Esasy materiala geçiň

MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR

«Indi men zorluk-sütemiň guly däl»

«Indi men zorluk-sütemiň guly däl»
  • Doglan ýyly: 1956

  • Doglan ýeri: Kanada

  • Geçmişi: Durmuşdan many tapmaýan, ahlaksyz we zalym adam

ÖŇKI DURMUŞYM

 Men Kanadanyň Alberta welaýatynyň Kalgari şäherinde doguldym. Kiçi wagtym ejem bilen kakam aýrylyşypdy. Şonuň üçin ejem ikimiz mamamlara göçdük. Mamam bilen babam bizi gaty gowy görýärdi. Çaga wagtym özümi bagtly duýýardym. Çagalyk ýyllarym meniň üçin ýakymly ýatlama bolup galdy.

 Ýedi ýaşymda durmuşymyz üýtgedi. Ejem kakam bilen ýaraşyp, täzeden durmuş gurdy. Soňra biz ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherine göçdük. Kakam gaty ganygyzma adamdy. Täze mekdebe baran ilkinji günüm okuwçylar üstümden gülüp, meni urdular. Öýe gelip kakama bar zady gürrüň berdim. Şonda gaýtawul bermändigim üçin, kakam meni olardan hem beter urdy. Şondan soň men ar almagy we uruşmagy öwrendim.

 Kakam ejemi hem kemsidýärdi. Şonuň üçin öýümizde günde-günaşa dawa-jenjel bolýardy. Men 11 ýaşymda spirtli içgileri içip, neşe çekip başladym. Men hasam gaharjaň bolup, günde diýen ýaly deň-duşlarym bilen uruşýardym. Mekdebi gutarýançam zalym adam bolup ýetişdim.

 Men 18 ýaşymda ABŞ-nyň Harby-Deňiz Güýçleriniň hatarynda gulluk edip başladym. Men şol ýerde adamyň janyna howp salýan söweş tilsimlerini öwrendim. Bäş ýyldan soň harby gullugyny goýup, psihologiýany öwrenmek üçin uniwersitete girdim. Men Döwlet derňew müdirliginde işlemek isleýärdim. Şonuň üçin başda ABŞ-daky uniwersitetde okadym, soňra okuwymy Kanadada dowam etdim.

 Uniwersitetde okan döwrüm daş-töwerekde bolýan zatlary görüp, adamlardan göwnüm geçdi. Sebäbi adamlar diňe öz bähbidine çapýardy, durmuşyň manysy ýokdy. Adamzadyň kynçylygyny hiç kim çözüp bilmejek ýalydy. Şonda men dünýäde hiç haçan gowy durmuş bolmaz diýip, bar zatdan elimi üzdüm.

 Durmuşdan many tapmamsoň, ýene-de spirtli içgileri içip, neşe çekip başladym. Pul gazanmagyň ugrunda hars urýardym. Dostlarym bilen günde-günaşa oturulşyk gurnap, her gün bir gyz bilen gezýärdim. Harby goşunynda gulluk edemsoň, özüme göwnüm ýetýärdi. Şonuň üçin köp urşýardym. Meniň adalata bolan öz garaýşym bardy. Kimdir biri adalatsyzlyk etse, oňa özümçe jeza berýärdim. Şeýdip, men zalymlygyň guly boldum.

MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI

 Bir gün dostum bilen öýümiziň ýerzemininde neşe çekip, ony satmak üçin gaplap otyrdyk. Şonda dostum menden: «Sen Hudaýa ynanýaňmy?» diýip sorady. Men: «Eger horluklar Hudaýdan gelýän bolsa, oňa ynanasymam gelenok» diýdim. Ertesi gün täze işime baranymda Ýehowanyň Şaýady bolan işdeşim menden: «Nähili pikir edýäň, horluklaryň bolmagyna Hudaý sebäpkärmikä?» diýip sorady. Men haýran galdym. Sebäbi düýnjük şu hakda gürrüň edipdik. Soňra onuň bilen birnäçe aýlap gürrüňdeş bolduk. Ol Mukaddes Kitap arkaly biynjalyk edýän soraglaryma jogap berdi.

 Şol döwür men halaşýan gyzym bilen ýaşaýardym. Oňa öwrenýän zatlarym barada gürrüň berjek bolanymda, meni diňläsi gelmedi. Halaşýan gyzyma dynç güni bize sapak geçmekleri üçin Ýehowanyň Şaýatlaryny çagyrandygymy aýtdym. Ertesi gün işden gelsem, ol öýdäki zatlaryň baryny alyp, meni taşlap gidipdir. Men daşaryk çykyp agladym, Hudaýdan kömek sorap doga etdim. Şonda ilkinji gezek dogamda Hudaýyň Ýehowa adyny tutdum (Zebur 83:18).

 Iki günden soň maňa ilkinji gezek sapak geçmek üçin bir mesihçi är-aýal geldi. Olar maňa «Sen ýer ýüzünde ebedi ýaşap bilersiň» a atly kitapdan sapak geçdiler. Olar gidensoň, şol kitaby bir gijäniň içinde okap çykdym. Ýehowa hem-de Isa barada öwrenen zatlarym ýüregime täsir etdi. Men Ýehowanyň duýgudaş Hudaýdygyna, çekýän horluklarymyza gynanýandygyna göz ýetirdim (Işaýa 63:9). Hudaýyň meni söýýändigini, Isa Mesihiň meniň üçin janyny gurban berendigini bilmek maňa güýçli täsir etdi (1 Ýahýa 4:10). Ýehowanyň meniň bilen dostlaşmak isleýändigine düşündim (Ýahýa 6:44). Hawa, Ýehowa maňa sabyrly garaşdy, «sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9).

 Şondan soň men ýygnaklara gatnap başladym. Daş keşbim gaty gorkunçdy, saçym uzyndy, gulagymda bolsa gulakhalka bardy. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary meni ýitirip tapan ýaly, gujak açyp garşy aldylar. Olar Hudaýyň hakyky gullukçylarydy. Men özümi edil mamamlardaky ýaly rahat duýdum.

 Men Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarymy durmuşymda ulanyp başladym. Men saçymy kiçeltdim, neşe çekmegi we spirtli içgileri içmegi taşladym. Ahlaksyzlyk etmegi hem goýdum (1 Korinfliler 6:9, 10; 11:14). Men Ýehowany razy etmek isleýärdim. Şonuň üçin käte edýän zatlarymyň Ýehowany gynandyrýandygyny bilenimde, özümi gaty erbet duýýardym. Özüme: «Seniň bu bolup ýörşüň-ä bolmaýar» diýýärdim. Soňra garaýşymy üýtgedip, dogry zatlary etmäge jan edýärdim. Ýehowa edýän tagallamy sylaglady. Sapak geçip başlanyma alty aý bolansoň, ýagny 1989-njy ýylyň 29-njy iýulynda suwa çümdürilip Ýehowanyň Şaýady boldum.

HÄZIRKI DURMUŞYM

 Mukaddes Kitap maňa durmuşymy üýtgetmäge kömek etdi. Geçmişde men düşünişmezligi zalymlyk bilen çözýärdim. Häzir bolsa «ähli adamlar bilen oňşup ýaşajak bolýaryn» (Rimliler 12:18). Men muny öz güýjüm bilen däl, Hudaýyň Sözi we mukaddes ruhuň kömegi bilen başardym (Galatýalylar 5:22, 23; Ýewreýler 4:12).

 Indi men zalymlygyň, neşäniň, ahlaksyzlygyň guly däldim. Ýehowany razy edip ýaşamak üçin elimde baryny edýärdim. Men başga adamlaryň hem Ýehowany tanamagyny isleýärdim. Şonuň üçin suwa çümdürildim, birnäçe ýyldan soň bolsa wagyzçylaryň az ýerine göçdüm. Men adamlara Ýehowa barada öwretmekden şatlyk tapýardym. Olaryň durmuşyny üýtgedýändigini görenimde, begenjimiň çägi bolmaýardy. Ejem Ýehowanyň Şaýady bolanda, hasam begendim. Meniň durmuşymyň üýtgändigini görüp, ol hem hakykata geldi.

 1999-njy ýylda El-Salwadorda teokratik mekdebini gutardym. Häzir oňa Hoş habarçylar mekdebi diýilýär. Alan bilimim ýygnakda wagyz işini gowy gurnamaga, ýaşuly hökmünde dogan-uýalaryň aladasyny etmäge kömek etdi. Şol ýyl mähriban aýalym Euheniýa bilen tanşyp, toý etdik. Soňra biz Gwatemalada uzak wagtly gulluga başladyk.

 Indi men durmuşda many ýok diýmeýärin. Özümi gaty bagtly duýýaryn. Hudaýyň Sözi meni zalymlygyň, ahlaksyzlygyň ýesirliginden azat etdi. Indi meniň durmuşymda hakyky söýgi we parahatlyk höküm sürýär.