Ýehowanyň Şaýatlarynyň bütindünýä baş edarasy göçýär
2009-njy ýylyň iýul aýynda Ýehowanyň Şaýatlary baş edarany göçürmek üçin Nýu-Ýork ştatynda bir mellek ýer satyn aldylar. Bu mellek 102 gektar bolup, Ýehowanyň Şaýatlarynyň Bruklindäki (Nýu-Ýork) 1909-njy ýyldan bäri ulanýan jaýyndan demirgazyk-gündogarda 80 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Ol ýerde ençeme iş otaglary, ammar, ussahana we dört sany ýaşaýyş jaýy ýerleşdirilip, 800-e golaý Ýehowanyň Şaýatlary ýaşar hem-de işlär. Şeýle-de onda Ýehowanyň Şaýatlarynyň täze taryhy bolan kiçiräk muzeý etmegi planlaşdyrýarlar.
Jaýlar mellegiň 18 gektaryny eýelär, beýleki ýerlerini bolsa tokaý we batgalyk gurşap alar. Ol ýerde güller ekilmän, gaýtam, daş-töwerek ýabany tebigat görnüşinde galar.
Tebigata zyýan ýetirmezlik üçin, arhitektrler jaýlaryň taslamasyny elektrik togy az ulanylar ýaly edip taýýarladylar. Şonuň üçin guruljak binalaryň daş-töwerege täsiri güýçli bolmaz we köp pul harçlanmaz. Meselem, jaýlaryň üçegi ternawdan akýan ýagyş suwlaryny azaltmak üçin ynjyk däl we sowuga çydamly ösümlikler bilen basyrylar. Bu bolsa jaýlaryň gyzgynlygyny şol bir derejede saklamaga mümkinçilik berer. Iş otaglarynyň taslamasy günüň ýagtylygy köpräk düşer ýaly edip taýýarlanyldy. Suwy tygşytly ulanmak meselesine-de köp üns berildi.
Näme üçin baş edarany göçürmeli diýen karara geldiler? Indi Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar diňe Bruklinde däl, eýsem, Ýehowanyň Şaýatlarynyň beýleki filiallarynda-da çap edilip başlandy. 2004-nji ýylda ABŞ-daky çap edilýän ähli enjamlar we edebiýat iberilýän bölüm Uolkill (Nýu-Ýork ştaty) şäherindäki filial bilen birleşdirildi. Ol Brukliniň demirgazyk-günbatar tarapynda takmynan 145 km uzaklykda ýerleşýär.
Şeýle-de edilýän çykdajylar göz öňünde tutuldy. Bruklindäki Beýtel jaýlary bir-birinden uzakda ýerleşýändigi üçin, olaryň aladasyny etmäge köp pul harçlanýardy. Ähli jaýlaryň bir meýdançada gurulmagy bolsa, Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz işini has gowy goldamaga mümkinçilik berer.
Guruljak binalaryň daş-töwerege edýän täsiri anyklanylandan soň, gurluşyk işlerine doly rugsat alsa bolar. Eger rugsat berilse, onda gurluşyk işleri 2013-nji ýylda başlar we dört ýylyň içinde tamamlanar.
Ýehowanyň Şaýatlarynyň Uolkilldäki (Nýu-Ýork ştaty) neşirýat filialyndan başga Pattersonda-da (Nýu-Ýork ştaty) okuw merkezi ýerleşdirilen. Biziň guramamyzyň filiallary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär. Bütin dünýäde 7,5 milliondan gowrak Şaýatlar bar.