Esasy materiala geçiň

JW.ORG saýty 300-den gowrak dilde

JW.ORG saýty 300-den gowrak dilde

Jw.org saýtynyň «saýtyň dili» diýen sahypasyna girseňiz, 300-den gowrak dilleriň atlaryny görersiňiz. Şeýle köp dilde çykýan web-saýt tapmasaňyz gerek!

Başga ady belli saýtlar näçe dilde çykýar? Meselem, 2013-nji ýylyň iýul aýynyň hasabatyna görä, «Birleşen Milletler Guramasynyň» web-saýty 6 dilde, Ýewropa Birleşiginiň «Ýewropa» resmi web-saýty 24 dilde, «Google» saýty 71 dilde, «Wikipediýa» 287 dilde çykýar.

Web-saýtymyzy 300-den gowrak dile terjime etmek üçin, ençeme sagatlap işlemeli bolýar! Şu maksat bilen, dürli ýurtlardaky ýüzlerçe Ýehowanyň Şaýatlary Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmak üçin zähmet çekýärler. Iňlis dilinden beýleki dillere terjime ediler ýaly, ýörite toparlar döredildi.

Jw.org saýtynyň köp sahypasyndaky maglumatlar 300-den gowrak dile terjime edildi. Web-saýtyň sahypalarynyň sany 200 müňden hem gowrak boldy!

Jw.org saýty diňe bir giňden ýaýraman, eýsem, ady belli saýtlaryň biri hasaplanýar. Munuň şeýledigini bütindünýä hasabatyna we saýta girýän adamlaryň sanyny hasaplaýan «Aleks» kompaniýasynyň barlaglary tassyklaýar. 87 müňe golaý saýt sahypalarynyň biri bolan «Dinler» diýen bölüminde dünýädäki esasy dinleriň, şol sanda dini edebiýatlaryň we şoňa meňzeş guramalaryň sanawy bar. 2013-nji ýylyň maglumatyna görä, şol sanawda jw.org saýty ikinji orunda durýar. Birinji orunda bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň köp terjimelerini görkezýän söwda-satyk saýty durýardy.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynyň hasabatyna laýyklykda, jw.org saýtyna her gün 890 müňden gowrak adam girýär. Biz, mundan beýlägem, Mukaddes Ýazgylar baradaky maglumatlary ähli ýerdäki adamlara mugtuna ýetirmek isleýäris.