüm. Ýüregim rahatlyk tapanok“ diýýärsiň“.  Ýehowa saňa şeýle diýýär: „Men tutuş ýurtda dikenimi ýykaryn, ekenimi köki bilen sograryn+.  Sen nebsiňe çapýarsyň, nebsiňe haý diý!* Men ähli adamlaryň üstüne betbagtçylyk indererin+. Emma sen nirä gitseň⁠-⁠de, janyňy goraryn“+. Muny Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Sen özüňe köp zat soraýarsyň, beýle zatlara kowalaşma!