Birinji Taryh 20:1—8

  • Rapanyň basylyp alynmagy (1—3)

  • Piliştli äpet adamlar (4—8)

20  Ýylyň başynda*, şalaryň söweşe çykýan wagty Ýowap+ goşuny bilen gidip, ammonlaryň ýurduny ýer bilen ýegsan etdi. Ol Rapa şäheriniň+ daşyny gabady. Dawut bolsa Iýerusalimde galypdy+. Ýowap Rapa çozup, şäheri derbi⁠-⁠dagyn etdi+.  Dawut Malkamyň* gymmatbaha gaşlar bilen bezelen täjini aldy; ondaky altynyň agramy bir batmandy*. Täji Dawudyň başyna geýdirdiler. Ol şäherden birgiden olja aldy+.  Ilatyny bolsa şäherden çykaryp, daş ýondurdy, ýiti demir gurallar we paltalar bilen işletdi+. Dawut ammonlaryň beýleki şäherlerinde hem şeýle etdi. Şondan soň Dawut esgerleri bilen Iýerusalime dolandy.  Soňra piliştliler bilen Gezerde söweş boldy. Şol söweşde huşaly Sibekaý+ Refaýimiň+ neslinden Sipaýy öldürdi. Piliştliler ysraýyllara boýun egdiler.  Piliştliler bilen ýene⁠-⁠de söweş boldy. Şonda Ýaýyryň ogly Alhanan getli Jalutyň+ dogany Lahmany öldürdi. Lahmanyň naýzasynyň sapy dokma agajy ýalydy+.  Get+ galasynda ýene uruş turdy. Şol ýerde bir äpet adam+ bardy, onuň elleri⁠-⁠de, aýaklary⁠-⁠da 6 barmaklydy, jemi 24 barmagy bardy. Ol hem Refaýimiň neslindendi+.  Ol ysraýyllaryň üstünden gülýärdi+. Emma Dawudyň dogany Şimegiň+ ogly Ýonatan ony öldürdi.  Olar getli+ Refaýimiň neslindendi+. Olar Dawut bilen nökerleriniň elinden öldi.

Çykgytlar

Ýagny ýaz paslynda.
Ammonlaryň taňrysy göz öňünde tutulýan bolmaly. Molek ýa-da Milkom hem diýilýär.