Esasy materiala geçiň

Ýyllyk duşuşygynyň hasabaty

«Hudaýyň Sözi — hazyna»

Ýyllyk duşuşygynyň hasabaty

2013-nji ýylyň 5, 6-njy oktýabrynda 31 ýurtdan bolan 1 million 413 müň 676 adam «Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa)» 129-njy ýyllyk duşuşygyna gatnaşdy. Olaryň käbiri Jersi şäherindäki (Nýu-Jersi ştaty, ABŞ) Ýehowanyň Şaýatlarynyň Kongresler köşgünde, galany bolsa, bu duşuşygy Internet arkaly göni ýaýlymda gördüler.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gaý Pirs duşuşygy alyp bardy. Ol duşuşygyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan adamlary bu duşuşykda Ýazgylardaky wajyp soraglara jogap beriljekdigini we hakykat yşygynyň has-da parlap, ruhy iýmitiň «wagtly-wagtynda» paýlanjakdygyny aýtdy (Matta 24:45; Süleýmanyň tymsallary 4:18).

«Ýehowany şöhratlandyrýan sergi».

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Mark Sanderson Bruklindäki (Nýu-Ýork, ABŞ) Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasynda açylan «Mukaddes Ýazgylar we Hudaýyň ady» diýen täze sergi barada jikme-jik gürrüň berdi. Bu serginiň maksady Ýewreý we Grek Ýazgylarynda Hudaýyň adynyň wajyp orun tutýandygyny görkezmek. Şeýle-de bu sergide köp sanly köne Mukaddes Ýazgylar, gadymky tapyndylar we orta asyrlarda ýazylan Ýazgylaryň sahypalary bar.

Bu serginiň aýratynlygy, onda XVI asyryň terjimeçisi Wilýam Tindalyň Mukaddes Ýazgylaryň iňlis dilindäki terjimesinde Hudaýyň adyny ilkinji gezek ulanan sahypalary we 1602-nji ýylda ispan diline terjime edilen Reýna-Waleranyň Mukaddes Ýazgylary diýlip tanalýan terjimesinde «Iehowa» ady yzygiderlikde ulanylýan sahypalardan ybarat bolan ýygyndylar bar. Mundan başga-da, Hudaýyň ady duş gelýän iňlis dilindäki «Uly Mukaddes Ýazgylar» (1549-njy neşiri), «Elýaş Hutteriň Mukaddes Ýazgylarynyň» nusgasy (1599-njy ýylyň neşiri, şeýle-de muny «Nurembergiň poligloty» diýip atlandyrýarlar) we «Ženewa Mukaddes Ýazgylary» (1603-nji ýylyň neşiri) bar.

Sanderson dogan diňleýjileriň her birini Mukaddes Ýazgylaryň bu sergisini görmäge çagyryp, şeýle diýdi: «Biz bu serginiň dürli ýaşdaky, medeniýetdäki akýürekli adamlaryň biziň gowy görýän iki zadymyzy, ýagny Hudaýyň gymmatly Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary we Ýehowanyň şöhratly adyny söýmegine kömek etmegini dileýäris».

2014-nji ýylyň ýyllyk aýady.

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Gerrit Lýoş her hepde geçilýän «Garawul diňiniň» gysga geçirilişini tamamlansoň, Pirs dogan 2014-nji ýyl üçin «Patyşalygyň gelsin» diýen aýadyň saýlanandygyny yglan etdi (Matta 6:10). Bu aýat Ýehowanyň Şaýatlaryna her ýyl ýerlikli bolsa-da, 2014-nji ýylda gökde Patyşalygyň berkarar edilenine 100 ýyl bolýandygy üçin has-da ähmiýetlidir.

«Ýehowa Hudaýyň gymmatly sowgady».

Soňra käbir adamlaryň şu wagta çenli edilen terjimeleriň iň gowusy hasaplaýan, Ýehowanyň Şaýatlarynyň neşir eden Mukaddes Ýazgylarynyň «Täze dünýä terjimesiniň» taryhy barada gysga wideo görkezildi. 1950-nji ýylda «Guramanyň ösüşi» atly halkara kongresinde Neýtan Norr bu terjimäniň birinji tomunyň çykandygyny yglan edende, häzire çenli peýdaly bolan maslahaty berdi. Ol: «Bu terjimäni başdan-aýak okaň we öwreniň. Ony başga adamlara-da öwrenmäge kömek ediň, sebäbi bu terjime olara Ýehowanyň adyny çagyrmaga ýardam berer» diýdi.

«Geçmişden şatlykly ýatlamalar»

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Semýuel Hýord duşuşygyň bu bölüminde, ABŞ-nyň Beýtel maşgalasynyň dört agzasynyň beren interwýusynyň ýazgysyny görkezdi. Olar 1950—1960-njy ýyllarda kongresde Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesiniň» yzygiderlikde alty tomunyň çykandygyny gördüler.

Ewnika Tim Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesiniň» ýygnak duşuşyklarda ulanylyşyny gürrüň berdi. Ol bu terjimedäki parallel aýatlar arkaly gözleg geçirmegi gowy görýändigini aýdýar. Ýygnaga ähli tomlary eltmek amatly bolmaýandygy sebäpli, ol diňe gerekli tomlary we birden onuň pikir etmedik aýady okalsa, yzarlar ýaly kiçi görnüşdäki «Karol Ýakowyň terjimesini» alýardy.

Bu täze terjime biziň Hudaýa edýän seždämiz bilen bagly başga zatlara-da täsir edýär. Meselem, Fred Rask 1950-nji ýyldan öň, Beýtel maşgalasy üçin doga edýänleriň «Karol Ýakowyň terjimesindäki» jümleleri ulanandygyny aýdýar. Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesi» çykansoň, olar köne jümleleri aýtman, gepleşikde aýdylýan sözleri ulanyp başlaýarlar.

Jon Uisçuk Mukaddes Ýazgylaryň «Täze Dünýä terjimesiniň» komitetiniň diňe bir eden terjimesiniň gowy edilendigine däl-de, eýsem, olaryň kiçigöwünlidigine haýran galandygyny aýdýar. «Olar ne dirikä, ne-de ölensoň atlarynyň bilinmegini isläpdirler, sebäbi olar ähli şöhraty Ýehowa Hudaýa bermek isleýärdiler» diýip belläp geçýär. Çarlz Molohen interwýu berenleriň dördüsiniňem duýgusyny beýan edip, şeýle diýýär: «„Täze dünýä terjimesi“ hakykat sözüniň ýüregimizde ornaşmagyna we imanymyzy berkitmäge kömek etdi. Şeýdip, biz hem adamlara iman etmäge kömek edip bilýäris».

«Hudaýyň gudratly işleri barada öz dilimizde gürrüň berýändiklerini eşidýäris».

(Resullaryň işleri 2:11). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Jeffri Jekson nutuk bilen çykyş etdi we 2013-nji ýylda «Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde gaýtadan seredilen neşiriniň çykandygyny yglan etdi. Nutugyň soňunda, diňleýjilere we Internet arkaly göni ýaýlymda seredýänlere Mukaddes Ýazgylaryň bir nusgasy berildi.

Jekson dogan «Täze dünýä terjimesiniň» ilkinji neşiriniň çykarlanyna 60 ýyldan gowrak wagt geçendigini aýtdy. Şol ýyllaryň dowamynda iňlis dili üýtgedi, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň terjimesi bilen bagly edilýän işiň maksady üýtgemedi. Biz Hudaýyň Sözüni, mümkin boldugyndan, sözme-söz, ýöne manysyny ýoýman terjime etmek isleýäris.

2005-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Ýazgylaryň köp dillere terjime edilmelidigine göz ýetirdi. Şondan bäri «Täze dünýä terjimesiniň» terjime edilen sany 52-den 121 dile ýetdi. Häzir bolsa 45-den gowrak dile terjime edilýär. Terjimeçiler «Täze dünýä terjimesini» öz diline terjime edenlerinde, käbir sözleriň we jümleleriň manysyny düşündirmegi soraýarlar. Şu wagta çenli 52 müňden gowrak soraglar geldi we olara jogap berildi. Berlen jogaplaryň esasynda iňlis tekstine täzeden seredildi we öňküsinden hasam gowulandyryldy.

Mysal üçin, Jekson dogan: «Öňki iňlis dilindäki „Täze dünýä terjimesinde“ 1 Şamuwel 14:11-de Ýonatan we onuň ýarag göterýän nökeri piliştlileriň öňüne ýaragsyz çykan ýaly düşünse bolýar» diýip aýtdy. Munuň manysyna nädogry düşünmez ýaly, täzeden seredilen terjimede «görünýän ýerde durdular» diýilýär. Şeýle-de öň iňlis dilinde Mika 2:6-da «Adamlar sözi taşlamaň. Olar sözi taşladylar» diýlip sözme-söz terjime edilipdi. Indi bolsa, şol jümle: «Wagyz etmegiňizi bes ediň! Olar wagyz edýär» diýip terjime edilen.

5 ýyl mundan öň, Ýolbaşçylyk maslahaty «Täze dünýä terjimesiniň» täzeden seredilmegi üçin komitet döretdi. Olaryň çeken zähmetiniň netijesini häzir görüp bolýar. Mukaddes Ýazgylaryň täzeden seredilen neşiriň daşy owadan we okamak aňsat. Şeýle-de ol köp ulanylsa-da, çalt zaýalanmaýar. Jekson dogan iňlis dilindäki bu Mukaddes Ýazgylaryň uly harply hem-de kiçijik görnüşde tizden çykaryljakdygyny yglan etdi.

«Hakykat sözüni dogry ulan».

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Stiwen Let 2 Timoteos 2:15-e esaslanyp, çykyş etdi. Ol çykyşynda, täzeden seredilen Mukaddes Ýazgylardaky käbir goşmaça maglumatlar barada aýtdy. Bu aýatdaky «dogry ulan» diýen jümle göni manyda «göni kesmek» diýmegi aňladýar. Biz «ruhuň gylyjyny» hiç zady ýoýman, dogry ulanmak isleýäris (Efesliler 6:17). Soňra Let dogan bu babatda goşmaça maglumatlaryň nädip kömek edýändigini görkezdi.

  1. Mukaddes Ýazgylaryň «Hudaýyň Sözüne giriş» atly başdaky bölüminde, esasy taglymatlar bilen bagly 20 soraga jogap berilýär.

  2. Goşmaça maglumatda (A) täzeden seredilen neşirde stiliniň, sözleriň üýtgändigi we Hudaýyň adynyň terjime edilişi hakda aýdylýar.

  3. Goşmaça maglumatda (B) şahsy okuwda we adamlara tälim berlende peýdaly boljak 15 sany reňklenen kartaly we shemaly bölüm bar.

  4. Mukaddes Ýazgylaryň her kitabynyň başynda «Mazmuny» bar, ol okyja gerekli parçany çalt tapmaga kömek edýär. Bu öňki neşirdäki her sahypadaky kolontitula derek edildi.

  5. «Mukaddes Ýazgylardaky terminleriň sözlügi» Ýazgylardaky ýüzlerçe sözlere düşünmäge kömek edýär.

  6. «Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň indeksi» gaty gysgaldyldy. Indi onda diňe wagyzda we okuw geçende ulanylýan sözler hem-de aýatlar bar.

  7. Her sahypanyň ortasyndaky goşmaça aýatlar hem gaty gysgaldyldy. Indi onda diňe wagyzda has peýdaly boljak aýatlar bar.

  8. Çykgytlarda bolsa başga terjimeler, sözme-söz terjime we goşmaça maglumatlar görkezilýär.

«JW Library» programmasy.

ABŞ-daky filialyň komitetiniň agzasy Jon Ekran smartfon we planşet ýaly öýjükli enjamlar üçin niýetlenen täze «JW Library» programmasyny görkezdi. Bu programma täzeden seredilen «Täze dünýä terjimesini» we başga-da bäş terjimäni ulanmaga mümkinçilik berýär. 2013-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ony programmalar dükanyndan mugtuna ýükläp bolýar.

«Hudaýyň Sözüniň manysyny dogry terjime etmek».

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Entoni Morris täzeden seredilen «Täze dünýä terjimesiniň» komiteti oňa taýýarlyk görende, käbir prinsiplere eýerendiklerini düşündirdi. Komitet 1 Korinfliler 14:8, 9-njy aýatlara esaslanyp, bu terjimäniň has düşnükli bolmagyny isledi. Olar manysy ýoýulýan ýerlerde sözme-söz terjimeden gaça durdular.

Meselem, iňlis dilinde Gelip çykyş 31:20-ni göni terjime etseň: «Ýakup Labanyň ýüregini ogurlady» diýen manyny bererdi. Ýöne bu aýatda ýewreý dilinde ulanylan idioma iňlis dilinde başga manyny, ýagny «biriniň ýüregini eýelemegi» berýär. Şol sebäpli «Täze dünýä terjimesinde» bu aýat: «Ýakup Labandan mekirräk boldy» diýip terjime edilen. Şonuň ýaly, 1 Korinfliler 7:39 sözme-söz terjime edilse, aýal äri «uklanda», başga adama durmuşa çykyp bilýär diýmegi aňladardy. Käte Mukaddes Ýazgylarda «uky» diýen söz «ölüm ukusyny» berýär. «Täze dünýä terjimesinde» «ölüm ukusyna gitmek» diýen jümle ulanylandygy üçin okyjynyň başyny çaşyrmaýar.

Morris dogan şeýle diýdi: «Mukaddes Ýazgylar sada dilde ýazylan. Oňa daýhanlar, çopanlar we balykçylar hem düşünýär. Mukaddes Ýazgylaryň bu gowy terjimesi, bilimsiz, akýürekli adamlara-da aýdyň düşünmäge kömek edýär».

«Olar „ýakymly sözleri“ we „hakykat sözlerini dogry“ ulandy».

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn Wagyz kitaby 12:10-a esaslanan tema bilen çykyş etdi. Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar Hudaýyň pikirini ýazanlarynda örän ünsli bolupdyrlar, «Täze dünýä terjimesiniň» ilkinji komiteti hem munuň gaty jogapkärli işdigine düşünýärdi. Soňky täzeden seredilen «Täze dünýä terjimesinde» hem şeýle prinsipe eýerdiler: «Hakykat sözlerini dogry ýazmak» we Hudaýyň habaryny, mümkin boldugyndan, düşnükli we aýdyň etmäge çalyşdylar.

Spleýn dogan şeýle diýdi: «Iňlis dilindäki köp sözleriň ençeme manysy bar. Meselem, öňki „Täze dünýä terjimesinde“ 2 Timoteos 1:13-de „sagdyn sözleriň nusgasy“ diýlen jümle ulanylypdy. „Nusga“ diýip terjime edilen iňlis sözüniň birnäçe manysy bar, onuň bir manysy „keşde, nagyş“. Şuny göz öňünde tutup, käbir adamlar bu jümläni „owadan nagyş“ ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň bir taglymaty hasaplaýardy. Emma asyl nusgadaky ulanylan söz „görelde almak üçin nusga“ diýen manyny berýär. Täzeden seredilen Mukaddes Ýazgylarda bolsa şol jümle manysyna görä terjime edildi».

Şeýle-de Spleýn dogan iňlis dilinde özgerişikler bolandygy sebäpli, täzeden seredilen sözler barada aýtdy. Meselem, öňki «Täze dünýä terjimesinde» Isa jeza berlende ulanylan «çüýlemek» sözi «haça çüýlemek» ýaly manyny berýär. Emma Isa şeýle jeza berilmändigi üçin, täzeden seredilen terjimede bu söz «pürse çüýlemek» diýip terjime edildi (Matta 27:22, 23, 31).

Spleýn dogan sözüni jemläp, şeýle diýdi: «Täzeden seredilen „Täze dünýä terjimesini“ okamak we öwrenmek sizi Ýehowa has ýakynlaşdyrar ýaly doga edýäris. Goý, Ýehowa siziň hemişe Ataňyz, Hudaýyňyz we Dostuňyz bolsun!»

Jemleýji sözler.

Pirs dogan täzeden seredilen «Täze dünýä terjimesini» Ýehowanyň «bol iýmitli... meýlisindäki» esasy nahar bilen deňeşdirýär (Işaýa 25:6). Soňra ol diňleýjileri «Ýehowanyň şanyna aýdym aýdalyň» atly aýdym kitapdan «Hudaýyň Sözi — hazyna» diýen 114-nji aýdymy aýtmaga çagyrdy we soňra duşuşygy tamamlady.