Ýehowanyň Şaýatlary ýas tutmaklyga nähili garaýar?
Biz ýas bilen bagly meselede Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna eýerýäris. Aşakda olaryň käbirleri getirilýär:
Aradan çykan dogan-garyndaşlaryň üçin gynanmak adaty zat. Isa pygamberiň şägirtleri hem dogan-garyndaşlary aradan çykanda, hasrat çekipdiler (Ýahýa 11:33—35, 38; Resullar 8:2; 9:39). Şol sebäpli biz oňa oturylyşyk hökmünde garamaýarys (Nesihat 3:1, 4; 7:1—4). Gaýtam, aradan çykan adamyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris (Rimliler 12:15).
Ölen adamlar hiç zady bilmeýär. Biz haýsy millete ýa-da medeniýete degişlidigimize garamazdan,«ölen adamlaryň ruhy ýaşaýar we bize täsir edýär» diýen Mukaddes Kitaba esaslanmadyk dini taglymatlardan hem-de däp-dessurlardan gaça durýarys (Nesihat 9:5, 6, 10). Olara öliniň ýanynda tutuş gije oturmak, onuň hatyrasyna uludan ýas tutmak, belli günleri bellemek, öliniň ruhuny razy etmek üçin gurban bermek, merhumlar bilen gepleşmek, kömek üçin olara ýüz tutmak we aýallaryň dul galandygyny görkezýän dini adatlara eýermek ýaly zatlar degişli. Biz şeýle däp-dessurlaryň ählisinden gaça durup, Mukaddes Kitapdaky: «Olardan aýrylyň. Haram zatlara el degirmäň» diýen tabşyryga gulak asyp ýaşaýarys (2 Korinfliler 6:17).
Ölen adamlar üçin umyt bar. Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direljekdigi we ölümiň gaýdyp bolmajakdygy aýdylýar (Resullar 24:15; Ylham 21:4). Bu umyt irki mesihçiler ýaly bize-de çendenaşa hasrat çekmezlige kömek edýär (1 Selanikliler 4:13).
Mukaddes Kitapda pespäl bolmak maslahat berilýär (Nakyllar 11:2). Biz ýas tutmaklyga wezipäňi ýa-da baýlygyňy görkezip, «zadyňa öwünmek» hökmünde garamaýarys (1 Ýahýa 2:16). Şol sebäpli biz gymmatbaha tabyt sargyt etmeýäris, ýasa gelen adamlary garşy alanymyzda, uludan oturylyşyk ýa-da olarda täsir galdyrmak üçin ýas bilen bagly dabaralary gurnamaýarys.
Biz ýas bilen bagly ynançlarymyzy başgalara eýertjek bolmaýarys. Bu meselede biz: «Her birimiz eden işlerimiz üçin Hudaýyň öňünde jogap bereris» diýen prinsipe eýerýäris (Rimliler 14:12). Emma mümkinçilik dörände, biz dini ynançlarymyz barada «ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen» düşündirmäge çalyşýarys (1 Petrus 3:15).
Ýehowanyň Şaýatlary ölen adamy nädip jaýlaýar?
Geçirilýän ýeri: Ýehowanyň Şaýatlary ölini jaýlajak bolanlarynda, «Ýygnak jaýynda», merhumyň öýünde, mazarçylykda we şuňa meňzeş ýerlerde ýygnanyşýarlar.
Nutuk: Adatça, ölen adamyň hossarlaryna göwünlik bermek üçin Mukaddes Kitaba esaslanan nutuk bilen çykyş edilýär; onda ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygy we direlişe bolan umyt hakda gürrüň berilýär (Ýahýa 11:25; Rimliler 5:12; 2 Petrus 3:13). Şeýle-de nutukda aradan çykan adamyň gowy häsiýetleri we onuň Hudaýa wepalylygyndan näme öwrenip biljekdigimiz bellenilýär (2 Şamuwel 1:17—27).
Ýygnanyşan adamlar Mukaddes Kitaba esaslanan nagmalary hem aýdyp biler (Koloslylar 3:16). Soňra hasrat çekýän adamlara göwünlik bermek maksady bilen Hudaýa dileg ediler (Filipililer 4:6, 7).
Zähmet haky: Ýygnak duşuşyklarymyzda bolşy ýaly, biz imandaşlarymyzdan çekýän zähmetimiz, şol sanda ýas bilen bagly berýän kömegimiz üçin pul almaýarys (Matta 10:8).
Gatnaşýanlar: Ýas bilen bagly çäre Ýygnak jaýynda ýa-da başga ýerde geçirilse-de, oňa islendik adam we şol sanda Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlar hem gatnaşyp bilýär.
Ýehowanyň Şaýatlary başga dindäki adamlaryň ýasyna barýarmy?
Bu meselede her bir mesihçi Mukaddes Kitap esasynda terbiýelenen ynsabyna görä karara gelýär (1 Timoteos 1:19). Emma biz Mukaddes Kitaba garşy gelýän dini däp-dessurlara gatnaşmaýarys (2 Korinfliler 6:14—17).