Esasy materiala geçiň

19 müň uçuş biledi sargyt edildi

19 müň uçuş biledi sargyt edildi

2013-nji ýylyň iýul aýynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty missionerlere we başga döwletlerde gulluk edýän uzak wagtly gullukçylara tolgundyryjy hat ugratdy. Şol hatda daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalaryň berilýän ýörite kömek arkaly 2014-nji ýylda we 2015-nji ýylyň başynda geçiriljek welaýat we halkara kongreslerine gidip biljekdikleri barada aýdyldy.

Bu çakylygyň maksady daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalara diňe bir kongrese gatnaşmaga däl-de, eýsem, olara maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlary bilen hem görüşmäge kömek etmek. Şeýle-de bu hatda iki tarapyna-da uçuş bilediniň bahasyny guramanyň tölejekdigi barada aýdylýar.

Şeýle çäreler öňem geçirilýärdi, ýöne bu ýyl üýtgeşiklik girizildi. Ýolbaşçylyk maslahatynyň Ýazyjylar komitetiniň ýolbaşçylygynda täze döredilen Bütindünýä baş edaranyň syýahat (BBES) bölümi biletleri sargamalydy.

Dürli ýurtlara çakylyk haty ugradylansoň, BBES bölümine bilet sargamak üçin haýyşnama gelip başlady. 2014-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli gaty köp haýyşnama gelip gowuşdy. Bu bölümiň bellän adamlary bütin dünýäden gelýän uzak wagtly gullukçylaryň aladasyny edip, olar üçin bilet sargady.

Ýolda käbir kynçylyklar ýüze çykdy. Meselem, käbirleri Reýkýawikden (Islandiýa) Koçabamba (Boliwiýa) uçmaly boldy. Käbirleri bolsa, Numeadan (Täze Kaledoniýa) Antananariwa (Madagaskar) uçmaly boldy. Başgalar bolsa, Port-Morsbiden (Papua — Täze Gwineýa) Sietlä (Waşington ştaty, ABŞ) uçdy. Käbirleri Uagadugudan (Burkina-Faso) Winnipege (Kanada) uçdy.

BBES bölüminde gulluk edýän bäş adam 19 müň uçuş biledini sargady. Soňra olar ýygnaklara berilýän pul sadakalaryndan biletleriň puluny alyp, satyn aldylar we biletleri 176 ýurtdaky 4 müň 300-e golaý adama ugratdylar.

Dogan-uýalar bu edilen kömege gaty minnetdar boldular. Bir missioner är-aýal şeýle ýazdy: «Biz şu gün Günorta-Gündogar Aziýa gullugymyzy dowam etmäge dolanýarys. Biz bäş ýyllap gitmedik dogduk mekanymyza Angliýa baryp, dogan-garyndaşlarymyz bilen görüşmäge kömek edendigiňize köp sagbolsun aýdýarys. Siz kömek etmedik bolsaňyz, biz gidip bilmezdik. Biz aladamyzy eden ähli adamlara örän minnetdar!»

Paragwaýda gulluk edýän bir missioner şeýle ýazýar: «Aýalym ikimiz Nýu-Jerside (ABŞ) geçirilen halkara kongrese gatnaşyp bilendigimize minnetdarlyk bildirmek isleýäris. 2011-nji ýylyň başynda bütindünýä baş edaramyzy görmäge Birleşen Ştatlara gitmegi taýýarlyk görüp, pul ýygnap başladyk. Emma şol ýylyň iýun aýynda bizi Paragwaýdaky lallaryň ýygnagyna çagyrdylar. Munuň üçin bolsa köp ýol sökmelidi. Biz köp oýlanyp, Birleşen Ştatlara gitmezlik kararyna geldik. Täze bellenen ýerimizde gulluk etmek amatly bolar ýaly, maşyn satyn aldyk. Soňra bize halkara kongresine gitmäge çakylyk geldi. Şeýdip, arzuwymyz hasyl boldy! Biz Ýehowanyň eden ýagşylygyna we bildiren söýgüsine örän minnetdar».

Malawiýaly bir är-aýal şeýle ýazýar: «Biz kiçijik hatymyzda köp taňryýalkasyn aýdasymyz gelýär. Şeýle uçuşlary gurnamak üçin çekilen zähmeti, sarp edilen wagty hem-de puly göz öňümize-de getirip bilmeýäris. Biz siziň çekýän zähmetiňize, esasanam, Ýehowanyň guramasynyň jomartlyk bildirip, öýümize barmaga we halkara kongrese gatnaşmaga hem-de dogan-garyndaşlarymyz bilen görüşmäge kömek edendigine minnetdar».

BBES bölümde gulluk edýän dogan-uýalar öz edýän işlerini gymmat saýýarlar. Mileýwi şeýle diýýär: «Missionerlere öýüne dolanyp, dost-ýarlary bilen görüşmäge ýardam edendigime örän begenýärin». Doris bolsa şeýle diýýär: «Bu maňa guramanyň daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalary söýýändigine göz ýetirmäge kömek etdi». Bölümiň gözegçisi Rodneý şeýle diýýär: «Bu işe gatnaşmak maňa köp şatlyk getirdi».

Bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň janaýaman gulluk edýän imandaşlaryna bu sowgat üçin pul sadakalaryny berip, söýgüsini bildirmäge mümkinçiligi boldy.