Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlaryny Atlantada güler ýüz bilen garşyladylar

Ýehowanyň Şaýatlaryny Atlantada güler ýüz bilen garşyladylar

«Men siziň guramaňyzyň agzalaryna Hudaýyň Patyşalygyna yhlasly we hyjuwly gulluk edýändigi üçin çuňňur hormat goýýaryn. Siziň imandaşlaryňyzyň we başga adamlaryň bähbidi üçin edýän köp tagallalaryňyzy gymmat saýýarys we minnetdarlyk bildirýäris».

Bu haty Atlanta (Jorjiýa ştaty, ABŞ) şäheriniň häkimi Kasim Rid ýazdy. Ol bu hatyň üsti bilen Ýehowanyň Şaýatlaryna uly kongresleriniň üçüsini hem Atlantada geçirmäge rugsat berýär.

Şeýle-de Atlantanyň şäher maslahaty kongrese gatnaşýanlary çagyrmak üçin ýörite hat iberdi. Onda şeýle diýilýär: «Bütin dünýädäki... ýüzlerçe milletden we dilden bolan sekiz milliona golaý Ýehowanyň Şaýatlary... bir maksat üçin agzybirlikde ýygnanyşýarlar... Siz Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Ýehowa Hudaýa we ähli zadyň Ýaradyjysyna hormat goýmak isleýärsiňiz».

2014-nji ýylyň iýul we awgust aýlarynda üç kongres Atlantada geçirildi. Olaryň ikisi iňlis, biri bolsa ispan dilinde geçirildi. Kongrese azyndan 28 ýurtdan dogan-uýalar gatnaşdy. Kongrese gatnaşýanlaryň ählisine düşnükli bolar ýaly, iňlis dilindäki çykyşlar rus we ýapon diline terjime edildi. Üç kongrese jemi 95 müň 689 adam gatnaşdy.

2014-nji ýylyň dowamynda Ýehowanyň Şaýatlary dokuz ýurtda 24 sany uly halkara kongresini geçirdi. Olaryň 16 sanysy ABŞ-nyň dürli ýerlerinde geçirildi.