Esasy materiala geçiň

Meksikada we Merkezi Amerikada terjimeçilik işi

Meksikada we Merkezi Amerikada terjimeçilik işi

Meksikada we Merkezi Amerikanyň 6 ýurdunda ýaşaýan takmynan 290 terjimeçi Mukaddes Ýazgylaryň edebiýatlaryny 60-dan gowrak dile terjime edýär. Näme üçin şeýle köp iş edilýärkä? Sebäbi adamlar Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary öz düşünýän dilinde okasalar, olaryň ýüregine has güýçli täsir edýär (1 Korinfliler 14:9).

Terjimäniň has gowy bolmagy üçin, Mehiko şäherindäki Ýehowanyň Şaýatlarynyň filialynda işleýän käbir terjimeçiler terjime edýän dilinde gürleýän adamlaryň ýaşaýan ýerine göçürildi. Bu nähili netije berdi? Terjimeçiler ýerli ýaşaýjylar bilen köpräk gürrüňdeş bolandygy üçin, olar edebiýatlary has düşnükli terjime edip başladylar.

Terjimeçiler bu özgerişlige nähili garady? Nahuatl (gerrero) diline terjime edýän Federiko şeýle diýýär: «Men Mehiko şäherinde 10 ýyla golaý ýaşasam⁠-⁠da, öz dilimde gepleýän ýekeje maşgala duşdum. Ýöne şu wagt terjimeçileriň ofisi şäherlere golaý bolansoň, hemme adam diýen ýaly meniň dilimde gepleýär!»

Meksikanyň Çiuau ştatyndaky ofisde platdoýç diline (nemes diliniň başgaça gepleýiş görnüşi) terjime edýän Karen şeýle diýýär: «Bu ýerde mennonitleriň arasynda ýaşap, olaryň dilinde nähili özgerişleriň bolýandygyna üns berdim. Biz kiçijik şäherde ýaşap işleýäris. Men her gezek penjireden seredenimde, terjimeçilik işimiziň bu ýerdäki adamlara peýda berýändigini görýärin».

Meksikanyň Meride şäherindäki terjimeçileriň ofisinde ýaşaýan Neýfi şeýle diýýär: «Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny maýýa dilinde geçip başlanymyzda, şol dilde gepleýän adamlaryň käbir jümlelere düşünmeýändigine göz ýetirdik. Şonuň üçin biz has adaty terjime etmek üçin, başga jümleleri ulandyk».

Terjime edilen edebiýatlar adamlara nähili peýda berdi? 40 ýaşlaryndaky Elena atly bir aýalyň mysalyna seredeliň. Ol tlapenek dilinde gürleýärdi. Elena Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar. Ýöne duşuşyklaryň ispan dilinde geçirilýändigi üçin, ol hiç zada düşünmeýärdi. Elena şeýle diýýär: «Meniň bar islegim ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmakdy». Ol Mukaddes Ýazgylary tlapenek dilindäki broşýuralardan öwrenip başlansoň, Hudaýa bolan söýgüsi hasam artyp, özüni Ýehowa bagyş edýär we 2013-nji ýylda suwa çümdürilýär. Elena sözüni jemläp, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek eden Ýehowa Hudaýa örän minnetdar».