Iki metrlik Mukaddes Kitap
Ýehowanyň Şaýatlaryna Braýlyň harplary bilen (kör adamlar üçin) ýazylan Mukaddes Kitaby sargyt etmeziňizden öň, öýüňizde ony goýar ýaly ýeriň bardygy barada oýlanyň. Braýlyň harplary bilen ýazylan iňlis, ispan we italian dillerindäki «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» 18-den 28 toma çenli bolup, tekjede iki metre golaý ýer tutýar!
Başga görnüşdäki Mukaddes Kitap güberçek kagyzly Mukaddes Kitaba garanyňda has az ýer tutýar. Gözi görmeýän adamlar Braýlyň harplary bolan depderçe arkaly bellik edip hem-de güberip, soňra içine gidýän harplary bolan enjamyň kömegi bilen elektron görnüşinde maglumat alyp bilýärler. Şeýle-de olar ekrandan okaýan programmanyň kömegi bilen gerekli makalany tapyp we diňläp bilýärler.
Ýehowanyň Şaýatlary teksti Braýlyň harplary bilen dürli dile ýazýan kompýuter pragrammasyny hem oýlap tapdylar. Ilki haýsydyr bir dile terjime etmek üçin jedwel taýýarlanylýar, soňra bu programma ony Braýlyň harplary bilen ýazýar. Şeýle-de ol edebiýaty gözi görmeýän adamlara okamaga aňsat bolar ýaly edip taýýarlaýar. Bu programma edebiýatlary, şol sanda Braýlyň harpy bolan islendik dildäki Mukaddes Kitaby, hatda latyn harplary bolmadyk dillere-de çap etmäge mümkinçilik berer.
Ýehowanyň Şaýatlary körler üçin Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary 100 ýyldan gowrak wagt bäri çap edýärler. Häzir olar 19 dilde çykarylýar. Mukaddes Kitap bilen gyzyklanýan gözi görmeýän adamlar şeýle edebiýatlary mugt alyp bilseler-de, olar pul sadakalaryny berýär.
Öňler Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongreslerinde täze edebiýatlaryň çykandygy yglan edilende, Braýlyň harplary bilen çap edilen edebiýaty birnäçe wagtdan soň sargyt edip bolýandygy aýdylýardy. Geçen ýyl ABŞ-daky filialyň agzalary tarapyndan ýygnaklardaky gözi görmeýän adamlardan haýsy kongrese gitjekdikleri, edebiýaty nähili görnüşde (kagyza güberçek görnüşde ýazylan depderçe ýa-da ekrandan okalýan görnüşli) almak isleýändikleri barada sorag etdiler.
Körleriň barýan welaýat kongreslerine kagyza güberçek görnüşde ýazylan edebiýatlar ugradyldy. Netijede, olar täze çykan edebiýatlary hemmeler bilen deň hatarda aldylar. Elektron görnüşindäki edebiýatlar bolsa ýygnaklara kongresden bary-ýogy bir hepde geçenden soň iberildi.
Gözi görmeýän bir mesihçi uýa şeýle diýdi: «Täze çykan edebiýaty hemmeler bilen deň almak nähili şatlykly! Zebur 37:4-de Ýehowanyň ýürek arzuwlarymyzy berjaý edýändigi barada aýdylýar. Ol şu dynç günleri meniňem arzuwymy berjaý etdi!» Bir dogan bolsa aglap: «Meniň aladamy edipdirler. Ýehowa müňde bir şükür edýärin» diýdi.