Melek 1:1—14

  • Ýehowa halkyny söýýär (1—5)

  • Ruhanylar şikesli mallary gurbanlyk berýär (6—14)

    • Hudaýyň ady halklaryň arasynda şöhratlanar (11)

1  Habar. Ýehowanyň Melek* pygamber arkaly Ysraýyla aýdan habary.  Ýehowa: «Eý halkym, men sizi söýýärin!»+ diýýär. Siz bolsa: «Biz⁠-⁠ä seniň söýgiňi görmedik» diýýärsiňiz. Ýehowa şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi?+ Ýöne men Ýakuby söýdüm,  Ysawy ýigrendim+. Onuň daglarynda janly⁠-⁠jemende galmady+, mirasyny çöle, şagallaryň sürenine öwürdim»+.  «Edom: „Biz weýran edildik, ýöne dolanyp geleris, haraba öwrülen ýerleri dikelderis“ diýýär. Emma Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Olar gurar, ýöne men ýykaryn. Olara „zalymlygyň mekany“ we „Ýehowanyň hemişelik ýüz öwren halky“+ diýerler.  Siz muny gözüňiz bilen görüp: „Goý, Ýehowa bütin Ysraýylda şöhratlansyn!“ diýersiňiz“».  «Adyma ysnat getirýän ruhanylar+, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Ogul atasyna, gul hem hojaýynyna hormat goýýar+. Eger men Ata bolsam+, näme üçin hormat goýmaýarsyňyz?+ Eger men Hojaýyn bolsam, näme üçin menden gorkmaýarsyňyz?“ Emma siz: „Adyňa ysnat getirer ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz.  „Gurbanlyk ojagyma* haram sadakalary* getirýärsiňiz“. „Seni masgara eder ýaly näme etdik?“ diýýärsiňiz. Siz: „Ýehowanyň saçagyna+ galan⁠-⁠gaçan hem bolýar“ diýýärsiňiz.  Kör maly gurbanlyk berip: „Kemi ýok“ diýýärsiňiz. Agsak, kesel maly getirip: „Kemi ýok“+ diýýärsiňiz». «Şolary häkimiňe eltip berseň, kabul edermi? Seni güler ýüz bilen garşy alarmy?» Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa şikesli mallary gurbanlyk berseňiz, kabul ederinmi? Şonuň üçin Hudaýyňyza ýalbaryň, rehim etmegini diläň». 10  «Size hak tölenmese+, ybadathananyň gapylaryny ýapmaýarsyňyz+, gurbanlyk ojagynda ot ýakmaýarsyňyz. Men sizden razy däldirin. Gurbanlyklaryňyzyň hiç birini kabul etmerin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 11  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Gündogardan günbatara çenli meniň adym halklaryň arasynda şöhratlanar+. Bütin ýer ýüzünde meniň adymyň hatyrasyna halal gurbanlyklar ýakylar, sadakalar berler. Meniň adym ähli halklaryň arasynda şöhratlanar»+. 12  «Emma siz: „Ýehowanyň saçagy, ondaky ir⁠-⁠iýmişler, näz⁠-⁠nygmatlar haramdyr“+ diýip, adyma ysnat getirýärsiňiz*+. 13  Siz: „Olardan bizar bolduk!“ diýip, ýüz⁠-⁠gözüňizi çytýarsyňyz — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siz ogurlanan, agsak we kesel mallary getirýärsiňiz. Siz nädip şeýle mallary gurbanlyk berip bilýärsiňiz?! Men olary kabul ederinmi?»+ Muny Ýehowa aýdýar. 14  «Sürüsinde sagdyn goçy bolsa⁠-⁠da, beren wadasyny berjaý etmek üçin Ýehowa şikesli maly gurbanlyk berýän hilegär adama nälet bolsun! Men beýik Patyşa!+ Ähli milletler adymdan gorkarlar+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Manysy: Meniň habarçym.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: çöregi.
Başga manysy: meni masgara edýärsiňiz.