Ýehowanyň Şaýatlary lukmançylyk bejergilerini alýarmy?
Hawa. Ýehowanyň Şaýatlary medisina kömeginden we bejergiden ýüz öwürmeýärler. Biz saglygymyzyň aladasyny etmek üçin «lukmanyň... gerekdigine» düşünýäris (Luka 5:31). I asyrda ýaşan Luka şägirt ýaly, şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri lukman bolup işleýärler (Koloslylar 4:14).
Biz Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelýän bejergileri almakdan gaça durýarys. Meselem, Mukaddes Kitapda gandan gaça durmalydygy barada aýdylýar. Şol sebäpli biz hatda janymyzy halas etmek üçinem gan goýbertmeýäris (Resullar 15:20). Şeýle-de Mukaddes Kitap jadygöýlük bilen bagly bejergileri almakdan gaça durmagy ündeýär (Galatýalylar 5:19—21).
Aslynda, lukmançylyk bejergileriniň ählisi Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelmeýär. Şeýle ýagdaýda her kim öz ynsabyna görä karara gelip biler. Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlarynyň bejergi babatda gelýän kararlary biri-biriniňkiden tapawutlanmagy mümkin (Galatýalylar 6:5).