Esasy materiala geçiň

Bütindünýä wagyz kampaniýasy jw.org saýtyny hasam tanymal etdi

Bütindünýä wagyz kampaniýasy jw.org saýtyny hasam tanymal etdi

2014-nji ýylyň awgust aýynda Ýehowanyň Şaýatlary jw.org saýtymyza girmäge höweslendirýän kitapçalary bütin dünýäde paýladylar. Şol aý 20 göterimden gowrak, ýagny 65 million adam saýtymyza girdi. Ýer ýüzi boýunça, geçen aýa garanda, 67 göterimden gowrak, ýagny 10 müňe golaý adam saýt arkaly mugtuna Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş etdiler. Bu wagyz kampaniýasy dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlara kömek etdi.

Wajyp soraglara jogap gözleýän adamlara kömek

Kanadadaky Ýehowanyň bir Şaýady liftde Madelina atly aýala wagyz kampaniýasynda paýlanylýan «Wajyp soraglara kim jogap berip biler?» atly kitapçany görkezýär. Şonda ol aýal geçen agşam balkonyna çykyp, şeýle soraglaryň jogabyny tapmak üçin, Hudaýdan kömek sorap diländigini aýdýar. Madelina öň birnäçe buthanalara baryp, Mukaddes Ýazgylardan okuw geçmeklerini haýyş edipdi, ýöne oňa hiç kömek etmedi. Biraz wagtdan ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar.

Mukaddes Ýazgylar barada bilmeýän adamlara kömek

Filippinde Rowena atly Ýehowanyň Şaýady restoranyň öňünde duran bir hytaýly adam bilen gepleşýär. Ol kitapçany şol adama berip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň mugtuna Mukaddes Ýazgylardan bilim teklip edýändigini aýdýar.

Ol adam Mukaddes Ýazgylary ömründe birinji gezek görýändigini aýdýar. Rowena ony Ýehowanyň Şaýatlarynyň geçirýän kongresine çagyrýar. Ol kongrese baransoň, Mukaddes Ýazgylar hakda köpräk bilesi gelýändigini we ony web-saýtymyzdan ýükläp aljakdygyny aýdýar.

Lal adamlara kömek

Ispaniýada ýaşaýan Gulermo özi ýaly lal Jorj atly klasdaşyna duşýar. Jorj ýaňy-ýakynda ejesiniň aradan çykandygyny we käbir zatlara şübhelenýändigini hem-de birnäçe soraglarynyň bardygyny aýtdy. Gulermo oňa kampaniýada paýlanylýan kitapçany berip, jw.org saýtyndan lallaryň dilinde köp soraglarynyň jogabyny tapyp bolýandygyny düşündirýär. Şeýle-de Gulermo ony Ýygnak jaýynda geçirilýän duşuşyga çagyrdy. Jorj Ýygnak jaýyndan 60 km uzakda ýaşaýan hem bolsa, duşuşyga gelýär we şondan soň olaryň birini⁠-⁠de sypdyrmaýar.

Uzak ýerlerde ýaşaýan adamlara kömek

Grelandiýaly Ýehowanyň Şaýady bolan bir är-aýal köp pul töläp, 280 adam ýaşaýan bir ýere barmak üçin, kiçi gaýykda 6 sagatlyk ýol geçýär. Olar şol ýerde wagyz edip, kitapçalary paýlaýar we jw.org saýtymyzdan greland dilinde wideo görkezýär. Mundan başga⁠-⁠da, olar bir är-aýal bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Häzir olar hepdede iki gezek telefon arkaly okuw geçýär.

Şeýle wagyz diňe bir uzak demirgazykda edilmeýär. Nikaragualy Şaýatlar Karib jeňňelinde ýaşaýan maýangna dilinde gürleýän adamlara kitapçalary paýlamagy planlaşdyrýar. Olar köne awtobusda çukurly ýollardan 20 sagat durman gidýär. Barmaly ýerine ýetmek üçin, 11 sagatlap pyýada, käte bolsa palçykly ýerlerden ýöreýärler. Şol ýerde olar kitapçalary paýlap, maýangna dilinde wideolary görkezýär. Muny gören adamlar gaty haýran galyp, begenýär.

Estela atly bir aýal Braziliýadaky Amazon tokaýlygynda ýerleşýän kiçi şäherden geçip barýan bir adama kitapça berýär. Ol kitapçany alyp, ony göwünli-göwünsiz jübüsine salýar. Ol adam öýüne barýarka, gaýygynyň motory döwlüp, derýanyň ortarasynda galýar. Ol kömege garaşýan wagty kitapçany okaýar. El telefonyndan jw.org saýtyna girip, birnäçe makalalary okaýar we käbir wideolary ýükläp alýar. Birnäçe günden ol adam Estelanyň ýanýoldaşyna duşup, oňa kitapça üçin köp sagbolsun aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Men derýanyň ortarasynda özümi ýeke we taşlanan ýaly duýdum. Ýöne kömege gelýänçäler, makalalary okap rahatlandym. Çagalarym hem Aman baradaky multfilmleri gaty gowy görýär. Men jw.org saýtyna girip duraryn».