Mukaddes Ýazgylardaky hoş habar demirgazyk ýurtlaryň çet ýerlerine ýetirilýär
2014-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary Ýewropanyň hem-de Demirgazyk Amerikanyň çet ýerlerine ýetirmek barada ýörite duşuşyk geçirip, görkezme berdi (Resullaryň işleri 1:8). Duşuşygyň başynda Alýaskada (ABŞ), Laplandiýada (Finlandiýa), Nunawut we Demirgazyk-günbatar territoriýalarda (Kanada) wagyz etmäge üns berildi.
Ýehowanyň Şaýatlary onlarça ýyldan bäri şol ýerlerde wagyz edýärler. Ýöne olar ol ýerde az wagtlyk galyp, diňe Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary paýlaýardylar.
Täze görkezmä görä, filial demirgazyk ýurtlaryň çet ýerlerinde alnyp barylýan wagyz işine gözegçilik edip, uzak wagtly gullukçylary (pionerleri) şol ýerlere azyndan üç aý belledi. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge isleg bildirýän adamlaryň sany hasam artýardy, wagyzçylar ol ýerlerde uzak wagtlyk galdylar we ýygnak duşuşyklaryny geçirip başladylar.
Elbetde, demirgazyk ýurtlarda gulluk etmek aňsat däldi. Günorta Kaliforniýa we Jorjiýa ştatynda (ABŞ) ýaşaýan iki pioneri Alýaskadaky Barrou şäherine belleýärler. Bu ýerde howanyň sowuklygy 38 gradusa ýetýärdi. Olar ilkinji gezek gyşy görýärdiler! Olaryň bu ýere gelenine bary-ýogy birnäçe aý geçensoň, şäherdäki ähli adamlaryň diýen ýaly öýüne baryp, dört adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Olaryň arasynda Jon diýen bir ýaş ýigit bardy. Ol halaşýan gyzy bilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby öwrenip, bilen zatlaryny dostlaryna hem-de işdeşlerine gürrüň berip başlady. Şeýle-de ol telefonyndan JW Library programmasyndaky «Mukaddes Ýazgylary her gün öwreneliň» diýen broşýurany günde okaýardy.
Nunawut (Kanada) şäherindäki Rankin bogazyna ýöräp baryp bolmaýardy. Şol sebäpli iki sany pioner kiçiräk uçarda şol ýere baryp, birnäçe adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Bir adama «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkezenlerinden soň, ol öz ýaşaýan ýerinde Ýygnak jaýynyň haçan guruljakdygyny sorady. Ol sözüni dowam edip: «Eger siz bärde Ýygnak jaýyňyzy gursaňyz, men oňa hökman bararyn» diýdi.
Adamlardanam on esse köpräk demirgazyk sugunlarynyň mekany bolan Finlandiýanyň Sawukoski diýen ýerine bellenen pionerler: «Bu ýerde howa diýseň sowuk we gaty köp gar ýagýar» diýip habar berdiler. Ýöne olar gowy wagtda barandygyny aýtdylar. Näme üçin? Pionerler bu hakda şeýle diýýär: «Biz tutuş territoriýa aýlanyp çykdyk. Obalara we çet ýerlere barýan ýollar sürlüp, tekizlenipdi. Howanyň sowukdygy üçin bolsa adamlar köplenç öýünde bolýardy».
Biziň demirgazyk ýurtlaryň çet ýerlerine Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty ýetirmek üçin edýän tagallalarymyz şol ýerdäki adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Iki sany pioner Alýaskadaky bir şäheriň häkimine wagyz edeninden soň, häkim bir teleýaýlymda Şaýatlar bilen gowy gürrüňdeşlik edendigi hakda aýdyp, «Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen kitapçany hem görkezdi.
Alýaskanyň Heýns diýen ýerinde iki pioneri bir uly kitaphanada geçirilen 8 sany maslahatda uly şowhun bilen garşy aldylar. Şol ýerde çykýan bir gazetde Tehasdan hem-de Demirgazyk Karolinadan gelen şol iki Şaýadyň şäherdäki ýaşaýjylaryň her biriniň öýüne baryp, Mukaddes Ýazgylardan bilim almagy teklip edendikleri hakda habar berildi. Gazetdäki habaryň iň soňunda: «Köpräk bilmek isleseňiz, jw.org saýtyna giriň» diýildi.