Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin gan goýbertmeýärler?
Giňden ýaýran nädogry düşünje
Ýalan: Ýehowanyň Şaýatlary lukmançylyk kömegine we bejergilerine ynanmaýarlar.
Hakykat: Biz özümiz hem-de maşgalamyz üçin iň gowy bejergileri almaga jan edýäris. Syrkawlanymyzda gansyz bejergi berýän tejribeli lukmanlara we hirurglara ýüz tutýarys. Biz lukmanlaryň ýeten üstünliginiň gadyryny bilip, ondan peýdalanýarys. Has dogrusy, Ýehowanyň Şaýatlary üçin oýlanylyp tapylan gansyz bejergiler şu günler bütin dünýäde giňden ulanylýar. Köp ýurtlarda syrkawlan adamlar gansyz bejergini alyp, gan arkaly geçýän kesellerden, immunitetiň peselmeginden we lukmanlaryň goýberýän ýalňyşlyklaryndan ejir çekmeýärler.
Ýalan: Ýehowanyň Şaýatlary: «Hudaýa ynansaň sagalýarsyň» diýýärler.
Hakykat: Biz Hudaýyň gudrat arkaly sagaltjakdygyna ynanmaýarys.
Ýalan: Adamlar gansyz bejergi örän gymmat diýip pikir edýärler.
Hakykat: Gansyz bejergini almak elýeterli a.
Ýalan: Her ýyl gan goýbertmeýändigi üçin ençeme Ýehowanyň Şaýatlary, hatda olaryň çagalary-da aradan çykýar.
Hakykat: Bu ýöne bir boş gürrüň. Hirurglaryň köpüsi ýürek, ortopet (süňk) we içgi organlary çalyşmak ýaly agyr operasiýalary gansyz geçirýärler b. Gansyz bejergini alan adamlar, hatda çagalaram gan goýberen syrkawlar bilen deň derejede sagalýar, käte olardanam tiz aýaga galýar c. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, adam gan goýberilse ýaşar, goýberilmese ýaşamaz diýip bolmaýar.
Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin gan goýbertmeýärler?
Biziň gan baradaky düşünjämiz diňe bir lukmançylyk bilen däl-de, dini ynançlarymyz bilenem baglanyşykly. Sebäbi gan goýbertmezlik barada hem Töwratda, hem Injilde anyk tabşyryk berilýär (1 Musa 9:4; 3 Musa 17:10; 5 Musa 12:23; Resullar 15:28, 29). Şeýle-de Hudaýyň nazarynda gan ýaşaýşy aňladýar (3 Musa 17:14). Biz diňe bir Hudaýa gulak asýandygymyz üçin däl, eýsem, ýaşaýşy sowgat beren Ýaradyja hormat goýýandygymyz üçin gan goýbertmeýäris.
Lukmanlar pikirini üýtgedýär
Bir wagtlar lukmanlar gan goýbertmeýän adamlary öz janyna kast edýän, hatda ganhor hasaplaýardylar. Emma wagtyň geçmegi bilen olar garaýşyny özgertdi. Meselem, 2004-nji ýylda lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly bir žurnalda: «Ýehowanyň Şaýatlaryny bejermek üçin oýlanylyp tapylan usullar tizden bütin dünýäde ulanylar» diýilýär d. 2010-njy ýylda çykan «Ýürek, öýken we gan aýlanyş» diýen žurnalyň bir makalasynda: «Gansyz operasiýa diňe Ýehowanyň Şaýatlarynda däl-de, her günki edilýän operasiýalarda ulanylmaly» diýilýär.
Şu günlerem müňlerçe lukmanlar agyr operasiýa edenlerinde gansyz bejerginiň usullaryndan peýdalanýarlar. Hatda ösýän ýurtlarda-da Ýehowanyň Şaýady bolmadyk köp adamlar şeýle usullar arkaly bejergi almak isleýärler.
a Serediň: «Transfusion and Apheresis Science», Volume 33, No. 3, p. 349.
b Serediň: «The Journal of Thoracic and Cardiovascular Surgery», Volume 134, No. 2, pp. 287-288; «Texas Heart Institute Journal», Volume 38, No. 5, p. 563; «Basics of Blood Management», p. 2; and «Continuing Education in Anaesthesia», «Critical Care & Pain», Volume 4, No. 2, p. 39.
c Serediň: «The Journal of Thoracic and Cardiovascular Surgery», Volume 89, No. 6, p. 918; and «Heart, Lung and Circulation», Volume 19, p. 658.
d «Continuing Education in Anaesthesia, Critical Care & Pain», Volume 4, No. 2, page 39.