Danyýar 3:1—30

  • Nawuhodonosor patyşanyň ýasadan altyn heýkeli (1—7)

    • Heýkele sežde ediň diýip jar çekilýär (4—6)

  • Üç ýewreý ýigidi ýamanlaýarlar (8—18)

    • Taňrylaryňyza sežde etmeris (18)

  • Lowlap duran peje atýarlar (19—23)

  • Gudrat bilen otdan halas bolýarlar (24—27)

  • Patyşa ýewreýleriň Hudaýyny şöhratlandyrýar (28—30)

3  Nawuhodonosor patyşa beýikligi 60 tirsek*, ini 6 tirsek* altyn heýkel ýasatdy. Patyşa heýkeli Wawilon welaýatynyň Deýra düzlüginde goýdy.  Nawuhodonosor patyşanyň buýrugy bilen ýurduň emirleri, wezir⁠-⁠wekilleri, han⁠-⁠begleri, maslahatçylary, hazynadarlary, kazylary, şäher we welaýat häkimleri patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna çagyryldy.  Ýurduň emirleri, wezir⁠-⁠wekilleri, han⁠-⁠begleri, maslahatçylary, hazynadarlary, kazylary, şäher we welaýat häkimleri Nawuhodonosor patyşanyň diken heýkeliniň açylyş dabarasyna geldiler. Olar Nawuhodonosor patyşanyň diken heýkeliniň öňünde durdular.  Jarçy batly ses bilen jar çekdi: «Eý halklar, milletler, diller! Patyşa şeýle buýruk berýär:  surnaýyň, tüýdügiň, kanun* saz guralynyň, arfanyň, çeň* saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden badyňyza, Nawuhodonosor patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde ediň.  Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam şol bada ýanyp duran peje taşlanjakdyr»+.  Ähli halklar, milletler, diller surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyna, Nawuhodonosor patyşanyň diken altyn heýkeliniň öňünde ýere ýüzin düşüp sežde etdiler.  Şonda haldeýleriň käbiri patyşanyň ýanyna baryp, ýehudylary ýamanlady*.  Olar Nawuhodonosor patyşa şeýle diýdiler: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! 10  Eý patyşa, siz surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden her bir adamyň ýere ýüzin düşüp, altyn heýkeliň öňünde sežde etmelidigi barada buýruk beripdiňiz. 11  Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adamy şol pursadyň özünde ýanyp duran peje taşlamagy emr edipdiňiz+. 12  Emma Wawilon welaýatynda ýokary wezipäni eýeleýän ýehudylar: Sedrah, Meşah we Abdynag+ size hormat goýmaýar. Patyşahym, olar siziň taňrylaryňyza gulluk etmeýärler we siziň diken altyn heýkeliňize sežde etmekden boýun gaçyrýarlar». 13  Şonda Nawuhodonosor patyşanyň gany depesine urup, Sedrahy, Meşahy, Abdynagy getirmegi buýurdy. Olary patyşanyň huzuryna getirdiler. 14  Nawuhodonosor şeýle diýdi: «Sedrah, Meşah, Abdynag! Siz, hakykatdanam, meniň taňrylaryma+ gulluk etmeýärsiňizmi, diken altyn heýkelime sežde etmeýärsiňizmi? 15  Siz surnaýyň, tüýdügiň, kanun saz guralynyň, arfanyň, çeň saz guralynyň, meşikli tüýdügiň we beýleki saz gurallaryň sesini eşiden badyňyza, meniň diken heýkelime ýüzin düşüp sežde etseňiz, özüňiz üçin gowy bolar. Emma siz sežde etmeseňiz, şol bada ýanyp duran peje taşlanarsyňyz. Hany, göreli⁠-⁠bakaly, meniň elimden sizi haýsy hudaý halas edip biler?»+ 16  Sedrah, Meşah we Abdynag patyşa ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Nawuhodonosor patyşa, bu hakda gepleşip durmagyň geregi ýok. 17  Eger peje atsaňyz, sežde edýän Hudaýymyz halas eder. Eý patyşa, Hudaýymyz lowlap duran peçdenem, siziň eliňizdenem halas eder+. 18  Emma Hudaý halas etmese⁠-⁠de, eý patyşa, bilip goýuň, siziň taňrylaryňyza⁠-⁠da, diken altyn heýkeliňize⁠-⁠de sežde etmeris»+. 19  Nawuhodonosoryň Sedraha, Meşaha we Abdynaga gahary gelip, ýüzi⁠-⁠gözi üýtgäp gitdi. Ol pejiň oduny ýedi esse artdyrmagy buýurdy. 20  Patyşa daýaw esgerlerine Sedrahy, Meşahy we Abdynagy daňyp, lowlap duran peje atmagy tabşyrdy. 21  Olaryň el⁠-⁠aýagyny daňdylar⁠-⁠da, ýapynjasy, köýnegi, telpegi we beýleki geýimleri bilen ýanyp duran peje atdylar. 22  Patyşanyň ýowuz buýruk bermegi bilen, pejiň oduny şeýle bir güýçlendirdiler welin, Sedrahy, Meşahy we Abdynagy peje atan adamlar oda ýanyp öldüler. 23  Elleri daňylgy Sedrah, Meşah we Abdynag bolsa ýanyp duran pejiň içine düşdüler. 24  Nawuhodonosor patyşa gorkdy we dessine ýerinden turup, baş emeldarlaryndan: «Biz üç adamy daňyp peje atmadykmy?» diýip sorady. Olar: «Hawa, patyşahym!» diýip jogap berdiler. 25  Ol: «Serediň, men oduň içinde dört adamy görýän. Olar pejiň içinde gezip ýörler, ellerem daňylgy däl, hiç hili zyýanam ýetmändir. Dördünji adam taňrylara meňzeýär⁠-⁠le!» diýdi. 26  Nawuhodonosor ýanyp duran pejiň gapysynyň golaýyna baryp: «Allatagalanyň*+ gullary, Sedrah, Meşah, Abdynag! Çykyň daşyna, geliň bäri!» diýdi. Sedrah, Meşah we Abdynag oduň içinden çykdylar. 27  Ol ýere ýygnanan emirler, wezir⁠-⁠wekiller, häkimler we baş emeldarlar+ olaryň endamyna zyýan ýetmändigini gördüler+. Olaryň saçynyň ýekeje tary hem ýanmandyr, ýapynjalaryna hiç zat bolmandyr, hatda üstlerinden oduň ysy hem gelmeýärdi. 28  Nawuhodonosor şeýle diýdi: «Sedrahyň, Meşahyň, Abdynagyň Hudaýyna şöhrat!+ Ol perişdesini iberip, gullaryny halas etdi. Olar Hudaýyna bil bagladylar, patyşanyň kanunyna tabyn bolmadylar. Olar öz Hudaýyndan başga hiç bir taňra gulluk⁠-⁠da, sežde⁠-⁠de etmän, ölüm bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz durmagy saýladylar+. 29  Şonuň üçin men Sedrahyň, Meşahyň, Abdynagyň Hudaýyna dil ýetiren islendik halky, milleti we dilleri çapym⁠-⁠çapym etmegi, öýlerini hajathana* döndermegi buýurýaryn. Sebäbi şol Hudaýdan başga halas edip biljek taňry ýokdur»+. 30  Soňra patyşa Wawilon welaýatynda Sedrahyň, Meşahyň we Abdynagyň wezipesini has⁠-⁠da beýgeltdi+.

Çykgytlar

Kirişli saz guralynyň bir görnüşi.
Arfanyň bir görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: ýehudylara töhmet atdy.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: zir⁠-⁠zibile; nejasat üýşmegine.