Sada dilde ýazylan «Garawul diňi»
2011-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, bir ýyl synag hökmünde iňlis dilinde sadalaşdyrylan «Garawul diňi» çap edilip başlandy. Bu neşiriň synag wagty gutaransoň, onuň çap edilmegi häzirem dowam edýär.
2013-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, fransuz, portugal hem ispan dilinde sadalaşdyrylan neşir çykarylar.
Bu neşir iňlis dilindäki ýygnaklara gatnaşýan, ýöne iňlis dili ene dili bolmadyk adamlara kömek edýär.
Ilkinji neşir çykarylyp başlanda, okyjylardan minnetdarlyk hatlary gelip başlady. Liberiýada ýaşaýan 64 ýaşly mekdepde okamadyk, Rebeka atly bir aýal şeýle ýazdy: «Men indi-indi okamagy öwrendim. Öň «Garawul diňini» okanymda, oňa düşünmeýärdim. Sada dilde ýazylan neşiri bolsa haladym, sebäbi oňa gowy düşünýärin».
Köp ene-atalar çagalaryna Ýehowanyň Şaýatlarynyň «Garawul diňi» öwrenilýän duşuşygyna taýýarlanmaga kömek eder ýaly, sada dilde ýazylan neşiri ulanýar.
Üç sany gyz agtygyny terbiýeleýän Rozmeri diýen aýal şeýle sözleri ýazdy: «Agtyklarym bilen „Garawul diňine“ taýýarlanmak kyn bolýardy. Biz köp sözleriň manysyny sözlükden gözleýärdik. Käbir makalalaryň sözlerine düşünmek üçin gaty köp wagt gidýärdi. Agtyklarymyň hem ünsi başga zada sowulýardy. Indi bolsa, köp wagtymyzy aýatlary okap, olaryň tema bilen näme baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanmaga sarp edýäris».