MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR
Olar «gymmatbaha merjeni tapdylar»
Isa pygamber diňe Ýehowanyň öz Patyşalygy arkaly adamlaryň ähli kynçylyklaryny aýyrjakdygyny aýtdy (Matta 6:10). Ol iki mysal arkaly Hudaýyň Patyşalygynyň wajypdygyny düşündirdi (Matta 13:44—46).
Bir adam mellekde işläp ýörkä, hazyna tapýar.
Gymmatbaha daşlary gözleýän söwdagär merjen monjugyny tapýar.
Olaryň ikisem bar zadyny satyp, gymmatbaha merjen monjugyny satyn alýar. Olar Hudaýyň Patyşalygynyň gadyryny bilen we köp zadyndan geçip, bereket alan adamlary aňladýar (Luka 18:29, 30). Şu wideoda Mukaddes Kitapdaky gymmatly hakykat üçin köp zadyndan geçen dogan-uýanyň wakasyny göreris.