Ýehowanyň Şaýatlary hristianmy?
Ýok. Biz hristian dinine degişli däl. Ýöne Mukaddes Kitap esasynda biz özümizi «mesihçiler» diýip atlandyrýarys. Munuň birnäçe sebäbi bar:
Biz Isa Mesihiň taglymatlaryna we göreldesine eýermäge çalyşýarys (1 Petrus 2:21).
Biz «gök astynda Isa Mesihden başga hiç kime adamlary halas etmäge ygtyýar berilmändigine» ynanýarys (Resullar 4:12).
Adamlar Ýehowanyň Şaýady bolanda, Isanyň ady bilen suwa çümdürilýärler (Matta 28:18, 19).
Biz Hudaýa Isanyň ady arkaly doga edýäris (Ýahýa 15:16).
Biz Hudaýyň Isany ähli adamlaryň üstünden patyşa edip belländigine ynanýarys (1 Timoteos 6:15).
Emma biz özlerini hristian diýip atlandyrýan dini toparlardan ençeme sebäplere görä tapawutlanýarys. Mysal üçin, biz Mukaddes Kitaba görä Isanyň Üç ýüzli hudaýyň bir bölegi däl-de, Hudaýyň Ogludygyna ynanýarys (Markus 12:29). Biz ölmeýän ruh we Hudaýyň adamlary dowzahda ebedi jezalandyrýandygy baradaky taglymatlaryň Mukaddes Kitaba esaslanmaýandygyna ýa-da Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän adamlaryň hiç hili dini titullarynyň bolmaly däldigine ynanýarys (Nesihat 9:5; Hyzkyl 18:4; Matta 23:8—10).