Esasy materiala geçiň

Žurnalyň temasyny aýan etmek üçin düşürilýän suratlar

Žurnalyň temasyny aýan etmek üçin düşürilýän suratlar

Suratçylarymyz žurnallarymyzy janlandyrýan we temasyny aýan edýän suratlary nädip düşürýärler? Geliň, 2015-nji ýylyň sentýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň daşky sahypasyndaky suraty taýýarlamak üçin nähili işleriň edilendigine seredeliň a.

  • Taslama. Pattersondaky (Nýu-Ýork) «Garawul diňi» okuw merkezinde ýerleşýän şekillendiriş bölümindäki suratçylar «Pula paýhasly garamak» diýen makalany okanlaryndan soň, tema degişli taslamalary taýýarladylar. Soňra olar taslamalardan birini saýlar ýaly, olary Ýolbaşçylyk maslahatynyň Ýazyjylar komitetine iberdiler.

    Ýazyjylar komitetine hödürlenen daşky sahypa üçin niýetlenen suratlar

  • Surata düşürilen ýer. Suratlar bankda düşürilmedi. «Garawul diňi» okuw merkeziniň zallarynyň biri bank hökmünde ulanyldy b.

  • Surata düşenler. Surata düşenleriň ählisi Ýehowanyň Şaýatlary. Olar uly şäherdäki bankda duran adamlary janlandyrdylar. Şol bir adamlaryň suraty ýygy-ýygydan žurnallarymyzda ulanylmaz ýaly ýörite hasabat ýöredilýär.

  • Esbaplary. Şekillendiriş bölümi bankyň ABŞ-da ýerleşmeýändigini görkezmek üçin başga ýurdyň puluny ulandy. Suratçylar wakany janlandyrmak üçin gerekli esbaplary ulandy. Kreýk atly suratçy: «Hiç bir zady gözden salmaly däl» diýýär.

  • Egin-eşik we daş-keşp. Bankdaky wakany janlandyranlaryň ählisi öz egin-eşiginde surata düşdüler. Emma taryhy wakalar üçin ýörite egin-eşikler gerek bolýar. Munuň üçin şekillendiriş bölümi gözleg geçirip, ýörite eşikleri tikýär. Surata düşýän adamlaryň daş-keşbini taryhy döwre we ýagdaýa görä özgerdýärler. Kreýk şeýle diýýär: «Fotoapparatlaryň ýokary hilli surata düşürýändigi we ekranlaryň örän dury görkezýändigi üçin, biz has-da ünsli bolmaly bolýarys. Kiçijik ýalňyşlyk hem bar eden azabymyzy puja çykaryp bilýär».

  • Surata düşürmek. Bankda surata düşürlende, ýagtylyk gündiziň güni ýaly bolmalydy. Suratçylar her gezek surata düşürenlerinde ýagtylyga (Günüň, Aýyň we emeli yşyga) gözegçilik etmeli bolýar. Şeýle-de berilýän yşyk sahnanyň öz ýagtylygyna we beýan edilýän waka laýyk gelmeli. Kreýk: «Wideodan tapawutlylykda, biz ýekeje surat bilen wakany beýan etmeli bolýarys. Şonuň üçin ýagtylygyň bolmagy örän wajypdyr» diýýär.

  • Owadanlamak we özgertmek. Okyjy puluň haýsy döwlete degişlidigine däl-de, wakadaky gahrymanlara üns berer ýaly, puluň ýüzündäki ýazgy okap bolmaz ýaly edildi. Aslynda, gapynyň we aýnanyň reňki gyzyl bolsa-da, žurnalyň daşky sahypasyna kybapdaş bolar ýaly, suraty owadanlap özgertýänler olary ýaşyl reňke üýtgetdiler.

Surat diňe Pattersonda düşürilmeýär. Dünýäniň çar tarapynda ýerleşýän filiallarda: Awstraliýada, Braziliýada, Germaniýada, Günorta Afrikada, Kanadada, Koreýada, Malawide, Meksikada we Ýaponiýada edebiýatlarymyz üçin surata düşürip biljek suratçylarymyz bar. Her aý Pattersondaky şekillendiriş bölüminiň maglumat bazasyna 2 500 surat goşulýar. Olaryň köpüsi «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallarynda ulanyldy. 2015-nji ýylda her aý şol žurnallaryň 115 million sanysy çap edildi. Bu barada köpräk bilmek üçin Pattersondaky okuw merkezine we dünýäniň dürli künjeginde ýerleşýän filiallarymyzy baryp bilersiňiz.

Žurnal wagyzda hödür edilýär

a Daşky sahypa üçin düşürilýän suratlaryň hemmesi ulanylmaýar. Suratlaryň köpüsi arhiwe goşulýar we soňra başga edebiýatlar üçin ulanylýar.

b Şekillendiriş bölümi suratlary köçede düşürmek üçin şäher häkimliginden rugsat alýar. Olar muňa näçe adamyň gatnaşjakdygyny, näçeräk enjamyň we nähili yşygyň ulanyljakdygyny habar berýärler.