Worwigiň tebigaty we haýwanat dünýäsi goralýar
Ýehowanyň Şaýatlary Nýu-Ýork ştatynyň bir obasynda, Sterliňg-Forest (Gök) kölüniň golaýynda täze baş edarasynyň gurluşygyna başladylar. Olar şol ýeriň tebigatyna, haýwanlaryna hem-de ösümliklerine zyýan ýetmez ýaly, näme etdiler?
Ýehowanyň Şaýatlary gurluşyk meýdanynda ýylanlara hem pyşdyllara zeper ýetmez ýaly, onuň daşyna agaçdan wagtlaýyn haýat aýladylar. Olar gurluşyk meýdanyna haýwanlaryň girmezligi üçin, haýady barlap durýardylar. Iş tamamlanyp, gurluşyk meýdanyndaky haýady aýyrmakçy bolanlarynda, ökde hünärmenler şol ýere tötänden giren ýylanlary tutup, zyýan ýetirmän yzyna goýberdiler.
«Gündogar saýrak» guşlarynyň höwürtgeleýän döwründe olary ürküzmez ýaly, baglaryň ir-iýmişleri gyş pasly ýygnaldy. Şaýatlar gurluşyk gutaransoň, guşlar yzyna gaýdyp geler ýaly, höwürtge gutularyny gurdular.
Mundan başga-da, Şaýatlar oktýabrdan mart aýy aralygynda ýitip barýan şlemnik diýen ösümligi ekip, gowy ösdürip ýetişdirmek üçin käbir ýerleri taýýarladylar. Emma Worwigiň gurluşyk meýdanynda bu ösümligiň bitmeýändigine garamazdan, 2007-nji ýyldan bäri Şaýatlar bu ösümligi ösdürmek üçin jan edýärler.
Gurluşyk meýdanynyň golaýynda ýerleşýän Sterliňg-Forest kölünde suwda ýüzýän her dürli guşlar, balyklar, meselem, forel, çüý, okun ýaly balyklar bar. Bu köli goramak üçin, hünärmentler tebigata zyýan ýetirmeýän her dürli usullary ulandylar. Olaryň biri — binalaryň üçeginde gök ösümlikleri ösdürmek. Onuň kömegi bilen, ýagyş suwy arassalanyp, ternawdan suwuň akyşy peselýär. Şeýle-de kölüň ýakasyndaky tebigy ösümlikler goralyp saklanylýar.
Bu gurluşyk işine gatnaşan bir Şaýat şeýle diýýär: «Worwigiň tebigatyny goramak üçin, taýýarlyk işlerine köp wagt gerek bolsa-da, biz muny başardyk».