Esasy materiala geçiň

Parižde Mukaddes Ýazgylardaky umyt barada aýdylýar

Parižde Mukaddes Ýazgylardaky umyt barada aýdylýar

2015-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabr aralygynda Parižde (Fransiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň «Howa şertleriniň üýtgemegi» atly halkara konferensiýasy geçirildi. Oňa 195 ýurduň wekilleri gatnaşyp, adamlaryň bütindünýä howa şertlerine ýetirýän zyýanynyň öňüni almak hakdaky meselä seretdiler. Konferensiýa takmynan 38 müň adam, şol sanda döwlet işgärleri, alymlar, tebigaty goraýanlar we telekeçiler gatnaşdy. 10 müňlerçe adamlar bolsa howa şertleriniň üýtgeýşi hakda has köpräk bilmek üçin, golaýdaky maglumat berilýän ýere bardylar.

Elbetde, Ýehowanyň Şaýatlary konferensiýa gatnaşmasalar⁠-⁠da, tebigaty goramaga biparh garamaýarlar. Olaryň ýüzlerçesi Parižde geçirilen öz ýörite wagyz kampaniýasyna gatnaşyp, Mukaddes Ýazgylardaky umyt, ýagny ýer şarynyň arassa boljakdygy barada aýtdylar.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň biri köpçülik ulagynda Perudan gelen milli eşikli bir adam bilen gürrüňdeş boldy. Ol adam owadan daglyk ýerde ýaşaýandygyny we sagdyndygyny aýtdy. Emma ol gelejekde ýer şaryna näme bolar diýip alada edýärdi. Umyt berýän habary eşidende, bu oňa gaty gowy täsir etdi, ol begenip ýylgyrdy⁠-⁠da, jw.org saýtymyzyň kartoçkasyny aldy.

Başga iki Şaýat bolsa, otluda amerikaly tebigaty goraýan hünärmen bilen gepleşdi. Ol Ýehowanyň Şaýatlarynyň Wolkildäki (Nýu-Ýork, ABŞ) filialynyň täze iki binalarynyň gurluşygy hem⁠-⁠de ekologiýa zyýan ýetirmeýän taslamasy üçin «Grin Býuldiň Inişitiw» kompaniýasynyň «Dört ýaşyl globus» baýragyny iki gezek alandyklaryny bilende, diýseň haýran galdy. Ol hem jw.org kartoçkasyny höwes bilen aldy.

Şaýatlaryň tebigaty goramak üçin jan edýändikleri ençeme adamlara gowy täsir etdi we olaryň köpüsi web-saýtymyza girjekdigini aýtdylar. Konferensiýa gatnaşan kanadaly bir aýal Ýehowanyň Şaýatlarynyň Worwikde (Nýu-Ýork) ýerleşýän täze baş edarasynyň töwereginde höwürtgeleýän gündogar sialiýa guşlaryny goramak üçin edýän tagallasy hakda eşidip, şeýle diýdi: «Tebigaty goramazdan öň, men ornitolog (guşlary öwrenýän adam) bolup işleýärdim. Men öň Şaýatlaryň haýwanat dünýäsini şeýle goraýandygyny bilmeýärdim. Indi men siz hakda köpräk bilmek üçin, saýtyňyza girip, edebiýatlaryňyzy okaryn!»