Ýermeýa 7:1—34

  • Ybadathana bil baglap aldanýarlar (1—11)

  • Ybadathana Şilo meňzär (12—15)

  • Ýalan sežde ýazgarylýar (16—34)

    • Asman melikesine sežde edýärler (18)

    • Ogul⁠-⁠gyzlaryny Hennemde ýakýarlar (31)

7  Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi:  «Ýehowanyň öýüniň derwezesiniň öňünde dur⁠-⁠da, habarymy yglan et: „Ýehowa sežde etmek üçin derwezelerden girýän ýahuda halky, Ýehowanyň sözüni diňläň.  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ýollaryňyzdan dönüp, işleriňizden el çekiň. Şonda sizi ýurduňyzda ýaşadaryn+.  Siz: „Ýehowanyň ybadathanasy! Ýehowanyň ybadathanasy! Ýehowanyň ybadathanasy!“ diýip, öz⁠-⁠özüňizi aldamaň+.  Eger ýollaryňyzdan dönüp, işleriňizden el çekseňiz, goňşy arasynda adalaty dikeltseňiz+;  gelmişeklere, ýetimlere we dul aýallara zulum⁠-⁠sütem etmeseňiz+, ýurtda bigünä adamyň ganyna galmasaňyz, özüňize zyýan ýetirip, ýat taňrylaryň yzyna eýermeseňiz+,  sizi watanyňyzda, ata⁠-⁠babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn“».  «Emma siz ýalan sözlere ynanýarsyňyz+, munuň size hiç hili peýdasy bolmaz.  Siz ogurlyk edýärsiňiz+, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz+, Bagala gurbanlyk berýärsiňiz+, tanamaýan taňrylaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. 10  Şeýle nejis işleri edeniňizden soňra meniň adym dakylan öýe gelip: „Biz halas bolarys!“ diýýärsiňiz. 11  Meniň adym dakylan öýe garakçylaryň mekanydyr öýdýärsiňizmi?+ Men näme edýäniňizi görüp durun». Muny Ýehowa aýdýar. 12  «„Indi beýik adym üçin Şiloda ilkinji saýlan ýerime+, mukaddes ýerime gidiň. Ysraýyl halkynyň eden zalym işleri üçin ol ýere näme edendigimi görüň+. 13  Emma siz ýene⁠-⁠de bularyň ählisini edýärsiňiz — muny Ýehowa aýdýar. — Men size gaýta⁠-⁠gaýta* aýtsam⁠-⁠da, gulak asmaýarsyňyz+. Sizi çagyrsam⁠-⁠da, jogap bermeýärsiňiz+. 14  Şonuň üçin Şiloda näme eden bolsam, siziň bil baglaýan+ we meniň adym dakylan öýi, size hem⁠-⁠de ata⁠-⁠babalaryňyza beren ybadathanamy hem şeýle ederin+. 15  Doganlaryňyzy, bütin Efraýym nesillerini huzurymdan kowşum ýaly, sizi⁠-⁠de kowaryn“+. 16  Indi halk üçin doga etme. Olar üçin aglap, maňa ýüz tutma, ýalbarma+. Men seni barybir diňlemerin+. 17  Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändigini görmeýärmiň? 18  Ogullary odun ýygnaýar, kakalary ot ýakýar, Asman melikesine*+ sadaka çöregini bermek üçin ejeleri hamyr ýugurýar. Olar meni ynjatmak üçin başga taňrylara şerap sadakalaryny berýärler+. 19  Ýehowa şeýle diýýär: „Olar meni ynjadaryn öýdýärler, emma özleri zyýan çekip, utanja galýarlar“+. 20  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Men gahar⁠-⁠gazabymy ýurduň, adamlaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň, agaçlaryň we hasylyň üstüne dökerin+. Gaharym ot kimin lowlar, ol asla sönmez“+. 21  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Baryň, başga gurbanlyklary we ýakma gurbanlyklaryny getirýän bolsaňyz getiriberiň, etinem özüňiz iýiberiň+. 22  Sebäbi Müsürden çykaran günüm ata⁠-⁠babalaryňyza ýakma gurbanlyklary we başga gurbanlyklary bermek hakda agzamandym, gurbanlyk beriň diýip tabşyrmandym+. 23  Olara diňe şuny buýrupdym: „Maňa gulak asyň. Şonda men siziň Hudaýyňyz, siz⁠-⁠de meniň halkym bolarsyňyz+. Görkezen ýollarymdan ýöreseňiz, bol bereketleri alarsyňyz“+. 24  Ýöne olar meni diňlemediler, maňa gulak asmadylar+, kesirlik bilen öz pikirlerine, zalym ýüreklerine görä hereket etdiler+. Olar öňe ýöremän, yza ýörediler. 25  Ata⁠-⁠babalaryňyzyň Müsürden çykan gününden bäri+, men olaryň ýanyna her gün, yzly⁠-⁠yzyna pygamberlerimi ibererdim+. 26  Emma hiç kim meni diňlemedi, maňa gulak asmady+. Olar boýnuýogynlyk edip, ata⁠-⁠babalaryndan hem beter boldular. 27  Olara şu sözleri aýtsaň⁠-⁠da+, seni diňlemezler, olary çagyrsaň⁠-⁠da, saňa jogap bermezler. 28  Halka şeýle diýersiň: „Siz Ýehowa Hudaýyňyzdan ýüz öwren, terbiýesini kabul etmedik halk. Wepaly adam ýok, wepany agzaýan ýok“+. 29  Saçyňy* gyrk, takrap ýatan baýyrlara çykyp, zaryn⁠-⁠zaryn agla*. Sebäbi Ýehowa bu nesilden ýüz öwürdi, gaharyny getirendigi üçin olary taşlady. 30  Ýehowa şeýle diýýär: „Ýahuda halky meniň ýigrenýän işlerimi etdi. Olar meniň adym dakylan öýi haram etmek üçin nejis butlary dikdiler+. 31  Olar ogul⁠-⁠gyzlaryny otda ýakmak+ üçin Hennem oglunyň jülgesindäki*+ Topetde seždegähleri* gurdular. Men muny tabşyrmandym, beýle zat pikirime⁠-⁠de gelmändi“+. 32  Ýehowa şeýle diýýär: „Ol ýere Topet ýa⁠-⁠da Hennem oglunyň jülgesi däl⁠-⁠de, Gyrgynçylyk jülgesi diýiljek günler geler. Topetde jesetleriň köplüginden ýaňa jaýlamaga ýer galmaz+. 33  Halkyň jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar. Olary gorkuzan adam bolmaz+. 34  Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde öýlenýän ýigit bilen gelniň sesini, şatlyk we gülki sesini keserin+. Ýurt harabaçylyga öwrüler“»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.
Biwepa ysraýyllaryň sežde eden aýal taňrysy. Belki, hasyl taňrysydyr.
Ýa⁠-⁠da: Nezirlik saçyňy.
Ýa⁠-⁠da: agy aýdymyny aýt.
Sözlüge serediň: Jähennem.
Sözlüge serediň.