Mikaý 4:1—13

  • Ýehowanyň dagy belentde durar (1—5)

    • Gylyçlardan azallar ýasarlar (3)

    • Biz Ýehowanyň ady bilen ýöräris (5)

  • Dikeldilen Sion güýçli bolar (6—13)

4  Soňky günlerde*,Ýehowanyň öýüniň duran dagy+,Ähli daglardan belentde durar,Ol baýyrlardan hem beýik bolar,Ähli halklar oňa tarap eňerler+.   Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Ýehowanyň dagyna çykalyň,Ýakubyň Hudaýynyň öýüne baralyň+. Ol bize öz ýollaryny öwreder,Biz onuň ýodalaryndan ýöräris». Sebäbi kanun Siondan,Ýehowanyň sözi Iýerusalimden çykar.   Ol köp halklaryň arasynda kazylyk eder+,Uzakda ýaşaýan güýçli milletleriň dawasyny çözer. Olar gylyçlaryndan azallar,Naýzalaryndan oraklar ýasarlar+. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz,Indi söweşmegi öwrenmezler+.   Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar+.Olary hiç kim gorkuzyp bilmez+.Sebäbi Serkerdebaşy Ýehowa söz berdi.   Ähli halklar öz taňrylarynyň ady bilen ýörär.Biz bolsa elmydama we ebedilikHudaýymyz Ýehowanyň ady bilen ýöräris+.   Ýehowa şeýle diýýär:«Şol gün agsaklaýan,Dargadylan adamlary,Agyr jeza beren halkymy bir ýere ýygnaryn+.   Agsaklaýan halkymy aman galdyraryn+.Uzak ýurda sürgün edilen halkymy güýçli millet ederin+.Ýehowa Sion dagynda,Häzirem, gelejekde-de olara hökümdarlyk eder.   Eý sürimi garawullaýan diň,Sion gyzynyň baýry!+Sen ýene-de öňki ygtyýaryňa eýe bolarsyň+,Iýerusalim gyzynyň patyşalygy yzyna berler+.   Sen näme üçin dady-perýat edýärsiň? Seniň patyşaň ýokmy?Maslahatçylaryň aradan çykdymy?Näme üçin dogurýan aýal ýaly ejir çekýärsiň?+ 10  Eý Sion gyzy,Çaga dogurýan aýal ýaly azap çekip gygyr.Sebäbi sen şäherden çykyp, çölde ýaşarsyň. Uzak ýol söküp, Wawilona bararsyň+,Şol ýerde halas bolarsyň+,Ýehowa seni duşmanlardan satyn alar+. 11  Köp halklar jem bolup, saňa garşy çykar.Olar: „Goý, ol masgara bolsun!Sionyň haraba bolşuny gözümiz bilen göreliň“ diýer. 12  Ýöne olar Ýehowanyň pikirini bilmeýärler,Onuň niýetine düşünmeýärler.Ýaňy desselenen bugdaýyň harmana üýşürilişi deý,Alla-da olary bir ýere ýygnar. 13  Eý Sion gyzy, tur, harmanda däne döw!+Sebäbi seni demir şahly,Mis toýnakly öküz kimin ederin.Sen köp halklary kül-owram edersiň+. Olaryň haram gazanjyny Ýehowa,Emlägini ýer ýüzüniň Hojaýynyna bagyş edersiň»+.

Çykgytlar

Ýa-da: Dünýäniň soňunda.