Luka 24:1—53

24  Hepdäniň birinji güni* daň bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly otlaryny alyp, mazara geldiler+.  Görseler, mazaryň agzyndaky daş aýrylypdyr+.  Mazaryň içine girip görseler, Halypamyz Isanyň jesedi ýok eken+.  Aýallar geň galyp durkalar, olaryň öňünde dony şöhle saçyp duran iki adam peýda boldy.  Aýallar gorkudan ýaňa aşak seredip durdular. Ýaňky iki adam: «Siz näme üçin diri adamy ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?+  Isa bärde däl, ol direldi. Jelilede size näme diýendigini ýadyňyza salyň.  Ol Ynsan oglunyň günäkärleriň eline tabşyrylyp, pürse çüýlenjekdigini we üçünji güni direljekdigini aýdypdy»+ diýdiler.  Şonda aýallar Isanyň sözlerini ýatladylar+.  Olar mazardan gaýdyp, 11 resula we beýleki şägirtlere ähli zady habar berdiler+. 10  Mazara magdalaly Merýem, Ýanna we Ýakubyň ejesi Merýem gidipdi. Olar bilen giden beýleki aýallar hem bolan zatlary resullara gürrüň berdiler. 11  Emma resullar we beýleki şägirtler aýallaryň aýdýanlaryna boş gürrüňdir öýdüp ynanmadylar. 12  Petrus ýerinden turup, ylgap mazara bardy⁠-⁠da, eglip içine seretse, kependen* başga zat ýok eken. Ol haýran galyp, yzyna dolandy. 13  Şol gün Isanyň iki şägirdi Iýerusalimden ýedi çakrym* uzaklykdaky Emmawus obasyna barýardy. 14  Olar bolan wakalar hakda gürrüň edýärdiler. 15  Iki şägirt bolan zatlar hakda gürrüň edip gelýärkäler, Isa ýanlaryna gelip, olar bilen ýöräp gitdi. 16  Emma şägirtler ony tanamadylar+. 17  Isa olardan: «Siz näme hakda gürrüň edip gelýärsiňiz?» diýip sorady. Şägirtler aýak çekip, gamgyn halda oňa seretdiler. 18  Soňra Klepas atly şägirt: «Şu günler Iýerusalimde bolan zatlary bilmeýärsiň welin, gelmişeg⁠-⁠ä dälsiň?*» diýdi. 19  Isa: «Näme hakda?» diýip sorady. Olar şeýle diýdiler: «Sen nazaretli Isa hakda eşitmediňmi?+ Ol Hudaýyň we bütin halkyň öňünde gudratlar görkezen pygamberdi+. 20  Uly ruhanylar we baştutanlar oňa ölüm jezasyny berdirip+, pürse çüýletdiler. 21  Emma biz ol Ysraýyly halas eder öýdýärdik+. Bolan wakalardan bäri üç gün geçdi, ýöne hiç zat üýtgemedi. 22  Onsoňam, aýallaryň käbiri ir bilen mazara baryp, geň habar getirdiler+. 23  Olar mazardan jesedi tapmandyrlar. Şonda aýallara perişdeler görnüp, Isanyň diridigini aýdypdyrlar. 24  Şägirtleriň käbiri hem mazara baranlarynda+, aýallaryň aýdany dogry bolup çykdy. Ýöne olar Isany görmediler». 25  Isa olara: «Eý akylsyz we düşünjesiz adamlar! Siz näme üçin pygamberlere ynanmaýarsyňyz? 26  Mesih görgi baryny görüp+ şöhratlanmaly däldimi?»+ diýdi. 27  Isa olara mukaddes kitaplardaky, ýagny Musadan başlap ähli pygamberleriň kitaplarynda+ özi hakda ýazylan zatlary düşündirdi. 28  Olar oba ýetenlerinde, Isa geçip gitjek ýaly bolup göründi. 29  Şägirtler oňa ýalbaryp: «Gün batyp barýar, biziň bilen gidäý» diýdiler. Şonda Isa olar bilen gitdi. 30  Olar saçak başynda otyrkalar, Isa çöregi alyp, Hudaýa doga etdi*. Soňra çöregi bölüşdirip, şägirtlerine berdi+. 31  Şonda şägirtler Isany tanadylar, ýöne Isa gözden gaýyp boldy+. 32  Olar biri⁠-⁠birine: «Ol ýolda mukaddes kitaplarda ýazylanlary düşündirende, ýüregimiz tolgunypdy» diýişdiler. 33  Olar derrew ýerinden turdular⁠-⁠da, Iýerusalime gidip, 11 resul bilen beýleki şägirtleri tapdylar. 34  Şägirtler bilen resullar: «Dogrudanam, Halypamyz direlipdir! Ol Simuna hem görnüpdir»+ diýýärdiler. 35  Iki şägirt olara ýolda bolan wakany we Isany çörek bölüşinden tanandyklaryny gürrüň berdiler+. 36  Şägirtler bolan wakalar hakda gürrüň edip durkalar, Isa olaryň ýanynda peýda bolup: «Salam!»+ diýdi. 37  Olar gözüne perişde* görünýändir öýdüp, gorkdular we howsala düşdüler. 38  Isa olara: «Näme üçin gorkýaňyz? Näme üçin şübhelenýäňiz? 39  Elime, aýagyma serediň, bu men. Eliňizi degrip görüň, perişdäniň eti, süňki bolmaýar, ýöne meniň etim, süňküm bar» diýdi. 40  Soňra Isa elini we aýagyny görkezdi. 41  Şägirtler oňa haýran galyp, begenjinden ýaňa gözüne ynanyp bilmän durdular. Şonda Isa: «Iýere zat barmy?» diýdi. 42  Şägirtler gowrulan balykdan bir bölek berdiler. 43  Isa hem olaryň gözüniň alnynda iýdi. 44  Isa olara: «Ýadyňyzdamy, men ýanyňyzdakam, Töwratda, Pygamberler kitabynda we Zeburda özüm hakda ýazylanlaryň+ ýerine ýetmelidigini aýdypdym»+ diýdi. 45  Şägirtleri mukaddes kitaplaryň manysyna düşüner ýaly, Isa olaryň aňyny açdy+. 46  Soňra ol: «Mukaddes kitaplarda aýdylyşy ýaly, Mesih ejir çekip ölmeli we üçünji güni direlmeli+. 47  Şeýle⁠-⁠de Iýerusalimden başlap+ ähli halklara onuň adyndan hoş habary wagyz etmeli+, olara günäleriniň bagyşlanmagy üçin+, toba etmelidigi hakda aýtmaly. 48  Siz şol zatlar hakda gürrüň bermeli*+. 49  Men size Atamyň wada berenini iberýärin. Size gökden güýç iner, ony alýançaňyz Iýerusalimde galyň»+ diýdi. 50  Isa şägirtleri bilen Betaniýa çenli gitdi. Soňra ol elini uzadyp, olara ak pata berdi. 51  Ak pata berip durka, Isa şägirtlerinden uzaklaşyp, göge alyndy+. 52  Şägirtleri bolsa Isa tagzym edip, begenişip Iýerusalime gaýtdylar+. 53  Olar her gün ybadathanada bolup, Hudaýy şöhratlandyrýardylar+.

Çykgytlar

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Sözme⁠-⁠söz: zygyr matadan. Sözlüge serediň.
Takmynan 11 km. Sözme⁠-⁠söz: 60 stadiý. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: Iýerusalime myhmançylyga geldiňmi?
Sözme⁠-⁠söz: oňa pata berdi.
Sözme⁠-⁠söz: ruh.
Ýa⁠-⁠da: şaýatlyk etmeli; wagyz etmeli.