Ýolbaşçylyk maslahaty Russiýadaky we Ukrainadaky Şaýatlary ruhlandyrdy
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Let wajyp haty okanda, ony diňlän ukrainaly bir aýal şeýle diýdi: «Şonda biz söýgi bilen gurşap alnandygymyzy duýduk». Bu aýal 2014-nji ýylyň 10, 11-nji maýynda Let dogan Ukraina gelende, ony diňlän 165 müň Şaýadyň biridi.
Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklar we şol hat bäş dile terjime edilip, Ukrainanyň 700-e golaý Ýygnak jaýynda görkezildi.
Şonda Ýolbaşçylyk maslahatynyň başga bir agzasy Mark Sanderson öz çykyşynda Russiýadaky doganlarymyza şol haty okap berýär. Onuň çykyşy 14 dile terjime edildi. Bu çykyşy Belarusiýada we Russiýada 2 müň 500-den gowrak ýygnakda 180 müň 413 adam diňledi.
Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty Russiýadaky we Ukrainadaky ähli ýygnaklara ýazylypdy. Sanderson dogan bu haty rus dilinde okaýar. Soňra Russiýanyň filialy şeýle ýazýar: «Ýolbaşçylyk maslahatynyň şu ýurtda wagyz işiniň alnyp barlyşy bilen örän gyzyklanýandygy dogan-uýalara gaty gowy täsir etdi. Şonda biz özümizi Ýolbaşçylyk maslahaty bagryna basýan ýaly duýduk».
Bu hatyň maksady — gozgalaňdyr syýasy dawalar turýan ýerlerde ýaşaýan Şaýatlara teselli berip, berkitmekdi. Şeýle-de dogan-uýalar dünýäniň syýasy meselelerinde bitaraplygyny saklar ýaly, mundan beýläk-de, «dünýäden bolmazlyga» höweslendirildi (Ýahýa 17:16).
Şol maksat bilen Ýolbaşçylyk maslahaty Şaýatlary Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmak üçin, doga etmäge, Hudaýyň Sözüni okamaga we okan zatlary barada oýlanmaga höweslendirdi. Bu hatda diňleýjiler nähili kynçylyklara duş gelse-de, Hudaýyň Işaýa 54:17-däki: «Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýen wadasyna ynamly bolup bilýändigi ýatladyldy.
Ýolbaşçylyk maslahatynyň haty şeýle sözler bilen jemlendi: «Biz siziň hemmäňizi güýçli söýýäris. Siz hakda hemişe oýlanýandygymyzy we siz üçin Ýehowa doga edýändigimizi unutmaň».
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ukrainadaky filialy Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasynyň gelmegi barada şeýle ýazdy: «Dogan-uýalar Ýolbaşçylyk maslahatynyň bildirýän söýgüsi we aladasy üçin örän minnetdar boldular. Let we Sanderson doganyň Ukraina bilen Russiýa gelmegi, Hudaýyň halkynyň agzybirligini hem-de Ýehowanyň we Isanyň olaryň aladasyny edýändigini görkezdi. Biziň ählimiz Ýolbaşçylyk maslahatyndaky doganlaryň tüýs wagtynda gelendigine diýseň begenýäris. Bu bize nähili kynçylyklara uçraýandygymyza garamazdan, mundan beýläk hem, Ýehowa gulluk etmegimiz üçin güýjümize güýç goşdy».