Isa pygamberiň ölüminiň ýatlama agşamy
2025-nji ýylyň 12-nji apreli, şenbe
Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygamberiň tabşyrygyna eýerip, her ýyl onuň ölen gününi ýatlaýarlar. Ol şeýle diýdi: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19).
Biz sizi Ýatlama agşamyna gatnaşmaga çagyrýarys.
Köplenç berilýän soraglar
Duşuşyk näçe wagt dowam edýär?
Takmynan bir sagat.
Duşuşyk nirede geçirilýär?
Geçiriljek ýerini Ýehowanyň Şaýatlaryndan biliň.
Duşuşyga gatnaşmak üçin pul tölemelimi?
Ýok.
Duşuşykda pul ýygnalýarmy?
Ýok.
Egin-eşigiň nähili bolmaly?
Duşuşyga gymmat bahaly ýa-da belli bir egin-eşikde barmak hökman däl. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdaky maslahata eýerip, gelşikli we salykatly geýinýärler (1 Timoteos 2:9).
Ýatlama agşamy nädip geçirilýär?
Duşuşygyň başynda we soňunda aýdym aýdylýar. Soňra Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri Hudaýa doga edýär. Mukaddes Kitaba esaslanan nutukda Isa pygamberiň näme üçin janyny gurban berendigi düşündirilýär. Şeýle-de Allatagalanyň we Isa pygamberiň adamlar üçin eden ýagşylygy hakda aýdylýar.
Köpräk bilmek üçin «Ýehowanyň Şaýatlarynyň Isa pygamberiň ölen gününi belleýşi näme üçin beýleki dinlerden tapawutlanýar?» diýen makalany okaň.
Öňümizdäki ýyllarda Ýatlama agşamy haýsy senelerde geçiriler?
2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde, şenbe güni
2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde, penşenbe güni