Ikinji Patyşalar 5:1—27

  • Alyşa Nagymany heýwere keselinden sagaldýar (1—19)

  • Açgöz Geýhaz heýwere keseline uçraýar (20—27)

5  Siriýa patyşasynyň Nagyman atly goşunbaşysy bardy. Ol at⁠-⁠abraýly adamdy, patyşa⁠-⁠da oňa hormat goýýardy, Ýehowa ol arkaly siriýalylara ýeňiş beripdi. Nagyman batyr adamdy, ýöne ol heýwere keseline* uçrapdy.  Siriýalylar Ysraýyl ýurduna çozanda, bir gyzjagazy hem ýesir alypdylar. Ol Nagymanyň aýalyna hyzmat edýärdi.  Gyzjagaz hojaýyn aýala: «Jenabym Samariýada ýaşaýan pygamberiň+ ýanyna gitsedi, pygamber ony heýwere keselinden sagaldardy»+ diýdi.  Ol* hem patyşanyň ýanyna gidip, gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi.  Şonda Siriýa patyşasy Nagymana: «Haýal etmän ýola düş. Men Ysraýyl patyşasyna hat ýazyp bereýin» diýdi. Nagyman on batman* kümüş, 6 000 şekel altyn we on laý eşik alyp, ýola düşdi.  Ol Ysraýyl patyşasyna haty eltip berdi. Hatda: «Şu haty sadyk gulum Nagymandan iberýärin, Nagymany heýwere keselinden sagalt» diýen sözler bardy.  Ysraýyl patyşasy haty okap, ýakasyny ýyrtdy⁠-⁠da: «Birini öldürip ýa direlder ýaly, men näme, Hudaýmy?+ Ol şu adamy heýwere keselinden sagalt diýip iberipdir. Serediň⁠-⁠ä, ol meniň bilen uruşmaga bahana gözleýär» diýdi.  Hak Hudaýyň guly Alyşa Ysraýyl patyşasynyň ýakasyny ýyrtandygyny eşiden badyna, oňa habar ýollap: «Ýakaňy ýyrtar ýaly näme bolupdyr? Şol adamy meniň ýanyma iber, goý, ol Ysraýylda pygamberiň bardygyny bilsin»+ diýdi.  Nagyman atlary, söweş arabalary bilen Alyşanyň gapysyna gelip durdy. 10  Alyşa bolsa bir adamy iberip, Nagymana: «Git⁠-⁠de, Iordan derýasyna+ ýedi gezek+ çümüp çyk. Şonda endam⁠-⁠janyň tämizlenip sagalarsyň» diýdi. 11  Nagymanyň muňa gahary gelip: «Men⁠-⁠ä pygamber öňümden çykyp, ýanyma geler, Ýehowa Hudaýynyň adyny çagyrar⁠-⁠da, elini üstümden aýlap, heýwere keselimden sagaldar öýtdüm» diýip, yzyna gaýtjak boldy. 12  Ol: «Damasgyň+ Abana bilen Farfar derýalary Ysraýyldaky derýalardan müň esse gowy! Men şolara çümüp çykybam sagalyp bilerdim!» diýdi⁠-⁠de, gaharyna yzyna öwrülip gaýtdy. 13  Nagymanyň hyzmatkärleri: «Agam*, eger pygamber saňa kyn zat diýen bolsa etmezdiňmi? Ol kyn zat diýmedi ahyryn, diňe suwa çümüp çykaýmaly» diýdiler. 14  Nagyman hem gidip, hak Hudaýyň gulunyň aýdyşy ýaly, Iordan derýasyna ýedi gezek çümüp çykdy+. Şonda ol tämizlenip+, endam⁠-⁠jany çaganyňky ýaly boldy+. 15  Soňra Nagyman nökerleri bilen hak Hudaýyň gulunyň ýanyna baryp+: «Men indi diňe Ysraýyl ýurdunda hak Hudaýyň bardygyna göz ýetirdim+. Guluňdan şu sylag⁠-⁠serpaýlary* kabul et» diýdi. 16  Emma Alyşa: «Meniň gulluk edýän Ýehowa Hudaýym diri şaýatdyr, sylag⁠-⁠serpaýyňy alyp biljek däl»+ diýdi. Nagyman näçe ýalbarsa⁠-⁠da, Alyşa almady. 17  Ahyry Nagyman: «Onda rugsat berseň, iki gatyra ýükläp, ýurduňdan toprak äkideýin. Indiden beýläk Ýehowadan başga hiç bir taňra gurbanlyk* ýa sadaka bermerin. 18  Ýöne Ýehowa meniň bir ýazygymy bagyşlaýsyn. Patyşahym Rimmon taňrynyň buthanasyna baryp, sežde edende maňa söýenýär, şonda menem eglip, dyz epmeli bolýaryn. Rimmon taňrynyň buthanasynda dyz epýänim üçin, Ýehowa günämi geçsin» diýdi. 19  Alyşa: «Bar, arkaýyn gidiber» diýdi. Nagyman ýola düşüp, biraz ýöräpdi. 20  Şonda hak Hudaýyň guly+ Alyşanyň hyzmatkäri Geýhaz+ içinden: «Halypam⁠-⁠a siriýaly Nagymanyň+ eli bilen getiren sylag⁠-⁠serpaýyny almady. Ýehowa diri şaýatdyr, yzyndan ylgap baraýyn⁠-⁠da, özüme bir zatlar alaýyn» diýdi. 21  Geýhaz Nagymanyň yzyndan ýetdi. Nagyman biriniň ylgap gelýänini görüp, garşylamak üçin arabasyndan düşdi⁠-⁠de: «Eýgilikmi?» diýip sorady. 22  Ol hem: «Eýgilik, ýöne halypam: „Edil ýaňyja Efraýymyň daglaryndan iki pygamber ýigit* geldi. Gaýrat edip, şolara bir batman kümüş bilen iki laý eşik beräý“+ diýýär. Meni hem şonuň üçin ugratdy» diýdi. 23  Nagyman: «Bir däl, iki batman al» diýdi. Ol Geýhaza ýalbar⁠-⁠ýakar edip+, iki batman kümüş bilen iki laý eşik berdi. Nagyman olary iki halta salyp, hyzmatkärlerine berdi. Hyzmatkärler haltalary göterip, Geýhazyň öňüne düşüp gitdiler. 24  Opele* ýetip, Geýhaz haltalary hyzmatkärlerden alyp, öýe saldy⁠-⁠da, olary yzyna ugratdy. Hyzmatkärler gidende, 25  içerik girip, halypasynyň ýanyna bardy. Alyşa: «Geýhaz, nirä gidip geldiň?» diýip sorady. Geýhaz: «Hiç ýerik gidemok»+ diýdi. 26  Şonda Alyşa: «Ol adamyň yzyndan gideniňi, onuň hem arabasyndan düşüp, seni garşylanyny bilmeýändirin öýdýäňmi? Heý⁠-⁠de, şu wagt kümüş, egin⁠-⁠eşik, zeýtun, üzüm baglaryny, mal⁠-⁠gara ýa gul⁠-⁠gyrnak edinmegiň wagtymy?+ 27  Indi Nagymanyň heýwere keseli+ saňa geçip, nesliňden hem aýrylmaz» diýdi. Şol bada Geýhaz heýwere keseline uçrap, endam⁠-⁠jany gar ýaly çuw ak+ boldy. Geýhaz Alyşanyň ýanyndan çykyp gitdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: deri keseline.
Nagyman göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: Atam.
Sözme⁠-⁠söz: berekedini.
Ýa⁠-⁠da: ýakma gurbanlygyny.
Sözme⁠-⁠söz: pygamber ogullary.
Samariýada ýerleşýär. Baýyr ýa⁠-⁠da gala bolmagy mümkin.