Söýgi agzybir edýär. Germaniýanyň Frankfurt şäherinde geçirilen kongres
«Frankfurter rundşau» atly gazetiň sözbaşysynda «Edil maşgala baýramçylygy ýaly» diýen sözler ýazyldy. Şol baýramçylyga gatnaşan adamlar hem şu sözler bilen ylalaşýar.
Puerto Rikodan gelen Karla: «Meni güler ýüz bilen garşy aldylar» diýýär.
Awstraliýaly Sara bolsa: «Men özümi ýer şarynyň beýleki tarapynda ýaşaýan maşgalama gelen ýaly duýdum» diýýär.
Şeýle ýakymly sözleri aýtmaga olary näme höweslendirdikä? Ýehowanyň Şaýatlarynyň halkara kongresi! Bu 2014-nji ýylyň 18—20-nji iýulynda Frankfurt-Maýn (Germaniýa) şäherindäki Kommerzbank-Arena stadionynda geçirildi. Kongrese 37 müňe golaý adam gatnaşdy.
Kongrese gelenler Mukaddes Ýazgylardan bilim almak üçin ýygnanyşdylar. Bilim berýän bu kongresde Mukaddes Ýazgylar okaldy, aýdymlar aýdyldy, dilegler edildi, iki sany drama boldy we Mukaddes Ýazgylara esaslanan gyzykly nutuklar bilen çykyş edildi.
Kongrese şol ýerdäki Şaýatlar hem-de ABŞ-dan, Awstraliýadan, Britaniýadan, Gresiýadan, Günorta Afrikadan, Liwandan we Serbiýadan 3 müňden gowrak myhmanlar gatnaşdy. Şeýle-de 70 ýurtdan 234 sany ýörite gulluk edýän Şaýatlar, meselem, missionerler hem geldi.
Kongresiň käbir bölümleri Internet arkaly göni ýaýlymda Germaniýanyň 19 ýerinde, Awstriýada we Şwesariýada görkezildi. Muny jemi 204 müň 46 adam diňledi.
Agzybir edýän söýgi
Frankfurtdaky kongres iňlis, nemes hem-de grek dilinde geçirildi. Başga ýerlerde bolsa, nutuklary şol bir wagtda 17 dile, arap, hytaý, tamil, türk hem-de iki lal diline terjime edildi.
Şaýatlar dürli dillerde gepleseler-de, dürli ýurtlardan hem-de milletden bolsalar-da, olary söýgi agzybir edýärdi (Ýahýa 13:34, 35). Olar bir-birine dogan-uýa ýaly garaýardylar.
Beýik Britaniýaly Tobias şeýle diýýär: «Biz halkara doganlygymyzyň ähli böwetleri böwsüp geçýändigine göz ýetirdik».
Puerto Rikodan gelen Dawianna şeýle diýýär: «Men 20-den gowrak ýurtdan gelen imandaşlarym bilen tanyşdym. Bizi Hudaýymyza we bir-birimize bolan söýgi jebisleşdirýär».
Awstraliýadan gelen Malkom atly Şaýat bolsa şeýle diýýär: «Men kiçiräk şäherde ýaşaýaryn. Elbetde, men agzybir bütindünýä doganlygymyz barada okapdym we ol hakda wideolary hem görüpdim. Emma indi muny öz gözüm bilen gördüm. Dogrudanam, bu bütinleý başgaça eken. Kongres meniň imanymy hasam berkitdi».
Ýatdan çykmajak myhmansöýerlik
Frankfurtdaky we onuň daş-töweregindäki 58 ýygnagyň Şaýatlary kongrese gelen myhmanlara sowgatlar taýýarladylar we agşamlaryna otyryşyk gurnadylar.
«Bizi gujak açyp, garşy aldylar. Men dogan-uýalarymyzyň söýgüsini, ýagşylygyny hem-de jomartlygyny hiç haçan unutmaryn» diýip, ABŞ-dan gelen Sintiýa aýtdy.
Germaniýada ýaşaýan Simon hem şeýle belläp geçýär: «Ol ýerde birek-birege bolan doganlyk söýgüsini we hemmeleriň şatlykly gülküsini görse bolýar. Biz bir-birimizden gaty köp zatlary öwrenip bilýäris».
«Men kongresiň öýlänki bölüminde Ýehowanyň Şaýatlarynyň terkidünýä adamlar däldigine göz ýetirdim. Biz, hakykatdanam, şatlanýarys, ýöne özümizi edepli alyp barýarys» diýip, Awstraliýadan gelen Emi aýtdy.
Ýakymly ýatlamalar bilen öýlerine gaýdýarlar
Frankfurtdaky kongres dünýäniň 9 ýurdunda geçirilen halkara kongresleriň diňe biri.
Frankfurtdaky kongrese gatnaşanlaryň birinden öz duýgusy barada soranlarynda, ol şeýle diýdi: «Göz öňüne getiriň, siz dünýä ineni bäri görmedik garyndaşyňyzy, meselem, doganyňyzy tapýarsyňyz. Siz oňa ilkinji gezek duşanyňyzda, ol size öýüniň we ýüreginiň gapysyny giňden açýar. Şonda sizi söz bilen beýan edip bolmaýan şatlyk gurşap alýar. Indi şol duýgyny 37 müňe köpeldiň. Şol kongresde hem edil şeýle söýgi höküm sürýärdi!»