Esasy materiala geçiň

Botswanadaky sergide üýtgeşik dürdäneler görkezildi

Botswanadaky sergide üýtgeşik dürdäneler görkezildi

Almazyň iň köp çykýan ýeri Botswanada 2016-njy ýylyň awgust aýynyň 22-sinden 28-ine çenli Ýehowanyň Şaýatlary «Botswana Consumer» atly sergä gelen adamlara üýtgeşik dürdäneleri görkezdiler. Onda Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar, jw.org web-saýty we maşgalanyň agzybirligini berkidýän wideolar görkezildi.

Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri ulanmagyň peýdalydygyny öwredýän «Ýehowanyň dosty boluň» diýen multfilmleriň ýygyndysy ene-atalaryň hem çagalaryň ünsüni özüne çekdi. Botswananyň milli dili bolan setswana dilinde wideolaryň az bolandygy üçin, sergä gelen adamlar olary nireden alyp bolýandygyny soradylar.

Ýurduň ähli künjeginden gelen adamlar 10 müňe golaý edebiýatlaryň çap edilen görnüşini aldylar. 120 adam bolsa, özleri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny mugtuna geçmegi haýyş etdiler. Şonda köp adamlar iňlis hem-de setswana dilinde gürleýän Şaýatlaryň eginme-egin işleşýändigini görüp, haýran galdylar.

Serginiň emin agzalary stendlere baha berende, Ýehowanyň Şaýatlaryna birinji orny berdiler.