Melek 3:1—18

  • Hakyky Hojaýyn arassalamaga gelýär (1—5)

    • Äht habarçysy (1)

  • Ýehowa dolanyň! (6—12)

    • Ýehowa üýtgeýän däldir (6)

    • «Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin» (7)

    • Hasylyň ondan birini getiriň, Ýehowa⁠-⁠da bereket berer (10)

  • Dogruçyl we erbet adamlar (13—18)

    • Hudaýyň ýatlama kitaby (16)

    • Dogruçyl bilen erbediň arasyndaky tapawut (18)

3  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men habarçymy ýollaýaryn, ol maňa ýol taýýarlar+. Siz hakyky Hojaýyny agtarýarsyňyz. Ine, ol ybadathanasyna+ duýdansyz geler. Sabyrsyzlyk bilen garaşýan äht habarçyňyz hem geler. Ol hökman geler!»  «Onuň geljek güni kim çydap biler? Kim öňünde durup biler? Ol demri arassalaýan ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny+ kimin bolar.  Ol kümşi eredip arassalaýan adam+ kimin Lewi ogullaryny arassalar. Olary altyn we kümüş kimin arassalar. Şonda olar Ýehowa päk ýürekden sadaka bererler.  Gadymy döwürde bolşy ýaly, Ýehowa Ýahudanyň we Iýerusalimiň berýän sadakalaryny kabul eder+.  Sizi tizden höküm etmäge gelenimde, jadygöýlere+, ahlaksyzlara, ýalandan ant içýänlere+, işçiniň+, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere+, gelmişeklere kömek etmeýänlere*+ jeza bererin. Olar menden gorkmadylar». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.  «Men — Ýehowa. Men üýtgeýän däldirin+. Ýakubyň ogullary, şonuň üçin sizi ýok etmedim!  Ata⁠-⁠babalaryňyzyň döwründen bäri kanunlarymy bozýarsyňyz, olary berjaý etmeýärsiňiz+. Maňa dolanyň, menem sizi kabul ederin»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. Emma siz: «Biz senden ýüz öwürdikmi näme?» diýýärsiňiz.  «Ynsan Allany talap bilermi? Emma siz meni talaýarsyňyz». Siz: «Biz näme etdik?» diýýärsiňiz. «Siz ne sadaka, ne⁠-⁠de hasylyň ondan birini berýärsiňiz.  Size nälet bolsun!* Siziň ähliňiz, hatda tutuş halk meni talaýar. 10  Hasylyň ondan birini ybadathana getiriň+. Meniň öýüm näz⁠-⁠nygmatdan dolsun+. Meni şeýdip synap görüň — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Siziň üçin gögüň derwezelerini açmarynmy?+ Size bereket ýagdyraryn, zada zar bolmarsyňyz»+. 11  «Men mör⁠-⁠möjeklere käýärin. Olar topragyň hasylyna zyýan ýetirip bilmezler. Üzüm baglaryňyz bol hasyl berer»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 12  «Ähli halklar size bagtly diýerler+, sebäbi ýurduňyz eşretli mekana öwrüler». Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 13  Ýehowa: «Siz men barada erbet zatlary aýdýarsyňyz» diýýär. Siz bolsa: «Sen barada näme aýdypdyrys?» diýýärsiňiz+. 14  «Siz şeýle diýýärsiňiz: „Hudaýa gulluk etmekden ne peýda?+ Serkerdebaşy Ýehowanyň öňünde borjumyzy ýerine ýetirdik, eden günälerimiz üçin gam⁠-⁠gussa batdyk, ýöne mundan ne peýda? 15  Ulumsy adamlaryň bagtly ýaşaýandygyny, zalymlyk edýänleriň döwran sürýändigini görýäris+. Olar Hudaýy synaýarlar, ýöne jezasyz galýarlar“». 16  Şol wagt Ýehowadan gorkýanlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler. Ýehowa olary ünsli diňleýärdi. Ýehowadan gorkýanlar we ady hakda oýlanýanlar*+ üçin Hudaýyň öňünde ýatlama kitaby ýazyldy+. 17  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olary eziz halkym* edip saýlan günüm+ meniňki bolarlar+. Gulak asýan ogluna atasynyň rehimi inişi ýaly, men hem olara rehim ederin+. 18  Şonda siz dogruçyl adam bilen erbediň+, Hudaýa gulluk edýän bilen gulluk etmeýäniň arasyndaky tapawudy ýene⁠-⁠de görersiňiz».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gelmişekleri hakyndan mahrum edýänlere.
Başga manysy: Siz meni näletleýärsiňiz!
Başga manysy: adyna çuňňur hormat goýýanlar.
Ýa⁠-⁠da: genji⁠-⁠hazynam; hususy emlägim.