Esasy materiala geçiň

Göterilýän kitaphana

Göterilýän kitaphana

Ýehowanyň Şaýatlary 2013-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Mukaddes Ýazgylary okamak we öwrenmek üçin «JW Library» telefon programmasyny çykardy. Bu mugt programmada iňlis dilindäki Mukaddes Ýazgylaryň alty sany terjimesi, şol sanda «Korol Ýakowyň terjimesi» we 2013-nji ýylda täzeden seredilen Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesi» bar a.

Programmanyň maksady

Millionlarça adamlar işlemek hem-de habarlaşmak üçin smartfon, planşet we şoňa meňzeş enjamlary ulanmaly bolýarlar. Eger telefon enjamlaryndan jw.org saýty arkaly Mukaddes Ýazgylary okap we öwrenip bolýan bolsa, onda «JW Library» programmasy näme üçin çykaryldyka?

Birinjiden, «JW Library» programmasy bir gezek ýüklenenden soň, Internet aragatnaşygyny ulanmak hökman däl. Ikinjiden, bu programma arkaly aýatlary aňsatlyk bilen tapyp, Mukaddes Ýazgylary giňişleýin öwrenip bolýar. Munuň nädip edilýändigini göreliň.

«JW Library» Mukaddes Ýazgylary gowy özleşdirmäge kömek edýär

«JW Library» programma ilki gireniňde, Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň atlary çykýar. Bir kitaby saýlanyňda, ekranyň ýüzüne şol kitabyň baplary hem çykýar. Bu bolsa gerekli aýady ýa-da parçalary tapmaga kömek edýär. Programmada Mukaddes Ýazgylary özleşdirmäge kömek edýän başga-da birnäçe aýratynlyklar bar:

  • Bir sözüň manysyny we goşmaça maglumatlary görkezýän çykgytlar

  • Parallel aýatlar

  • Bir sözi ýa-da jümläni tapýan gözleg funksiýasy

  • Mukaddes Ýazgylardaky kitaplaryň mazmuny

  • Mukaddes Ýazgylardaky kitaplary ýazan adamyň adyny, nirede we haçan ýazylandygy hem-de ýazylyp gutarylan wagtyny görkezýän tablisa

  • Dürli reňkli kartalar, çarçuwalar we wagt çyzgysy

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ähli edebiýatlary ýaly, «JW Library» programmasy üçin pul alynmaýar. Bu programmanyň çykdajylary pul sadakalarynyň kömegi bilen ödelýär we ol millionlarça gezek ýüklenilip alyndy (2 Korinfliler 9:7). Sizem bu peýdaly we üýtgeşik göterilýän kitaphanany ulanyp görmek isleýärsiňizmi?

a 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda bu programma täzelendi. Indi oňa Ýehowanyň Şaýatlarynyň çykaran «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» broşýurasy we aýdym kitaby girizildi.