Wagyz etmek üçin deňziň düýbünden geçýärler
Germaniýanyň günbatar kenarýakasyndaky Şlezwig-Golşteýn diýen ýerde, Demirgazyk deňziniň golaýynda Halligen atly kiçi hem dagynyk ýerleşýän adalar bar. Ýehowanyň Şaýatlary bu ýerde ýaşaýan adamlara Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary nädip ýetirýärkä? (Matta 24:14).
Olar käbir adalara gaýyklarda barýar. Emma Ýehowanyň Şaýatlarynyň kiçiräk topary başga adalarda ýaşaýan adamlar bilen habarlaşmak üçin başga usuly ulanýar. Olar 5 km-e golaý ýol ýöräp, deňziň düýbi bilen geçýär. Eýsem, beýle zat bolup bilermi?
Gaýtgynlar kömek edýär
Munuň bir syry — gaýtgynlar. Her alty sagatdan Halligen adalarynyň golaýyndaky Demirgazyk deňziniň derejesi 3 metre çenli ýokary galýar ýa-da pese düşýär. Suw yza çekilende, deňziň düýbi görünýär. Şonda Şaýatlar şol ýerdäki üç ada ýöräp barýar.
Olar bu ýoly nädip geçýär? Bu ýoly gowy bilýän Ulrih şeýle diýýär: «Halligen adalarynyň birine barmak üçin, iki sagada golaý ýöremeli bolýar. Biz köplenç aýakýalaň ýöreýäris. Şonda ýöremek gowy hem-de amatly bolýar. Emma howa sowuk bolanda, aýakgaplarymyzy geýýäris».
Munuň ýaly ýeri ne huşuňda, ne-de düýşüňde görüp bolýar. Ulrih şeýle diýýär: «Sen özüňi edil başga planetada ýaly duýýarsyň. Deňziň düýbüniň käbir bölegi hapa, başga ýeri daşly, galan ýerlerini bolsa suw otlary basypdyr. Ol ýerde birgiden deňiz guşlaryny, leňňeçleri hem-de beýleki haýwanlary görse bolýar». Käte Şaýatlar topar bolup suw yza çekilende, nemes dilinde «Priýeli» diýilýän kiçiräk çeşmeden geçýär.
Emma bu ýerden geçeniňde, käbir howp-hatarlara-da uçraýarsyň. Ulrih şeýle duýdurýar: «Ol ýerde azaşmagyň mümkin, esasanam, ümürli howa bolanda. Şonuň üçin biz ýanymyza kompas bilen nawigatory (GPS) alýarys we suw yzyna gaýtmanka, kenara ýeter ýaly, gaýtgyn, daşgynyň wagty ýazylan grafige ünsli seredýäris».
Bu iş şonça ýol sökeniňe degýärmi? Ulrih «Garawul diňi» hem-de «Oýanyň!» žurnallaryny yzygider alýan 90 ýaşly bir adam bilen bolan wakany gürrüň berýär. «Bir gezek wagtymyz az bolany üçin, şol adamyňka baryp bilmedik. Gaýdyp barýarkak, ol adam tigirli yzymyzdan ýetip: „Siz näme maňa „Garawul diňi“ žurnalymy berjek dälmi?!“ diýdi. Elbetde, biz begenip, oňa žurnaly gowşurdyk».