Esasy materiala geçiň

«Hudaýyň adamlara beren sowgady». «Hazynalar şäherinde» geçirilen kitap sergisi

«Hudaýyň adamlara beren sowgady». «Hazynalar şäherinde» geçirilen kitap sergisi

Rumyniýanyň iň uly şäherleriniň biri Kluž-Napoka «Hazynalar şäheri» diýip tanalýar. 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 20—24-i aralygynda şol şäherde «Gaudeamus» atly kitap sergisi geçirildi. Onda Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Ýazgylardaky ruhy hem-de ahlak taýdan arassa bolmaga kömek edýän maglumatlar bilen paýlaşdylar. Şaýatlar sergä goýlan wideolar, Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar bilen gyzyklanan müňlerçe adamlar bilen pikir alyşdylar.

Köp sanly mekdep okuwçylary sergi geçirilýän ýere aýlandylar we mugallymlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň sergide goýan zatlaryny olara görkezdiler. Okuwçylara «Ýehowanyň dosty boluň» atly multfilmleriň ählisi hasam ýarady. Olaryň köpüsi «Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar» kitabyny we «Çagalaryňyza öwrediň» atly broşýurany aldylar. Çagalara seredýän bir işgär janlandyrylan suratly wideolary görüp, işdeşine: «Bu saýtyň salgysyny (www. jw.org) ýazyp alaly. Soň ondaky multfilmleriň baryny çagalara görkezeris» diýdi.

Ýetginjek okuwçylar planşetde görkezilýän janlandyrylan suratly wideolary, meselem, «Söýgümi ýa-da aşyklyk?», «Interneti paýhasly ulan!» we «Garagollara gaýtawul bermän garşy duruň!» diýen wideolary haladylar.

Hristian buthanasynyň bir ruhanysy aýaly bilen sergä birnäçe gezek gelip, Mukaddes Ýazgylaryň «Täze dünýä terjimesini» we käbir broşýuralary aldy. Ruhany «Mukaddes Ýazgylardaky sözleriň indeksiniň» hem-de terjimeçileriň ygtybarly maglumatlary ulanmagynyň hasam ýarandygyny aýtdy. Ol Şaýatlara telefon belgisini berip, Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeş bolar ýaly, özi bilen habarlaşmagyny sorady.

Ruhanynyň aýaly jw.org saýtyndan çagalary terbiýelemek barada maglumaty nireden tapyp bolup bolýandygyny sorady. Oňa saýtymyzyň «Çagalar» diýen bölümine girmelidigini görkezdiler. Ol «Dogruçyl bol» atly multfilmi görüp, gaty begendi. Saýtymyzyň şu we başga-da aýratynlygyny bilip, ýaňky ruhany «Bu Hudaýyň adamlara beren sowgady» diýdi.